TARYHYŇ TÄZE SAHYPASY

«Arkadag» myhmanhanasy — türkmen myhmansöýerliginiň döwlet derejesi
Gadymy kitaplarda: «Adam oglunyň Zemindäki baş borjy dünýäni gözelleşdirmekdir» diýilýär. Bu belent borjuň amaly bolsa ýaşaýan ýeriňi-ýurduňy gözelleşdirmekden başlanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda bitirilýän işler, gurulýan binalar bolsa diňe bir ýurdumyzy däl, göwünlerimizi, ömürlerimizi hem görklendirýär. Muny 29-njy iýunda paýtagtymyzda dabaraly ýagdaýda ulanmaga berlen «Arkadag» myhmanhanasynyň mysalynda hem nygtap bolar. Bu kaşaň myhmanhana taryhyň täze sahypasy bolup açyldy. Türkmeniň giň göwni, nurana dünýäsi bolup açyldy!
Türkmen myhmansöýerligi! Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda giňişleýin beýan edişi ýaly, munuň özi özbaşyna uly sungat, uly mekdep. Bu mekdebiň düýplüligi, beýikligi halkymyzyň diňe “Taňry myhmany” diýen düşünjesinde hem aýan-aýdyň beýan tapýar. Diýmek, türkmende myhman — Allanyň wekili.
Çagyrylsyn-çagyrylmasyn, tanyş-u-nätanyş bolsun, parhy ýok, halkymyzda myhman öňünden çykylyp, garşy alynýar, oňa mürähet edilýär. Oturan dessine-de öňünde duz-çörek goýulýar. Bu gadymy däp duz-çöregiň ýagşy niýeti berkidip, ýaman niýete böwet bolýandygy bilen baglanyşdyrylýar.
“Myhman ataňdan uly” diýen eždatlarymyz öýüne gelen kişä üç gije-gündiz hyzmat edip, soňra habaryny alypdyrlar. Aslynda, türkmen hemişe we islendik pursatda myhman almaga taýýarlykly ýaşaýan halk.
Gorkut ata: “Myhman gelmeýen öýüň bolanyndan bolmadygy ýeg” diýipdir. Türkmende jaý gurlanda, myhman otagyna aýratyn äheň-ähmiýet berilýär. Myhman otagy her bir öýüň esasy ýaraşygy hasaplanýar. Öýde tagam taýýarlananda, hökman myhman paýy hem göz öňünde tutulýar.
Biz häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda şol asylly ýörelgelere nähili ýaýraw berlişine guwanmak guwanýarys. Türkmeniň myhman garşylamak dessury bu gün Garaşsyz döwletimizde sungat derejesine ýetirildi. Türkmen öýüniň myhman otaglary bu gün berkarar ýurduň kaşaň myhmanhanalary derejesine göterildi. Uzak asyrlaryň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan türkmen topragynyň gadymy kerwensaraýlaryndan dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň Watany, oňyn hyzmatdaşlygyň halkara merkezi hökmünde adygan, hemişelik Bitaraplygy jahan degresinde iki gaýta ykrar tapan döwletiň kaşaň myhmanhanalaryna çenli ýol geçildi.
                                ***
Aşgabadyň kaşaň myhmanhanalary! Sanlyja ýylyň içinde olaryň, gör, näçesiniň gurlup ulanmaga berleniniň şaýady bolduk! Oguz ýurdunyň belent howalasy siňen “Oguzkent” myhmanhanasy! Paýtagt bilen adybir “Aşgabat” myhmanhanasy! Ýerde dogan ýyldyz deý lowurdap oturan “Ýyldyz” myhmanhanasy! Alysdan seleňläp görünýän “Arçabil” myhmanhanasy! Olimpiýa şäherçesiniň ýaraşygy “Olimpiýa”, “Sport” myhmanhanalary! Türkmen döwletliligi baradaky galyň diwana çalymdaş “Diwan” myhmanhanasy! Ynha, ýakyn geljekde goja sähranyň tyllaýy öwüşginlerini özünde jemlän “Garagum” myhmanhanasynyň ulanmaga berilmegi bolsa “Arkadag” myhmanhanasynyň dabaraly açylyşynyň mynasyp dowamyna öwrüler. Golaýda, 15-nji iýunda paýtagtymyza iş saparyny amala aşyran hormatly Prezidentimiziň Aşgabady ösdürmegiň täze taslamalarynyň hatarynda “Nusaý” myhmanhanasynyň gurulmagy teklip edilýän ýerleriniň çyzgylaryna, binanyň baş meýilnamasyna we oňa degişli birnäçe taslamalara garandygyny-da bellän ýagşy.
Bu sanawy ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde gurlan myhmanhanalary ýatlap, has-da uzaldyp bolardy. Gözel Awazanyň ýokary derejeli myhmanhanalary Hazaryň türkmen kenaryna düýpgöter täze keşp, täze durmuş bagyşlady. Olaryň ählisi birleşip, Türkmenistanyň syýahatçylyk we myhmanhana işewürligi düzüminiň kuwwatly binýadyny berkden tutýar. Aşgabadyň Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä federasiýasynyň agzalygyna kabul edilmegi bolsa türkmen paýtagtynyň dünýä syýahatçylygynda aýratyn orny eýeleýän şäherleriň birine öwrülendigine guwançly güwädir.
