Gadymy hem müdimi Kerki

Geçmişiň şöhratly şäheri bu gün ýene dünýäniň möhüm hyzmatdaşlyk hem ösüş merkezine öwrülýär
Kerki şäherinde täze howa menzili guruldy. Bu baradaky başlangyç Gahryman Arkadagymyza degişlidir. Ýakyn wagtda, Lebap topragynda Medeniýet hepdeliginiň geçirilýän günlerinde bu howa menzili ulanmaga berler.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýaly ajaýyp eserlerinde uzak geçmişdäki şöhratly şäherlerimiziň hatarynda ady buýsanç bilen tutulýan Kerkiniň durmuşynda bolup geçýän uly wakalar ony ýene-de ýurdumyz üçin hem, dünýä üçin hem hyzmatdaşlygyň, ösüşiň möhüm merkezine öwürýär.
Hawa, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny» durmuşa geçirmek bilen baglylykda, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň buýurmasy boýunça Kerki şäherinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge ukyply täze howa menzili guruldy. Taslamany «Gündogdy» hususy kärhanasy amala aşyrdy. Howa menzilini döwrebap enjamlaşdyrmak, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen Fransiýanyň meşhur «Thales» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edildi. Bu howa menzili ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňeltmek bilen, howa ýoly arkaly ýük daşalmagyny, ýolagçy gatnadylmagyny ýokary derejede üpjün eder.
Mälim bolşy ýaly, Kerkide howa menzili mundan ozal hem bolupdy. 1947-nji ýylda ulanmaga berlen howa menziliniň, täze döwrüň talaplaryna laýyk gelmeýändigi, onuň uçuş-gonuş zolagynyň hem häzirki zaman uçarlaryny kabul etmäge, ugratmaga mümkinçiliginiň ýokdugy zerarly, işini bes edipdi. Täze howa menzili häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. Ol göge göterilmek üçin ganatyny gerip duran ak guwy ýatladýan baş binasyndan başlap, bütin gözel durky, ähli amatlyklary bilen özboluşlydyr. Onuň uçuş-gonuş zolagy uçarlaryň islendik görnüşini kabul edip we ugradyp biler.
                                                * * *
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, ýurdumyzyň her bir sebiti babatda bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem ägirt uly özgertmeler, beýik gurluşyklar amala aşyrylýar. Ol özgertmeleriň, gurluşyklaryň ençemesi eýýäm öz miwelerini eçilýär. Döwrüň uly işleri dynuwsyz dowam etdirilýär. Beýik döwrüň ösüşleri babatda welaýatyň diňe bir künjeginiň — Kerki şäheriniň mysalynda hem juda kän zat aýdyp bolar.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň umumy ösüşleri, ýakyn we uzak geljegi nazarlaýan beýik maksatlarymyz bilen baglanyşyklylykda Kerki şäheriniň ykbalyna düýbünden täze durmuşy getirdi. Şäheriň gadymy Kerki adynyň gaýdyp gelmegi, bu ýerde bitirilen, bitirilýän ähli işler biziň umumy taryhymyzy — täze we beýik taryhymyzy ýazýar.
«Dile geldi — bile geldi». Geliň, bir salym taryh, taryhy atlar, Kerki şäheriniň hem gadymy adynyň oňa gaýtarylyp berilmegi barada söhbet edeliň!
Taryh — biziň geçen ýolumyz. Müňýyllyklary yzarlap gaýdan ýeňişli hem kynçylykly, çylşyrymly hem şöhratly ýolumyz. Özümizi görmegimiziň aýnasy. Özümizi öwrenmegimiziň çeşmesi. Özümizi tanamagymyz, özümizi açmagymyz. Döwlet gurmakdaky, döwleti beýgeltmekdäki köp taraply wezipeler. Biziň her birimiziň bitirýän işimiz, döredijilikli zähmetimiz... Taryh — diňe geçmiş däl, taryh — şu günüň hem geljegiň başlanýan ýeri. Iň gadymy geçmişden şu güne gelen, şu günden asyrlara uzaýan ýol...
