Söz we iş: bitewülik

«Biz saglygy goraýyş edaralarynyň işinde öňüni alyş çärelerine aýratyn üns berdik».
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWYŇ “Mir” döwletara teleradiokompaniýasyna beren interwýusyndan.

4. Ynsanyň saglygy onuň baş baýlygydyr
Ýöne biziň ýurdumyzda raýatlaryň saglygy döwletiňem baýlygydyr. Bu hakda Konstitusiýamyzda-da ýörite madda bardyr. Şeýle bolansoň, döwlet öz raýatlarynyň saglygy babatda uly aladalary edýär. Munuň şeýledigini ozalam görüp gelýärdik welin, ýaňy-ýakynda bu alada has aýdyň ýüze çykyp başlady. Biz muny COVID-19 keseline garşy sanjym işleriniň guramaçylykly, özi-de ilat üçin muzdsuz geçirilýändigini nazara alyp aýdýarys.
Guwandyryjy ýagdaý: koronawirus atly biçak howply keseliň döräp we adamzada uly howp salyp gelen iki ýylynyň dowamynda Türkmenistanda bu keseliň ýüze çykan ýagdaýy anyklanylmady. Başgaça aýdylanda, döwletimize öz raýatlaryny ýowuz keselden gorap saklamak başartdy. Munuň özi, dogrusyny aýdanyňda, uly edermenlikdir, halkyň öňünde bitirilen gahrymançylykly işdir. Dünýä döwletleri, esasan-da, sebitimiziň döwletleri biziň ýurdumyzyň bu tejribesine haýran galýarlar hem-de özlerinde şunuň ýaly şertleri döretmäge çalyşýarlar, ýagny Türkmenistanyň tejribesini öwrenýärler.
Türkmenistan bolsa ýetilen sepgitde durman, barha öňe ilerleýär, diňe koronawirusdan däl, eýsem, beýleki ýokanç-u-ýokanç däl keselleriň garşysyna göreşmegini dowam etdirýär. Şeýdibem, özüniň esasy ýörelgesine — “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgesine hemişe we hemme ýerde ygrarlydygyny görkezýär. Gürrüňi edilýän interwýusynda hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, “Häzirki wagtda ýurdumyzda 14 ýokanja garşy hökmany suratda sanjym geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, türkmen alymlarynyň howply ýokanç keselleriň öňüni almak ulgamyndaky köpýyllyk barlaglarynyň netijeleri, olary bejermegiň öňdebaryjy usullary, däp bolan halk serişdeleri, dermanlyk otlar we ösümlikler ulanylýar. Munuň özi köp babatda adamyň bedeniniň howply kesellerden goranmak ukybyny güýçlendirmäge ýardam edýär”. Şu ýerde adamyň bedeniniň howply kesellere, umuman, kesellere garşy durmak ukybyny ýokarlandyrmakda hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopedik işiniň hem örän uly ähmiýetiniň bardygyny hökman aýtmalydyrys. Daşary ýurtlular ýöne ýere bu kitaby öz dillerine geçirip, neşir etdirmediler. Dünýäde saglygy goramakda fitoterapiýa usuly barha giň ulanylýar.
Türkmende dermanlyk ösümlik bolan üzärligiň ýok öýi ýokdur. Haýsy howla girseň, çaga-çugalaryň eli ýetmez ýaly beýikde, köplenjem, işigiň daş ýüzünde guran üzärligiň daňysy asylgy durandyr. Türkmen «Bosagasynda üzärlik asylan öýe ak ganatly ak perişde ýol salarmyş» diýýär. Şeýle-de üzärlik tütedilen öýe şeýtan-jyn gelmezmiş diýýär. Bular, elbetde, yrym. Yrymam bolsa bu ýagdaý halkymyzyň öz meýdanynda bitýän, umuman, bol çöpüne aýratyn hormat bilen garaýandygyny görkezýär. Şeýdip, ýalňyşmandyram, häzirki döwür lukmançylygy saglyk babatda üzärligiň juda peýdaly ösümlikdigini subut etdi. Şu nukdaýnazardan, “Halk aýtsa, galp aýtmaz” diýen atalar sözüni az-kem üýtgedip, “Halk etse, galp etmez” diýesiň gelip dur.
Biz şu ýazgymyzda Türkmenistanda saglygy goramakda eýle edildi, beýle edildi diýip, şu wagta çenli gurlan halkara saglyk merkezlerini, diňe şäherlerdir şäherçelerde, etrap merkezlerinde däl, hatda kiçiräk ilatly nokatlara çenli ählisinde saglyk öýleriniň bardygyny, olarda-da öz işine berlen ökde lukmanlardyr şepagat uýalarynyň işleýändiklerini buýsanç bilen aýdyp bileris.
