Arkadagyň döwletlilik taglymaty

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby şeýle buýsançly jümleler bilen başlanýar: «Eziz il-halkym! Asmandan arkaly, Zeminde zynatly ajaýyp Watanymyzyň taryhynyň beýik eýýamyna gadam basdyk. Bu eýýamyň anyk mazmuny adam gymmatlygynda jemlenendir. Bu eýýamyň maksatlary hem adam gymmatlygyndadyr. Ösen häzirki eýýamyň täzeçilligi adam gymmatlygyna esaslanýar». Bu ganatly sözleriň durmuş hakykatydygyny her ädimde görmek bolýar.
Milli Liderimiziň tagallasy bilen, her ýyl bellenilip geçilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni guwandyryjy dabaralara beslenýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen şu ýylymyzda bu nurana baýramçylygyň çäginde Lebap welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligi adam hakyndaky aladalaryň güwäsi bolan beýik işler bilen utgaşdy. Bu dabaralara hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy türkmeniň döwletlilik ýörelgesiniň şu günki günüň ösen jemgyýetçilik gurluşynda mynasyp dowam etdirilmesi boldy. Çünki il-ýurt bähbitli beýik işleriň başynda çuňňur hormatlanylýan şahsyýetiň durup, oňa ak pata bermegi türkmeniň ata-babadan gelýän asylly dessurydyr. Şeýle edilende başy tutulan işiň düşümli boljakdygyna bolan mizemez ynam milletiň kalbynda hemişelik ýaşaýar. Şol mizemez ynamyň ýöne ýerden döremeýändigini Medeniýet hepdeliginde bolan wakalar bütin aýdyňlygy bilen aýan etdi. Gahryman Arkadagymyzyň rysgal-bereketli Lebap topragyna goýan mübärek gadamy, bu welaýatyň edermen gallaçylarynyň şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habar bilen utgaşdy.
«Bugdaýy bolanyň aýdymy bolar!» diýen ganatly sözler bar. Gallaçy daýhanlaryň zähmet üstünlikleri türkmen saçagynyň berekediniň egsilmejekdiginiň alamaty bolup, toýlarda bişiriljek pişmedir çelpek, gatlamadyr külçe ýaly datly tagamlary aňyňa getirip, gözüňi hem göwnüňi dokundyrýar. Diýmek, galla bolçulygy bolsa, toý bolar, aýdym bolar, saz bolar! Çünki durmuşdaky ähli gowulyklar, şatlyk-şowhunlar adamzat ýaşaýşynyň tyllaýy sütüni bolan bugdaý bolçulygyndan başlanýar.
23-nji iýunda, türkmen halkynyň «Çarşenbe güni çar ýana» diýip, eý görýän sähetli gününiň säher çagynda Kerki şäherinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ýokary derejede gurlan täze Halkara howa menzili açylyp ulanylmaga berildi. Dabara gatnaşyjylaryň buýsançly el çarpyşmalary bilen milli Liderimiz Halkara howa menziliniň toý bagyny kesdi. Şundan soň, täze satyn alnan ýokary hilli uçarlar bu ýere yzly-yzyna gondular. Olar milli dessurlar boýunça garşylandy. Halkymyzyň gadymy ýörelgesine laýyklykda, dili senaly eneler uçarlara ak ýol arzuw edip, olaryň alnyna ak un sepdiler.
Kerki — Türkmenabat ugry boýunça ýola düşjek uçara ilkinji ýolagçy hökmünde milli Liderimiziň adyna uly hormat bilen petek taýýarlanyldy. Munuň özi türkmen halkynyň sylagly-sarpaly şahsyýetiň mübärek gadamynyň düşümli boljagyna ynamynyň nyşany bolup, dabara gatnaşyjylarda uly şatlyk döretdi.
Türkmen halkynyň milli ýörelgesinde toý tutmak meselesiniň aýratyn, özboluşly orny bar. Halkymyz toý etmegi bagtlylykdan nyşan saýýar. Şonuň üçin hem ene dilimizde «Gazananyň toýa ýarasyn!», «Toýdan ýetirsin!», «Toýda görşeli!» ýaly jümleler, täze eşik geýlende aýdylýan: «Gutly bolsun, toýda tozsun!» ýa-da «Toýly jaý bolsun!» diýen ýaly alkyş-dilegler sanardan kän. Onsoňam, türkmende toýy goşa-goşadan tutmak döwletlilikden nyşan hasaplanýar. Her birimiz öz töweregimize — dogan-garyndaşlarymyza, tanyş-bilişlerimize syn etsegem, bäbek toýy, sünnet toýy, jaý toýy ýaly toýlary, köplenç, goşalap, üçemläp tutýandyrlar. Döwlet derejesinde bellenilýän baýramçylyk günlerinde atgulaklaryny pasyrdadyp barýan gelnalyjylara-da köp gabat gelýäris. Bu hemişe-de şeýle bolupdyr. Meselem, türkmeniň terbiýe mekdebi bolan «Görogly» şadessanynda: «Üstümize sürnüp gelen ýagyny sag-aman gaýtardyk, onuň toýy bolsun! Öwez oglum hem gaýdyp elimize düşdi, onuňam toýy bolsun, il-güni ýygnap toý beriň!» diýen ýaly jümlelere häli-şindi duşmak bolýar.