Dürli wagtlarda biziň taryhymyzy dürlüçe öwrenmäge çalyşdylar. Has dogrusy, bu uzak hem çylşyrymly taryhy her kim özüçe, öz güýjüniň, ýagdaýynyň çatdygyça, öz islegiçe diýen ýaly düşündirjek boldy.
Bu gün öz taryhymyzy özümiz, onda-da juda dogruçyl öwrenmek bilen, şu topragyň taryhynyň biziň öz taryhymyzdygy baradaky beýik hakykaty açýarys. Hakykaty açýarys we dünýä ýaýýarys.
Ýer-ýurt atlary — milletiň taryhy. Ýurdumyzyň çäklerinde biziň müňlerçe ýyllyk geçmişimizden habar berýän ýer-ýurt atlary kän. Olary saklap galmagyň gymmaty halkymyzyň taryhyny ýitirmezlige, öz taryhymyza özümiziň eýe bolmagymyza barabar.
Mundan birnäçe ýyl ozal hormatly Prezidentimiziň Lebap welaýatynda iş saparynda bolup, Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirende aýdan sözleri ýadymyza düşýär. Milli Liderimiz şeýle diýdi: «Gadymy döwürlerde biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçen Beýik Ýüpek ýoly köp sanly söwda şäherleriniň, taryhy welaýatlaryň we ýerleriň üstünden geçipdir, ol ýerleriň atlary taryha ebedilik giripdir. Bu atlar diňe bir gadymy çeşmelerde, ylmy işlerde däl-de, eýsem, halkyň hakydasynda hem saklanyp galypdyr. Dehistan, Amul, Abiwert, Parfiýa... — şeýle gözel atlary näçe sanasaň sanap oturmaly».
Milli Liderimiz ýene şeýle diýdi: «Häzirki döwürde ýurdumyzda ilatly ýerleriň köp sanly täze atlary peýda boldy. Bu atlarda täze döwrüň ruhy, tapawutly aýratynlyklary beýan edilýär. Şunuň bilen birlikde, gadymy ilatly ýerleriň — köne şäherleriň, şeýle hem häzirki şäherleriň we etraplaryň ozalky atlaryny dikeltmek möhüm diýip hasap edýärin».
Milli Liderimiz ýene şeýle diýdi: «Lebap welaýatynda hem geçmişde meşhur atlary bolan şeýle ýerler az däl. Eger biz olaryň atlaryny şol sebitiň ýer-ýurt atlarynyň sanawynda (toponimikasynda) saklap galsak, onda bu milli mirasymyzy gorap saklamagyň we soňky nesillere ýetirmegiň ýene-de bir ýoly bolar».
Gahryman Arkadagymyzyň bu aýdanlaryny, saparyň dowamynda bular boýunça bitiren işlerini bütin halkymyz, ozaly bilen, welaýatyň ilaty tüýs ýürekden makullady. Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiziň ýer-ýurt atlary meselesinde bitirýän işleriniň özem, gürrüňsiz, taryhy işlerdir.
Lebabyň köp asyrlyk şöhratly geçmişi bolan şäher-kentleriniň taryhy atlary gaýtadan dikeldildi. «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar kabul etdi. Şeýlelikde: Atamyrat etrabynyň we onuň Atamyrat şäheriniň ady üýtgedilip, olara Kerki ady dakyldy. Birata etrabynyň we onuň Birata şäheriniň ady üýtgedilip, olara Darganata ady dakyldy. Galkynyş etrabynyň we onuň Galkynyş şäheriniň ady üýtgedilip, olara Dänew ady dakyldy. Serdarabat etrabynyň ady üýtgedilip, oňa Çärjew ady dakyldy. Çärjew etrabynyň Guşçular şäherçesiniň ady üýtgedilip, oňa Çärjew ady dakyldy...
