ARAL: EKOLOGIÝA WE YKDYSADYÝET

Üçünji müňýyllygyň başynda adamzat jemgyýetiniň ýüzbe-ýüz bolýan ekologiýa meseleleriniň üstünlikli çözülmegi ähli döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýär. Bu barada milli Liderimiz 25-nji maýda geçirilen BMG-niň gazylyp alynýan senagat boýunça ýokary derejeli ählumumy forumynda eden çykyşynda: «Dünýäde iri serişde öndüriji ýurtlaryň biri bolan we bu ugurda öz jogapkärçiligine doly düşünýän Türkmenistan önümçilik maksatlary bilen daşky gurşawy goramak boýunça wezipeleriň arasynda deňeçerligi saklamak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýar» diýmek bilen, möhüm başlangyçlary öňe sürdi.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan daşky gurşawy goramak, onuň hapalanmagynyň öňüni almak, janly tebigatyň biologik köpdürlüligini saklap galmak wezipelerine jogapkärçilikli çemeleşýär we bu ugurda aýratyn işjeňlik görkezýär. Aral barada aýdylanda, bu mesele geçen asyryň 50-60-njy ýyllarynda Orta Aziýa sebitinde örboýuna galdy. Milli Liderimiz Aralyň ekologiýa bitewüligini gaýtadan dikeltmek, deňziň guramagynyň sebitiň howa gurşawyna ýaramaz täsiriniň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreleriň zerurdygyny yzygiderli nygtaýar we ýurdumyzda bu ugurda bellenen wezipeleri durmuşa geçirmek üçin köp möçberde maliýe serişdeleri goýberilýär. Şu ýylyň 25-nji fewralynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda-da Aral deňzi, onuň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly emele gelen ýagdaýlaryň ýurdumyza, goňşy döwletlere ýetirýän zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça bilelikdäki täze, kämil kanunlardyr kararlaryň kabul edilmegi babatda teklipleri taýýarlamagyň möhümdigini nygtady.
Aralyň guramagy adamzat taryhynda iň iri tebigy betbagtçylyklaryň biridir. Häzirki döwürde onuň gurap, dolulygyna ýitip gitmek howpy saklanyp galýar. Bu ýagdaý, turuwbaşdan, tebigy hadysalaryň netijesi hasaplanmaýar. Alymlar onuň suwunyň ykdysady bähbitler üçin çendenaşa köp ulanylandygyny aýdýarlar. Aral suwunyň häzirki wagtda 17 metr çemesi peselendigi, suw meýdanynyň 80 göterimden gowragynyň ýitendigi, deňziň 75 göterim derejede gurap, ortaça duzlulygynyň 8 g/l-den 30 g/l-e ýetendigi ylmy jemgyýetçiligiň wekillerini çynlakaý aladalandyrýar. Ozal deňizde balyklaryň 34 görnüşi hasaba alnypdyr, deňizýaka çäklerde senagat önümçiligini üpjün etmegiň çäklerinde her ýylda 40 müň tonnadan gowrak balyk we beýleki deňiz jandarlary awlanypdyr. Häzirki wagtda bu ýerde suw bioserişdeleri düýbünden peýdalanylmaýar. Deňziň çekilmegi bilen guran 3 million gektara golaý ýerden her ýylda 75 million tonna golaý duz dürli tarapdan öwüsýän şemal bilen göterilip, tutuş sebite ýaýraýar. Netijede, deňizýaka sebitiň 500 kilometre çenli aralygynda ýerleşen çölüň köp böleginde topragyň düzümi düýpli şorlaşyp, toprak-howa şertleri barha ýaramazlaşýar.  Bu oňaýsyz tebigy hadysalar biziň ýurdumyzdan hem sowa geçmedi. Türkmenistanyň Daşoguz welaýaty Araldan 390 km aralykda ýerleşýär. Sebitde ýeliň tizliginiň ortaça sekuntda 6 metre çenli öwüsýändigini nazara alsaň, şemal akymy bilen göterilýän gury himiki jisimler, takmynan, 15 sagat 3 minudyň dowamynda ýurdumyzyň demirgazyk çäklerine gelip ýetýär. Daşoguz, Balkan welaýatlarynyň demirgazyk-gündogar etraplarynyň, Lebap welaýatynyň demirgazyk etraplarynyň medeni we öri meýdanlaryna tozanly duz bölejikleriniň düşmegi ýerleriň şorlaşmagyna alyp barýar. Ýerasty hem-de ýerüsti süýji suw gorlarynyň düzüminde duzuň saklanyşy artyp, sebitde tebigy töwekgelçilikleriň howpy ýokarlanýar. 
