GÜN URMASYNDAN GORANALYŇ!

Şu günler howanyň aşa gyzmagy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär. Şonuň üçin hem lukmanlar jöwzaly tomusda şu aşakdaky kadalary hökman berjaý etmegi maslahat berýärler:
 Yssy howada ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen, açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli. 
 Günden goranmak üçin kelläňize ýeňiljek başgap geýiň, ýaglyk atynyň ýa-da saýawan göteriň!
 Zerurlyk ýüze çykmasa, Gün şöhlesiniň ýiti düşýän wagtlarynda, ýagny 11:00-dan 17:00-a çenli daşaryk çykmaly däl.
 Günden goraýjy äýnekleri dakynmak hem peýdalydyr.
 Tomsuň yssy howasynda açyk meýdanlara gezelenç etmek maslahat berilmeýär. 
 Howanyň aşa gyzmagy bilen adamyň derläp, bedeninden köp mukdarda suwuklygyň bölünip çykmagy diňe bir bedeniň deňagramlylygyny bozman, eýsem, ganyň goýulaşmagyna getirýär. Şonuň üçin hem yssy howada günüň dowamynda 2,5-3 litre golaý arassa agyz suwuny içmeli.
 Gazlandyrylan içgilerden, agyr, ýagly naharlary iýmekden ýüz öwrüň!
 Tomsuň jöwzaly yssy günlerinde, esasanam, gartaşan adamlar we 2 ýaşa çenli çagalar bilen daşary çykylanda seresap bolmaly. 
 Yssy howadan öýe girilende, gyzyp gelip sowuk suwa düşmek, sowadyjynyň öňünde durmak, buz ýaly sowuk içgileri içmek düýbünden ýaramsyzdyr.
 Şeýle-de daşary çykylanda dürli ýokanç kesellerden goranmak üçin, agyz-burun örtüklerini dakynyň! Jemgyýetçilik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! Şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek hem saglygymyzyň kepilidir.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we 
derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.