                                                * * *
Soltanýaz begiň galasynyň gurlan ýerleri örän irki döwürleriň gala-şäherleriniň ýerleridir. Bu töwerekde gadymyýetiň örän kuwwatly, iň uly galalaryndan diýlip ykrar edilen, takmynan, 2 müň 300 ýyllyk taryhy bolan Hojaidatgala ýaly galalardan ýadygärlikler bar. Amulyň söwda kerwenleriniň bir ugry şu ýerden geçipdir. Öz döwründe ykdysady babatda Amuldan hem öňe geçen, Parfiýa bilen berk gatnaşykda bolan, Beýik Ýüpek ýolunda aýratyn orun eýelän Zemmiň söwda kerwenleriniň hem bir ugry Amyderýanyň çep kenaryny syryp, hut şeýle taryhy ýerleriň, şol sanda Şähri-Haýbar, Hojaidatgala ýaly, möhüm söwda-ykdysady merkezleriň üstünden geçipdir...
Zemm, soňra Kerkuh (ýa-da Kerküh) — Kerki atlary bilen şöhratlanan bu şäheriň taryhy antik döwürden gaýdýar. Diýmek, Kerki 2 müň 600 ýyldan gowrak wagt bäri ýaşap gelýän, döwür-döwür gülläp ösen şäherdir. Baryp biziň eýýamymyzdan öňki VI-V asyrlarda we irki orta asyrlarda bu ýerde Amyderýanyň «Kerkuh» atly örän amatly geçelgesi bolupdyr.
Arheologlar gadymy Zemmiň çäklerinde gazuw-agtaryş işlerini geçirenlerinde, Ahemeniler, Parfiýa, Sasaniler döwletlerine degişli metal pullary tapypdyrlar. Munuň özi dürli taryhy ýagdaýlar bilen, şol sanda söwda-ykdysady gatnaşyklar bilen baglanyşyklydyr.
Öňde-de ýatlaýşymyz ýaly, Zemm belli bir döwürde, has takygy, X asyryň aýaklarynda uly şähere öwrülip, ykdysady taýdan Amuldan hem öňe geçipdir, döwrüniň ägirt uly ykdysady, medeni merkezine öwrülipdir. Bu döwürlerde ol eýýäm Kerki ady bilen şöhratlanypdyr. Ony türkmenleriň hut özleri şeýle atlandyryp başlapdyrlar. Zemm (Kerki), hakykatda, diňe derýanyň çep kenaryndaky ýerleri däl, sag kenaryndaky, häzirki Kerkiçi şäheriniň ýerlerini hem öz içine alypdyr. Şeýlelikde, ol iki bölekden ybarat bolup, derýanyň sag kenaryndaky bölegi — Kerkiçi bir döwürler Ahsisak diýlip atlandyrylypdyr.
Mes ýerler, ekerançylyk üçin amatlylyk, öri meýdanlary... Bular Zemmiň baýlygy bolupdyr. Eýsem-de bolsa, onuň ösüşi, ozaly bilen, Amyderýadan geçelgesi bilen, amatly port şäher bolandygy bilen baglanyşyklydyr.
Şäheriň «Zemm» ady halk arasynda soň-soňlaram ýaşap gelipdir. Has takygy, onuň şol irki ady ýaňy-ýaňylara çenli bu ýerde önüp-ösen käbir goja kişileriň dilinde biraz üýtgän görnüşinde — Şähri-Zeňňer diýlip tutulypdyr.
Şäheriň «Kerki» ady IX — X asyrlardan bellidir. Zemm Kerki adyny alandan soňra türkmenler Kerkiçiniň gadymky ady bolan Ahsisaga Kerkiçi (ýagny «kiçi Kerki», «Kerkä degişli» manysynda) diýip at beripdirler.