Ekologiýa ýagdaýynyň has-da ýitileşmegine agrar önümçiligiň hem täsiri ýetýär. Sebitde ekişe ýaramly ekerançylyk meýdanlarynyň her gektaryna ýylda 55 — 60 kg himiki serişdeler, 300 — 400 kg mineral dökünler ulanylýar. Üstesine-de, Araldan duzly jisimleriň sowrulmagy netijesinde, oba hojalyk önümleriniň we olardan taýýarlanýan azyk harytlarynyň düzüminde pestisidleriň 15, nitratlaryň 13, fenolyň 10, geksahloranyň 5 esse töweregi artyk bolmagyna getirýär. Bu ýerde çölleşme hadysasynyň barha ýokarlanýandygyny-da bellemek gerek. Şoňa görä-de, oba hojalyk meýdanlarynda topragy goramak, ekin dolanyşygyny peýdalanmak bilen bagly meseleleriň ähmiýeti artýar. Olaryň üstünlikli çözülmegi bolsa goşmaça maliýe serişdelerini talap edýär. 
Soňky çärýek asyryň dowamynda sebitiň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň biodürlüligi düýpli üýtgedi, janly tebigatyň wekilleriniň 200-den gowrak görnüşi ýitirilen hasap edilýär, olaryň käbir görnüşleri bu ýere düşlemegini bes etdi. Geçen asyryň 90-njy ýyllaryndan bäri Aralýaka sebitiň 98 göterim çäginde suwuň minerallaşmagy 3 esseden-de köp ýokarlandy. Munuň özi balyk tutulýan suwlarda bakterial taýdan hapalanma hadysalaryna alyp barýar. Aralyň ýaramaz ekologiýasy zerarly ýakynda ýerleşýän ilatly ýerlerde howply ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak, tebigy töwekgelçilikleriň derejesini peseltmek babatda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Indi birnäçe ýyl bäri sebitde ýaşaýyş-durmuş gurşawyny sagdynlaşdyrmak, ekologiýa deňagramlylygyny gaýtadan dikeltmek ugrunda BMG-niň bilermenleri hem netijeli iş alyp barýarlar. Ýeri gelende bellesek, 1993-nji ýylyň martynda Gazagystanyň Gyzylorda şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň tebigy töwekgelçilikli çäk bilen bagly işleri öz wagtynda, maksadalaýyk ýerine ýetirmek meselelerine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşygy geçirilip, onda Araly halas etmegiň halkara gaznasy we onuň Ýerine ýetiriji komiteti döredildi. 
BMG tarapyndan Aralýaka sebiti ýokary tebigy töwekgelçilikli sebit diýlip yglan edildi hem-de emele gelen ýagdaýy ýeňip geçmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler işlenip düzüldi. Türkmenistan her ýylda Arala ýakyn ýerlerde ilaty arassa agyz suwy bilen doly üpjün etmek, adamlaryň ömür dowamlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Döwlet býujetinden iri möçberli maliýe serişdelerini goýberýär. Şol serişdeleri Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Daşoguz şahamçasy tarapyndan ýurdumyzyň Daşoguz, Balkan we Lebap welaýatlarynyň sebite ýakyn ýerleşen etraplarynda şora çydamly ekinleri ekmek, innowasion kollektor-zeýkeş ulgamyny esaslandyrmak bilen kada getirmek hem-de ekin dolanyşygyna girizmek, şeýle-de Aral deňziniň sebitiniň meseleleri boýunça 1999 — 2015-nji ýyllarda üç maksatnama (Aral deňziniň basseýniniň PBAM-1, PBAM-2, PBAM-3 maksatnamalary) esasynda düzümleýin gurluşyk-gurnama işlerinde özleşdirmek bellenildi. 
