Döwrüň belent ruhy

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinden soňky oýlanmalar
Gahryman Arkadagly ýurdumyzda biz diňe bir howpsuz durmuşda däl, eýsem, howpsuz jemgyýetde ýaşaýarys. Diýeli, gijede-girimde haýsydyr bir ýere çykmaly bolan halatymyzda-da hiç birimiz alada galýan däldiris. Ähli ýerde asudalyk, asuda köçeler, asuda garaýyşlar garşy alýandyr. Howa, demir ýol we beýleki menzillerinde-de gije-gündiziň dowamynda asudalyk we asuda hyzmat höküm sürýändir. Şunuň özem biziň howpsuz jemgyýetde ýaşaýandygymyza şaýatlyk edýär. Şol jemgyýetde-de adamlaryň hukuk-borçlaryna düşünip, birek-birege, ýagny dünýäniň iň uly baýlygy bolan ADAMA gymmatlyk hökmünde garap, ikitaraplaýyn hormat, sylanyşyk, sarpa esasynda ýaşamagy jemgyýetiň öňküdenem berkleşmegine getirýär.
Howpsuz jemgyýet syýasatyny öňe sürýän Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde sözlän sözünde: «...Siziň bilşiňiz ýaly, dürli jenaýatlaryň öňüni almak, olara şert döredýän ýagdaýlary hem-de sebäpleri ýüze çykarmak, seljermek, aradan aýyrmak, bu ugurda wagyz-nesihat, düşündiriş işleri bilen öňüni alyş çärelerini geçirmek harby we hukuk goraýjy edaralaryň, häkimlikleriň, geňeşleriň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki guramalaryň örän möhüm wezipeleri bolup durýar» diýip, belläp geçdi. Şundan hem görşümiz ýaly, bu wezipeler diýen ýaly degişli bolup durýar. Durmuşda ownuk zat ýok. Şol sebäplem biz durmuşda uly ýalňyşlygyň öňüne ýekeje sözüň böwet bolup bilýändigini, ýagny sözüň, onda-da mähirli, süýji sözüň güýjüni göre-göre gelýäris. Bular ýaly ýagdaýlarda wagyz-nesihat çärelerine gatnaşyp, ýaşlaryň arasynda yzygiderli çykyş edýän enelerimiziň hem täsiri diýseň uludyr. Şonuň üçinem, şeýle mejlisleri geçirmek bilen, sagdyn jemgyýeti ýola goýan ýurt Baştutanymyz bizi duş gelýän nogsanlyklara garşy bilelikde göreşmäge çagyrýar.
Adam haçan säwlik goýberýär, haçan ýalňyşýar, haçan jenaýat edýär? Alymlar şeýle ýagdaýlaryň köpüsiniň adamyň ýadaw, gaharly, öýkeli wagtynda ýüze çykýandygyny belleýärler.
Şonuň üçinem, sagdyn jemgyýetde sagdyn ruhuň bolmagy, raýatlaryň sagdyn ruhuň eýeleri bolmagy olaryň dogry ýaşamaklaryny üpjün edýär.
Biziň halkymyz inçe medeniýetiň eýesi. Ençe asyrlary özünde jemleýän ýyllaryň dowamynda töwellaçylyk ýaly asylly ýörelgeleri oýlap tapmak bilen, paýhasly ata-babalarymyz hatda käbir öte geçmeleriň hem öňüni alyp, ýyly gatnaşyklary ýola goýmagy başarypdyrlar. Iki sany sögüşen, agzy alaran adamyny ýaraşdyrmagy başarypdyrlar. Şeýle düşünişmezlikler durmuşda käwagt ýüze çykypdyr we çykmagyny dowam etdirýär. Käbiriniň soňy bolsa, jenaýata ýazýar. Ol bolsa diýseň gynandyryjydyr. Sözümiz gury bolmaz ýaly, käbir mysallara ýüzlenesimiz gelýär. Arada bir tanşym goňşusy bilen oňuşmaýandygyny aýdyp, maslahat sorady. «Soňy ula ýazaýmanka göçüp gidäýsemmikäm?» diýdi. Şonda ondan bu oňşuksyzlygyň sebäbini soradym welin, ullakan bir sebäbem ýok eken. Men oňa, dogrusy, ylalaşyga gelmegi maslahat berdim.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şeýle mejlisini geçirmek bilen, mähriban Arkadagymyz diňe bir jenaýatçylygyň däl-de, dörejek jenaýatçylygyň öňüni almak babatdaky meseleleri hem öňe sürýär. Bu babatda oýlanyp otyrkaň, Magtymguly atamyzyň «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun» diýen setirleri biygtyýar ýadyňa düşýär. Bu setirlere ýüzlenmek bilen, milli Liderimiz hassany bejereniňden keseliň öňüni almagyň ýeňil düşýändigini yzygiderli nygtaýar. Bu maslahatly mejlis babatynda hem şeýle döwletli pikir öňe sürülýär. Çünki temmi bereniňden ýa-da tussaglyga alanyňdan jenaýatlaryň öňüni alanyň, şert döredýän ýagdaýlary, sebäpleri ýüze çykaranyň, öwreneniň, aradan aýranyň bähbitli bolup çykýar. Hut şeýledigi üçinem, hormatly Prezidentimiziň bu mejlisdäki: «Hukuk goraýjy edaralar edilen etmiş üçin diňe çäre görýän ýa-da jeza berýän edara bolmaly däldir. Bu düzümler durmuşda ýalňyşan adamlary dogry ýola gönükdirmäge, terbiýelemäge, jemgyýete gaýtaryp getirmäge işjeň gatnaşmalydyr» diýen sözleri örän göwne makul boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň çykyşyndaky: «Adamyň ykbalyna, jemgyýetiň nogsanlyklaryna biparh garalmaly däldir» diýen sözleri hem her birimiz üçin borç bolup ýaňlanýar.