Kerki hem Kerkiçi Amyderýanyň iki kenarynda, biri-biriniň gabadynda, biri-birine bakyşyp otyrlar. Has dogrusy, goşulyşyp otyrlar. Gadymyýetden bäri bu ýerde — jüp kenardaky iki şäheriň arasynda gaýykly, gämili gatnaw kesilmändir. Olar döwrüň örän möhüm derýa ulaglary hökmünde adamlary, ýükleri ol kenardan beýleki kenara geçiripdirler. Şeýlelikde, Kerki Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm merkezleriniň biri bolupdyr. Ol derýanyň sag kenaryndan, Kerkiçiniň üsti bilen gelýän, olara gidýän gatnawlar üçin hem, derýanyň çep kenaryndan, Amulyň we beýleki ýerleriň üsti bilen gelýän, olara gidýän gatnawlar üçin hem, Garagumuň aňňat-aňňat çägeliklerini söküp, Merwiň üsti bilen gelýän, olara gidýän gatnawlar üçin hem, häzirki Owganystan Yslam Respublikasynyň üsti bilen gelýän, olara gidýän gatnawlar üçin hem özboluşly merkez bolupdyr. Şular bilen birlikde, ol Horezmiň, Sarahsyň, Änewiň, Nusaýyň, Dehistanyň üsti bilen gelýän, olara gidýän gatnawlar üçin hem özboluşly merkez bolupdyr. Ýurdumyzyň çäklerindäki beýleki örän şöhratly ýerler ýaly, gadymy Zemm — Kerki Gündogary hem Günbatary, Aziýany hem Ýewropany birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň bütin taryhynda örän möhüm merkezleriň biri hökmünde şöhratlanypdyr.
Geçmişde şeýle bir ýagdaý asyrlarboýy dowam edip gelipdir: türkmenler öz ýaşan ýerleriniň atlaryny ykbalyň emri bilen göçüp baran, ýurt edinen ýerlerine geçiripdir. Kerki şäheriniň ady bilen baglanyşykly hem bu barada aýtmak bolar. Bir zamanlar bu şäheriň ady Yrak türkmenleriniň köpçülikleýin ýaşaýan Kerküh şäherine geçirilipdir. Bu ýerdäki Kerküh hemişe, asyrlarboýy türkmenleriň ýaşaýan mekany bolup gelendir. Kerki şäheriniň türkmene näderejede ýakyndygyny, mähremdigini, bu adyň türkmenleriň hut özleri tarapyndan dakylan atdygyny, bu toprakda önüp-ösenleriň, soňra nirelere at salyp gitseler-de, onuň adyny we oňa bolan söýgülerini özleri bilen ýaşadandygyny diňe şu mysaldan hem görmek mümkindir. Görnüşi ýaly, türkmenler baran ýerlerinde binýat eden şäherlerine öz mähriban şäherleriniň — Kerkiniň adyny dakypdyrlar.
Soltanşa Atanyýazow «Türkmenistanyň toponimik sözlügi» atly işinde: «Kerki sözi, megerem, «ker» we «kuh» diýen iki bölekden ybarat bolup, «dagdaky (dagyň üstündäki) gala» diýen manyny aňladýan bolsa gerek...» diýen pikiri orta atýar. Hakykatdan-da, bir zamanlar Kerkä degişli bolan, onuň sag kenardaky bölegi hasaplanan Kerkiçi belentlikde — dagyň üstünde howalanyp görünýär. Eýsem-de bolsa, Kerki şäheriniň ýerleşýän ýeri dagyň üstünde däl-de, çep kenardaky gurply toprakly ýerdedir. Görnüşi ýaly, taryhçy alymlar üçinem, dilçi alymlar üçinem bu babatda pikirlenmäge, netije çykarmaga esas bar.
Kerkide gadymy döwürlerden bäri türkmen durmuşy, türkmen medeniýeti gülläp ösüpdir. Bu babatda ýekeje mysala ýüzleneliň! Ärsary türkmenleriniň halylary dürli öwüşginliligi bilen birnäçe topara bölünýär. Şolaryň biri-de Kerki halysydyr. Ol türkmeniň örän gadymy halylaryndan bolup, gölleriniň iriligi, nagyşlarynyň sap ösümlik we jandarlar dünýäsinden alnandygy bilen tapawutlanýar. Ortasyna «oňurgagöl», «gapyrgagöl», «güllügöl», «sallanmagöl», «towukgöl», «derýagöl» ýaly nagyşlar, gyrasyna dürli ownujak nagyşlar bilen bir hatarda «kerpiçgöl» atly on iki burçly ullakan nagyş salynýan bu halylara seredip, müň ýyllyk däl, müňlerçe ýyllyk geçmişimiziň şöhratly hem syrly sahypalary barada çuňňur pikire gideniňi duýman galýarsyň...
