Salkyn saýaly Gökdere

Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän häzirki günlerinde Ahal welaýatynyň ruhubelent çagalarynyň uly topary tebigatyň sergin howaly künjeklerindäki çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde wagtlaryny şat geçirýärler. Welaýat häkimliginiň garamagyndaky «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde çagalaryň şadyýan sesleri ýaňlanýar.
Gökdere jülgesinde ýerleşýän bu merkezde dynç alyş möwsüminiň ikinji tapgyry başlandy. Merkez nobatdaky möwsümde çagalaryň 150-sini garşylady. Bu ýerde dynç alyp, saglygyny berkidýänleriň her gününiň ýatda galyjy we netijeli geçmegi ugrunda ähli tagallalar edilýär. Terbiýeçi mugallymlar tarapyndan ýörite meýilnama esasynda geçirilýän baý many-mazmunly çäreler çagalarda ýakymly duýgulary döredýär.
— Merkezimiz dag jülgesiniň täsin hem gözel künjeginde ýerleşýär. Daş-töwerekdäki owadan baglar, dag jümmüşinden gözbaş alýan «Altyýap» çeşmesi, jülgäniň sergin howasy juda ýakymly täsirler döredýär. Merkezimizde dynç alyp, saglygyny berkitmäge höwes edýän çagalar köp. Geçen tapgyrda bu ýerde dynç alan okuwçylar üçin dag jülgesiniň täsin ýerlerine, şeýle-de «Janly tebigatyň milli muzeýine» gezelençler guraldy. Aýdym-sazly dabaralar, döredijilik bäsleşikleri, sport ýaryşlary, çeper okaýyşlar geçirildi. Gökderedäki çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň arasynda guralan «Ýol hereketiniň ýaş gözegçileri» atly bäsleşikde merkezimiziň çagalary birinji orny eýeläp, Içeri işler ministrliginiň Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň sowgadyna mynasyp boldular. Toparlaryň 14-siniň arasyndan öňe saýlanyp, şeýle üstünligi gazanmak biz üçin örän guwandyryjy boldy. Şu tapgyrda-da ýörite meýilnamalar esasynda täsirli çäreler geçiriler. «Kim bilmeşek» ady bilen taryh, sungat, syýahatçylyk, tebigat ýaly ugurlar boýunça sowal-jogap bäsleşigini, «Owadandyr Watanym» ady bilen surat, goşgy, aýdym-saz bäsleşiklerini, «Gülki agşamy» bäsleşigini, «Kitap — bilimleriň açary» atly çäräni we beýleki çäreleri geçirmegi meýilleşdirýäris. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, welaýat sport we ýaşlar syýasaty baş müdirligi bilen bilelikde geçiriljek sport ýaryşlary, döredijilik bäsleşikleri, syýahatlar hem çagalaryň wagtynyň şadyýan geçmegine ýardam eder — diýip, dynç alyş-sagaldyş merkeziniň uly mugallymy Honçagül Täşliýewa aýdýar.
Merkeziň döwrebap binalarynda çeper eller, aýdym-saz, şekillendiriş sungaty gurnaklary hereket edip, olara çagalar höwes bilen gatnaýar. Kitaphananyň, okalga zalynyň, kompýuter otaglarynyň hyzmatyndan peýdalanýanlar hem az däl. Merkezde açyk asmanyň astyndaky suw howzunyň, şeýle-de ýapyk suw howzunyň, aýdym-saz merkeziniň, sportuň dürli görnüşleri boýunça meýdançalaryň bolmagy çagalaryň saglygyny berkitmäge kömek edýär.
Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.