Kerki şäheriniň Halkara howa menziliniň açylyş dabarasynyň iki juwanyň durmuş toýy bilen utgaşmagy-da ajaýyp sazlaşyk döretdi. Toýuň gelnalyjysy — bagt toýuny toýlaýan ýaşlar, olaryň ata-enesi, dogan-garyndaş, dost-ýarlary hem Kerki — Türkmenabat ugry boýunça hereket edýän uçaryň ilkinji ýolagçylary boldular. Uçuş wagtynda Gahryman Arkadagymyz ak uçarda ak bagta tarap rowan bolan ýaşlar hem-de olaryň ata-enesi bilen söhbetdeş bolup, olary mähirli gutlady. Uçaryň içinde toý şatlygy dowam etdi, ýolagçylara toý paýy berildi, süýji nygmatlar hödür edildi. Bu zatlar döwlet derejesinde geçirilýän dabara — Halkara howa menziliniň açylyşyna milli öwüşgin berdi, adam hakdaky aladanyň guwandyryjy ýüze çykmasy boldy.
Türkmen halkynyň nurana kalbyndan gelip çykýan iň ynsanperwer ýörelgeleriň biri hem haýyr-sahawat işleridir. Şu sogaply ýörelgä eýerip, mährem ýürekli lukman Arkadagymyz Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan her etrabyň hassahanasynyň çagalar bölümine zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylan «Tiz kömek» awtoulagyny sowgat berdi. Bu sowgatlar milli Liderimiziň ýaş nesil babatda hemişe aladalanýandygyndan nyşan bolup, lukmanlar tarapyndan çuňňur hoşallyk bilen garşylandy.
Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, toý tutmak, öý tutmak — döwletlilikden nyşan. Türkmen halky mähir-söýginiň çeşmesi bolup, durmuşyna hem kalbyna ornan öýüni hemişe arzylap-apalap, ony maşgala mukaddesligi bilen bitewi saýyp gelipdir. Şu mukaddes bitewüligi göz öňünde tutup, maşgala gurmak meselesini hem «öýlenmek» («öý edinmek») diýip atlandyrypdyr. Maşgalada ogul bäbek dünýä inen gününden başlap, ata-enäniň iň mukaddes arzuwy şol çaganyň ilhalar adam bolup ýetişmegi hem-de ony öýerip, üstüne ak öý tutmak bolup durýar. Mährem ene ýüreginiň senasy bolan hüwdüde bu mukaddes arzuw şeýleräk beýan edilýär:
Agalarnyň duşunda
Ak öýleri gümmürdär.
Edil şonuň ýaly, gyz maşgalanyň hem durmuşa çykansoň, ak öýde ak bagtynyň açyk bolmagy hakdaky arzuw-dilegler toý aýdymlarynda öz beýanyny tapýar:
Alnyňa ak Gün dogsun,
Ak öýe giren ýerde!
«Ýaş çatynjalaryň ak bagtynyň mesgeni bolsun!» diýen arzuwly yrym bilen türkmeniň öýüniň eşikleri başda, köplenç, ak keçeden edilýär. Soňlugy bilen, ýyllar geçdigiçe, içinde ýakylýan oduň tüssesi ornap, ak keçelerem, öýüň süňňüni düzýän agaçlaram garalýar. Şonda oňa reňkine görä, «gara öý» hem diýilýär, ýaşyny göz öňünde tutup, mähirli buýsanç bilen «garry öý» hem diýilýär. Ata-enesine, ýaşulusyna aýratyn sylag-sarpa bilen garaýan türkmeniň kalbynda garry öýüň hem hiç zat bilen çalşyp bolmajak arzyly orny bar. Sebäbi garry öý — içinde maşgala degişli döwletli maslahatlar edilen, gowy günleriň şaýady bolan, ata-enäniň mähir-söýgüsi, olardan aňyrkylaryň ruhy siňen mukaddes ojak.
Ak öý babatda halkyň nurana kalbynyň töründe hemişelik orun tutan şu mukaddes duýgulardan ugur alnyp, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, döwlet derejesindäki, il-ýurt bähbitli maslahatlardyr ýygnaklary geçirmek üçin welaýatlarymyzyň her birinde «Türkmeniň ak öýi» binasy guruldy. Şolaryň biri hem Türkmenabat şäherinde bina edilip, ol bu ýerde geçirilýän Medeniýet hepdeligine gabatlanyp açyldy. Onuň dabaraly açylyşyna milli Liderimiz gatnaşyp, binanyň bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy. Binanyň özboluşly, milli bezegleri türkmeniň asyrlarboýy arzylap gelen ak öýüni ýatladyp, oňa syn eden adamyň kalbynda milli gymmatlyklarymyza bolan buýsanjy güýçlendirýär. Häzirki zamanyň ösen jemgyýetçilik gurluşyna kybap, köp adamly, giň gerimli, döwlet derejesindäki maslahatlary geçirmäge mümkinçilik berýän akustik enjamlar bilen üpjün edilmegi ýaly amatlyklar bolsa bu kaşaň binanyň oňaýlylygyny üpjün edýär.
Türkmeniň milli ýörelgesinde ak öý tutan, täze jaýa göçüp baran maşgalany gutlap, oňa sowgat bermek dessury bar. Ata-babalarymyzdan gelýän bu dessur türkmen durmuşynda häzir hem giň gerimde dowam etdirilýär. Milletiň şu gadyrdanlyk ýörelgesine eýerip, hormatly Prezidentimiz Türkmenabatda gurlup ulanylmaga berlen «Türkmeniň ak öýi» binasyna täze awtoulag sowgat berdi.
Jemläp aýdylanda, Gahryman Arkadagymyzyň gadymy Lebap topragyna basan gadamy milletimiziň döwletlilik ýörelgesinden ugur alýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne mynasyp wakalara beslendi. Şular ýaly buýsançly wakalaryň yzy gür bolsun! Eziz Diýarymyzda toýlar hemişe goşa-goşadan gelsin! Asuda durmuşymyzyň, toýly günlerimiziň goragçysy, belent mertebeli Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!
Ejegyz ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, 
edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.