Şahyryň aýdyşy ýaly, «Adam ähli ýerde adama gerek». Adam adamsyz oňup bilmeýär. Jemgyýetiň ähli gatnaşyklarynda adam bar. Şol adamyň ykbalynyň güllemegi durmuşyň, şol sanda jemgyýetiň güllemegine getirýär. Şonuň üçinem, eziz Arkadagymyzyň bu geňeşdäki öňe süren beýik pikirleri ýüregimizde has ýyly duýgulary oýardy. Çünki ownuk bolsun, iri bolsun, ähli bolup geçýän wakalar ilki bilen adamyň ykbalyna täsir edýär. Adam adama hiç haçan biparh bolmaly däldir.
Şonuň üçinem, iň bärkisi işdeş ýoldaşlaryň: «Saglykmy, bu gün näme üçin tukat görünýärsiň?» diýýän sözlerem saňa özüňi hossarly ýaly saýmaga, gül-gül açylyp gitmäge kömek edýär.
Sebäbi biparh bolmak ünsden düşürilmekden gelip çykýar. Hiç kim, hiç zat ýatdan çykmasa ýagşy. Mähriban Arkadagymyzyň bu aladalarynyň ählisiniň aňyrsynda adam hakyndaky bimöçber aladalaryň bolmagy buýsanyp ýaşamaga esas döredýär. Gahryman Arkadagly ýurdumyzda, goý, adamlaryň ykbaly, ömri güllesin!
...Oglum bilen köplenç agşamara gezelenç etmämiz bar. Ine, bir gün peýwagtyna aýlanyp ýörüs. Gözüm iki elem goşly zenana düşdi. Ony bu goşlary bilen uzak bir ýerden gelene meňzetdim. Ogluma «goşlaryna kömek et!» diýen manyda yşarat etdim. Ol ylgap baryp, oňa barmaly ýerine çenli kömek etdi. Ol diýseň hoşal boldy. Gep bu ýerde diňe bir hoşal bolmakda däl, eýsem, çaganyň, ýagny ýetginjegiň biparh däldiginde. Sebäbi onuň: «Eje, aýtmankaňam men oňa kömek edeýin diýip barýadym...» diýen sözleri enä ganat berýär. Aramyzda şeýle ruhdaky terbiýeli ýaşlaryň köp bolmagy sagdyn jemgyýetimiziň esaslaryny düzýär.
Mundan başga-da, şol mejlisde ýurt Baştutanymyzyň durmuş ýaşaýşy ýagdaýlyrak adamlar barada aýdyp, olara hemmetaraplaýyn hemaýat etmegi hem-de hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga ýardam bermegi tabşyrmagy hemaýatkärligiň beýik nusgasy boldy. Çünki islendik kömek, hemaýat kyn ýagdaýdan baş alyp çykmagyň açary bolup hyzmat edýär.
Dogrudan-da, adam gymmatlyk. Ol mydama hormata mynasyp. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň tussaglykdan gelen adamlar bilen degişli işleri geçirmegiň zerurdygyny nygtamagy, olaryň jemgyýete goşulyp gitmegine kömek edip, iş bilen üpjün edilmegini sargamagy hem görkezdi. Çünki halkymyzda «Bir ýazykdan är ölmez» diýlip, ýalňyşan adamlara kömek edilýär. Onuň dogry ýola düşüp gitmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Pederleriň pendine eýerip, şeýle ýol-ýörelgeleri dowam etdirýän eziz Arkadagymyzyň bu sargytlary hem nusgalykdyr.
Hawa, hormatly Prezidentimiziň bu asylly ýörelgelerinden döwrümiziň belent ruhy duýulýar. Biziň her birimize borçdur wezipelerimize düşünip, şeýle ruh bilen halal, manyly ýaşamak ýaraşýar.
Ogultäç ORAZTAGANOWA,
«Watan».