JEÝHUN BILEN BAHRY-HAZAR ARASY:

WATAN HARMANYNA — 1 MILLION 400 MÜŇ TONNADAN GOWRAK BUGDAÝ!
30-njy iýunda ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny berkitmekde, halkymyzy türkmen topragynda öndürilen guşgursak dänäniň ak uny bilen üpjün etmekde we saçaklarymyzyň berekedini artdyrmakda ýene bir zähmet ýeňşi gazanyldy. Şol gün hormatly Prezidentimiz türkmen gallaçylarynyň Watan harmanyna däne tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary kabul etdi. Netijede, Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowragy tabşyryldy. Gazanylan bu üstünlik — beýik zähmet ýeňşi hormatly Prezidentimiziň gallaçy kärendeçilere, daýhan hojalyklaryna, bugdaý ekýän hususy telekeçilere we beýlekilere döredip beren giň mümkinçilikleriniň, döwlet ýeňillikleriniň, yzygiderli satyn alnan oba hojalyk tehnikalarynyň datly miweleridir. Öňde goýlan belent sepgide ýetilmeginde ýurdumyzyň welaýatlarynyň her biriniň mynasyp paýy bar. Bu, elbetde, Gahryman Arkadagymyzyň beýleki pudaklar bilen birlikde, oba hojalygynyň ösdürilmeginde-de welaýatlaryň üpjünçiligine deň derejede ähmiýet berýändiginden, olaryň her biriniň ösüşi babatda aýratyn tagalla edýändiginden habar berýär. 
«TÜRKMENISTAN».