HUSUSYÝETÇILERIŇ WIRTUAL SERGISI

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň wirtual sergisi öz işine başlady. Ony Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan edilmegi mynasybetli, birleşmäniň «Kerwen» hojalyk jemgyýeti taýýarlady.
Wirtual sergi hormatly Prezidentimiziň türkmen telekeçilerine döredip berýän şertleriniň, kömek-goldawlarynyň miwelerini, hususy ulgamda amala aşyrylýan köpugurly özgertmeleri giňişleýin beýan edýär. Oňa birleşmäniň işjeň agzalarynyň 80-e golaýy gatnaşyp, öz öndürýän önümleri we ýerine ýetirýän hyzmatlary bilen tanyşdyrýarlar. 
Häzirki döwürde dünýäde halkara maslahatlardyr sergileriň sanly görnüşde geçirilmegi ýörgünlidir. Wirtual sergilere dünýäniň islendik künjeginden girip, işewür gatnaşyklary ýola goýup bolýar. 
Türkmen, rus we iňlis dillerinde taýýarlanan sergi gije-gündiz — 24 sagatlap dowam edýär. Ol ildeşlerimize daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen işjeň aragatnaşyk saklamaga giň mümkinçilik döredýär. 3D ölçegdäki sergide sarp edijiler hem-de işewürler üçin gyzykly maglumatlar berilýär. Ýörite enjamyň hem-de 3D äýnegiň kömegi bilen sergä aýlanyp, oňa gatnaşyjylar, öndürýän önümleridir hyzmatlary bilen tanyşmak mümkin. Şeýle-de özüňiz hakyndaky maglumatlary görkezip, täze hyzmatdaşlyk tekliplerini ýollap bilersiňiz. 
Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak, innowasion tehnologiýalaryň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak hakyndaky tabşyryklaryndan ugur alnyp döredilen sergä gyzyklanmalar yzygiderli artýar. Onuň işi bilen www.fair.kerwen.com.tm internet salgysy boýunça tanşyp bilersiňiz.
Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».