Ylymam ylymdyr, ony inkär edip bolmaz, ýöne lukmançylyk hünäri adama ýokardan berilýän bolmaga çemeli. Şeýle diýip aýtmagymyň sebäbi bar. Magtymguly etrabynyň Hojagala obasynda köp ýyllaryň dowamynda «Hudaýberen dogtor» diýip at alan bir lukman işledi. Oba ýerinde kompýuterdir beýleki häzirki zaman enjamlarynyň ýok wagtynda Hudaýberen aganyň anyklap, bejergi bellän kesellileri Aşgabada gelip, doly barlagdan geçenlerinde onuň aýdanlarynyň dogry çykandygyny keselläniň özüniň ýa onuň hossarlarynyň haýran galmak bilen gürrüň berişlerine özümem ençeme şaýat boldum. Şolar ýaly ökde lukmanlaryň her obada bolmasa-da, garaz, il içinde atlarynyň hormat bilen tutulyp gelýändigini her kimem bilýändir. Gowy ýeri, hormatly Prezidentimiziň gaýtadan dikelden halypa-şägirtlik ýörelgesi lukmançylyk ugrunda-da berk tutulýar. Häli, birden saglygyňy barlagdan geçirip, bejergi almakçy bolup ýörkäň, birden ol ýa beýleki bir lukmanyň adyny tutsaň, saňa seredip ýören ýaş lukmanlaryň birinden hökman: “Hä, olmy, ol meniň mugallymymdyr ýa-da halypamdyr” diýen jogaby eşidýärsiň. Şeýle ýagdaýda, şol lukmanyň, ol hernäçe ýaş görünýänem bolsa, aýdan sözüne hökman ynanýarsyň hem-de onuň bellän bejergisini gyşarnyksyz ýerine ýetirmäge çalyşýarsyň. Şypa-da tapýaň, elbetde. Bu adygan lukmanyň özüniň ýok ýerinde-de nähoşlan adama delalatyny ýetirýändiginiň alamaty. Onsoň, ökde lukmanlara bu hünäriň ýokardan berilýändigine nädip ynanmarsyň?!
Lukmanlar keseli üç bolup — nähoşlanyň özi, lukman hem-de dermanlar bolup, ýeňip bolýandygyny aýdýarlar. Özüm-ä şunuň dogrudygyna ynanýaryn. Lukmanlar hernäçe güýçli dermanlary ulanyp, näçe azap etseler-de, nähoşlan adam özüniň sagalmagy üçin hereket etmese, ol düzelip gidibermeýär. Sebäbi adamyň bedeni örän çylşyrymly, ol diňe fiziki däl, eýsem, ruhy täsirlenmäni hem örän çalt kabul edýär. Lukmançylykda: “Keseli ot bilen, o:t bilen, söz bilen bejermeli” diýen aýtgy öňden bäri belli.
Şu ýerde sagdyn durmuş ýörelgesi hakda az-owlak aýdylmasa, bärden gaýdyldygy bolardy. Sagdyn durmuş ýörelgesi diýlende, ilki bilen, sagdyn iýmitlenmek, wagtynda ýatyp, ukyňy almak, işjeň hereket, dürli maşklar, açyk howada gezelenç, suwda ýüzmek ýaly, umuman, hiç bir däri-derman ulanmazdan, hemişe şähdaçyk we jany sag bolmaklygy aňladýar. Muňa biz köne endigimiz boýunça, köp adamyň arzuw edip, ýetip bilmeýän zady diýsegem, hakykatda, bu beýle däldir. Saglygymyz biziň öz elimizdedir, oňa ýaşlykda nähili çemeleşseň, garranynyňdan soň şol hili saglyga-da eýe bolarsyň.
Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesine wepaly bolup, ony berjaý etmäge welin ähli şertler döredilendir. Welosipedli ýörişleriň yzygiderli geçirilýändiginiň özi nämä degmeýär?! Welosipedli gezelenç — saglygyňy goramagyň iň ygtybarly hem iň arzan görnüşi. Ondan ýygy-ýygydan peýdalanmak saglygyňy goramakda hem dikeltmekde bahasyna ýetip bolmajak em, şypa.
Hormatly Prezidentimiziň hut özi wagtal-wagtal ildeşlerimize görelde bolup, geçirilýän welosipedli ýörişleriň öňüni çekýär. Prezidentiň göreldesi — nusgalyk görelde. Oňa eýermek her birimiz üçin örän parzdyr.
Dünýämiz gözel, durmuşymyz gözel. Şu gözellikde sagdyn bolup ýaşalyň, hormatly adamlar!
Seýitguly GELDIÝEW.
“Türkmenistan”.