Bagt daragtynda goşa gumry

Kerki halkara howa menziliniň açylyş dabarasy ýene bir toýa utgaşdy. Şol gün türkmenabatly ýigit Arslan Çaryýew Amyderýanyň sag kenarynda ― Hojambaz etrabynda önüp-ösen Aýgül Jepbarowa bilen durmuş gurdy.
Dogry, durmuş toýuň bu taryhy güne gabat gelmegi diýseň uly bagt. Ýöne Arslandyr Aýgülüň bagtynyň derejesi has ýokary. Ýurdumyza täze getirilen we şol gün ilkinji uçuşyny amala aşyran «Boeing ― 777 ― 200 LR» uçary şol bir wagtyň özünde Kerki ― Türkmenabat ugrunda toý kejebesine hem öwrüldi. Ajaýyp döwrümiziň bagtyýar jübütleri bilelikdäki durmuşa ak patany bolsa hormatly Prezidentimiziň hut özünden aldylar.
Bu bagt ýaş çatynjalaryň, belki, pikirine-de gelen däldir. Ýöne olar — toýuna hut şeýle tutum bermäge mynasyp jübütler. Arslan indi bir ýyldan bäri Türkmenabadyň Halkara howa menzilinde ýolagçylara we poçta ýük daşamalaryna hyzmat edýän gullugyň agenti bolup işleýär. Ýaş hünärmen Kerkide gurulýan menzile iş sapary bilen ýygy-ýygydan gelmeli bolýardy. Ine, bir gün hem onuň nazary «Gündogdy» hususy kärhanasynyň işgärler bölüminiň ýaş hünärmeni Aýgül Jepbarowada eglendi...
Şeýlelikde tutuş ýurdumyzda täze halkara howa menziliniň şanyna toý tutulýan güni Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary Agamyrat we Merjen Çaryýewleriň ojagyna hem gelin doldy. Olar taryhy günüň ýakymy we toýuň hormatly myhmany Gahryman Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen üç perzendiniň ulujasy Arslany öýerip, öýlerine gelin getirdiler. Arslan bilen Aýgülüň bagt toýy şu gün Türkmenabatdaky «Bagt köşgi» dabaralar merkezinde tutular.
Öýlenýän ýigidiň şatlygy özüňize belli. Söhbetdeş bolanymyzda, Arslan Çaryýew şatlygyny şeýle paýlaşdy:
― Durmuş toýumyzyň ömrümiziň iň arzyly güni boljakdygyny bilýärdik. Ýöne bu taryhy gün bize has uly ýakymy bagyşlady. Biz durmuş ýolumyza hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen girişýäris. Şundan uly bagt barmy? Biziň toýumyzyň myhmany bolup, taryhy günüň ýakymyna ýugrulmaga döreden mümkinçiligi we beren ak patasy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Goý, eziz Diýarymyzda toýlar toýa ulaşsyn. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, işleri hemişe rowaç alsyn!
Aýdanyň gelsin, ýigit! Biz hem size süýji durmuş, agzybir we bagtly ýaşaýyş arzuw edýäris!