                                ***
“Arkadag” myhmanhanasynyň tutumynyň-derejesiniň belentligini onuň adyndan aňybermelidir. Bu desga döwrüň beýik Binagäri Gahryman Arkadagymyzyň gurujylyk zehininiň, döredijilik paýhasynyň ýene-de bir miwesi. Myhmanhananyň taslamasynyň düzülip, tä gurluşygy tamamlanýança, onuň döwlet Baştutanymyzyň ünsünde bolandygyna, şunda ähli babatda milli Liderimiziň görkezmedir maslahatlaryndan ugur alnandygyna hemmämiz şaýat.
Gündogaryň gadymy ertekilerine gulak geriň, dessanlara diň salyň! Ulug şalyklar, patyşalyklar bag-bakjalygyň keşbinde wasp edilýändir. Söýgi, bagt bagy-bossanlyk bilen suratlandyrylýandyr.
Täze myhmanhananyň degre-daşyny gurşan gül-gülzarlygyň, ýaşyl baglygyň, olary aralap geçýän emeli derýanyň waspyna näçe hoş sözüň bolsa, aýaman aýdybermeli.
Adatça, sapar bilen gelýän döwlet adamlarynyň her pursady hasaply bolýar. Gysga wagtyň, gysby meýilnamanyň çäginde şäher bilen doly tanyşmaga salym galmaýar. Ýöne baharyň görki bir gülde, derýanyň tagamy bir damjada açylýar ahyry! Halkara ölçegde gurlup, milli ruhda sünnälenen “Arkadag” myhmanhanasy keşbi-keşmeri, gurluşy-gurşawy bilen türkmen dünýäsi, türkmen topragy, türkmen paýtagty, halkymyzyň şöhratly taryhy, şanly şu güni barada öz dilinde kän zatlary gür bermäge ukyply. Onuň belentliginden ser salanlar bolsa bir gujak çemen ýaly gül açýan ak şäherimiziň giňişliklerini ine-gana synlap bilerler.
Hawa, biziň döwrümizde “myhmanhana” diýmek diňe bir ähli amatlyklary bolan otaglaryň jemi diýmek däl. Ol sport meýdançalaryndan ýüzüş howuzly SPA zolaklaryna çenli, amatly çaýhanalardan kaşaň restoranlara, dükanlara çenli, internet kafelerinden halkara tutumly maslahatlardyr duşuşyklary geçirmäge mümkinçilikli zallara çenli... düzümleri özünde jemlän, “dokuzy düzüw” toplum diýmek!
Biz paýtagtymyzy “Ak şäherim Aşgabat” diýip söýgüleýäris. Şeýle diýenimizde, diňe binalaryň jowur ak mermerden wysal bolanyny ýanjamaýanymyz belli. Aşgabadyň aklygynda türkmeniň ak ýoly, ulus-iliň ak arzuwlary, päkize niýetleri, nesilleriň ak ykballary jemlenendir.
Halkymyz öz gadymy öýüne hem “ak öý” diýipdir. Türkmeniň ak öýi bu gün türkmen döwletliliginiň nyşanyna öwrüldi. Ýurdumyzyň sebitleriniň her birinde kaşaňdan haşamly, döwletli-derejeli “Türkmeniň ak öýi” binasynyň gurulmagy şoňa delil. Şu ýylyň 25-nji maýynda, baş şäherimiziň 140 ýyllygynyň baýram edilen gününde düýbi tutulan häzirki zaman mega-taslamasy “Aşgabat-sitiniň” esasy girelgesini-de ak öýüň şekilinde gurmak meýilleşdirilýär. Ine, “Arkadag” myhmanhanasynyň aşhanasynyň hem ak öý görnüşinde bina edilmegi her nähili kaşaň desgalaryň gurluşygynda-da gözbaşlara, milli ýörelgelere wepalylygyň ýene-de bir mysaly bolupdyr.
Täze myhmanhananyň ýerleşýän ýeri-de täsin. Köpetdagyň etegi. Seleň-sergin howaly künjek. Şu ýylyň aprelinde açylan Halk Maslahatynyň Diwanynyň, Maslahatlar merkeziniň, Kabul ediş merkeziniň, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň we «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň binalary, ynha, indi bolsa “Arkadag” myhmanhanasy biri-biri bilen täsin, sünnä sazlaşygy döredip, bu ýerde Aşgabadyň täze, röwşen keşbini emele getirýär.
                                ***
Aslynda, «şäher» sözüniň «şa» sözi bilen baglanyşyklydygyny, «şanyň tagt guran, hökümdarlyk edýän ýeri» diýmegi aňladýandygyny aýdýarlar. «Şan-şöhrat» sözi-de bu düşünjeler bilen bir kökden gaýdypdyr.
Hawa, geçmişden şu güne ýurduň şalyk derejesi onuň baş şäherinde açylýar. Döwrüň, döwletiň şan-şöhraty paýtagt şäherden dünýä ýaýylýar.
Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny baýram edýän Türkmenistanyň paýtagty, gözlerimiziň öňünde täze keşbe beslenýän Aşgabat, Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, halkymyzyň kalbynyň buýsanjydyr, diliniň senasydyr!
Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”.