                                                * * *
Kän şatlyga şärik bolup, ýene kän gowgany gören, uzak taryhy ýoly geçen Kerki! Şonça wagtyň, şonça döwrüň içinden gaýdyp, bu şäher ýaşaýşyny üznüksiz dowam etdirýär. Ol henizem adamlar, halklar, ýurtlar arasyndaky gatnaşyklarda şol gadymky ähmiýetini ýitirenok. Kerki bu gün ýurdumyzyň gülläp ösýän sebitleriniň birine öwrülýär. Täze zamanada juda köp zat täzelenen hem bolsa, ýollar, gatnawlar, hyzmatdaşlyklar täze bir görnüşe eýe bolan hem bolsa, dünýäniň ýüzünde, adamzadyň söwda-ykdysady, ruhy-medeni gatnaşyklarynda Kerki şäheriniň henizem öz orny bar. Ony hiç bir zat köneldip ýa kiçeldip bilenok.
Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilýän döwründe bu ýerde Amyderýanyň iki kenaryny, şonuň bilenem onuň kenarlaryndaky şäherleri — Kerkini hem Kerkiçini birleşdirýän demir hem awtoulag ýollarynyň köprüleri guruldy. Eger-de Amyderýanyň üstünden Kerki — Kerkiçi awtoulag hem demir ýol köprüleri gurulmadyk bolsady, häzirki zaman Beýik Ýüpek ýolunyň şu ugry kemala gelmezdi. Bu ýollar arkaly goňşy Özbegistana, Täjigistana, ondan hem alysdaky ýurtlara çykmagyň, ol ýurtlardan biziň ýurdumyza gelmegiň täze, amatly ugry döredi.
Kerki — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) demir ýoly Aziýa demir ýol ulag geçelgesiniň «altyn halkasy» hasaplanylýar. Kerki şäheri şu halkara demir ýoluň, şeýle-de Ymamnazara, Akina, Andhoýa uzaýan halkara awtoulag ýolunyň başlangyç nokadydyr.
Şeýlelikde, Kerkä çenli çekilen demir ýollar, bir tarapdan, döwrebap köprüler arkaly derýanyň sag kenaryndaky ilatly ýerlere, döwrüň senagat merkezlerine, goňşy ülkelere tarap uzap gidýär. Beýleki tarapdan, goňşy Owganystana uzamak bilen, iki dostlukly ýurduň hyzmatdaşlygyna täze dereje berýär, ýurtlary hem sebitleri birleşdirjek ýola öwrülýär. Ine, indi bolsa Kerkide täze, döwrebap uçar menzili-de guruldy. Bularyň ählisi — ýurt üçin, sebit üçin, dünýä üçin iňňän möhüm ýollar...
Kerkidäki özgerişler gadymyýetiň uly şäherleriniň gaýtadan öz şöhratyna eýe bolşuna bir mysal bolup, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy ösdürmek baradaky yhlasyny, zamanamyzyň güýç-kuwwatyny görkezýär.
Milli Liderimiziň tagallasy bilen bu gün ählumumy ösüşiň bähbidine dünýä bilen gatnaşygyň, hyzmatdaşlygyň ýoly gaýtadan dikeldilýär — Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman ulgamy döredilýär. Şonuň bilen, Türkmenistan bu şöhratly ýoluň gadymy hem müdimi merkezi hökmündäki abraýyny gaýtadan dikeldýär.
Milletimiziň, döwletimiziň abraýyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, taryhy işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara ulaşsyn!
Akmyrat HOJANYÝAZ.
«Türkmenistan».