Täze menzile täze uçar

Welaýatymyzda ikinji halkara howa menziliniň açylyp, ulanylmaga berilmeginiň özi uly şatlyk bagyşlaýandyr welin, şol günüň ikinji bir şatlygy, ertekilerdäki ýaly asmandan gondy. Pikir edip görüň, Kerkidäki täze menzile Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Boeing» kompaniýasynda öndürilen iň uzak aralyga gidip bilýän we iki hereketlendirijili iň uly ýolagçy uçary gondy. Diýmek, täze menzil hut şeýle kämil uçarlary hem kabul edip, ýene-de asman giňişligine ýollap biljek mümkinçilige eýe.
Hawa, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen açylan täze howa menziline ilkinji gonan uçar ýurdumyza täzelikde getirilen we Türkmenistandaky ilkinji uçuşyny amala aşyrýan «Boeing 777 ― 200 LR» kysymly ýolagçy uçary boldy. Uçar 300-e golaý ýolagçy bilen birlikde olaryň esli ýüküni hem alyp gidip bilýär.
Bize berlen maglumatlara görä, täze uçar bir asmana galansoň, arakesmesiz 11 müň kilometrden gowrak aralygy uçup geçip bilýär. Sagatda 920 kilometre çenli tizlige çykyp bilýän uçarda ýolagçylar hatarlaryň 10-a golaýynda oturarlar. Has takygy, uçaryň biznes klasyna 28, ekonom klasyna bolsa 263, jemi 291 ýolagçy ýerleşýär.
Kerki halkara howa menzilinde ak un, alajadyr üzärlik bilen garşy alnan täze uçar ýolagçylar bilen ilkinji uçuşyny bu ýerden Türkmenabat şäherine çenli amala aşyrdy. Il içinde-de dileg edilişi ýaly, täze ulagy ― täze uçary «toýlara münmek» miýesser etdi. Täze halkara howa menziliniň açylyş toýuna gelen uçar Türkmenabada ýola düşende, gelnalyja öwrüldi...