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji we 2019-njy ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalary kabul edildi. Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň 2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen sammitinde tebigatdan jogapkärçilikli peýdalanmak, ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda bilelikdäki tagallalary birleşdirmek arkaly Aral deňziniň giňişliginde ýerleşen ýurtlara kömek bermek boýunça (PBAM-4) maksatnamany taýýarlamagyň zerurdygy nygtaldy. Degişli maksatnamanyň şu ýylyň üçünji çärýeginde tassyklanyp, işe girizilmegi ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň ekologiýa ýagdaýynyň has-da kadalaşmagyna getirer. Şeýle hem Türkmenistanda sebite ýakyn ekerançylyk ýerlerini netijeli peýdalanmak, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, agrotehnika, meliorasiýa kadalarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek üçin Aral deňzinde toparlaýyn barlaglary geçirmek boýunça guramaçylyk çäreleriniň meýilnamasyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Bu ugurda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. 2009-njy ýylda «Ozon gatlagyny goramak hakynda», 2012-nji ýylda «Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, 2012-nji ýylda «Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasy» kabul edildi. Milli strategiýanyň çäginde ykdysadyýetiň nebitgaz, energetika, gurluşyk, oba hojalyk, suw üpjünçiligi, ulag ýaly möhüm ugurlarynda ahyrky netijeleri azaltmak we uýgunlaşdyrmagy üpjün etmek, «ýaşyl» ykdysadyýetiň ornuny ýokarlandyrmak boýunça sebitleýin çäreler bellenildi. 2019-njy ýylda onuň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi zerur bolan hukuk, guramaçylyk we tehnologik şertleri üpjün etdi. Munuň özi ekologiýa wezipelerini ýerine ýetirmek üçin wajypdyr we uýgunlaşma çäreleriniň sanawyny düýpli giňeltmäge mümkinçilik berýär. 
Türkmenistan, öz gezeginde, sebite ýakyn ekerançylyk ýerleri netijeli peýdalanmak, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, agrotehnika, meliorasiýa kadalarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek üçin Aral deňzinde toparlaýyn barlaglary geçirmek boýunça guramaçylyk çäreleriniň meýilnamasyny taýýarlamagy maksat edinýär. Durmuşa geçiriljek taslamanyň çäginde dürli döwletleriň hünärmenlerinden düzülen toparyň wekilleri tarapyndan Aral deňziniň suwunyň we degişli himiki, ekologik galyndylaryň, janly biodürlüligiň antropogen hem-de tebigy täsirlere sezewar bolan çäklere duýgurlygynyň derejesini öwrenmek boýunça ylma esaslanýan işler alnyp barylar. Şu maksat bilen aýry-aýry çäklerde deňiz gurşawynyň fiziki-himiki häsiýetleri köpugurly ölçeýjileriň hem-de deňiz gurşaw profilografynyň kömegi arkaly barlanylar. 
Ýurdumyzyň «Ekogözegçilik» gullugynyň hünärmenlerine, bu ugra degişli ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaş alymlara, bilermenlere barlag nusgalaryny saýlap almagyň, konserwasiýa etmegiň we degişli barlag derňewlerini taýýarlamagyň halkara usullarynyň hem-de tärleriniň öwredilmeginiň göz öňünde tutuljaklygy aýratyn bellärliklidir. 
Barlag nusgalaryny saýlap almakda, saklamakda we soňky derňew barlaglaryny geçirmekde dünýäde ileri tutulýan usulyýetiň peýdalanylmagy onuň halkara kadalara doly laýyk gelmegini üpjün eder. Şunuň bilen birlikde, bu çäräniň netijeli amala aşyrylmagy milli bilermenleriň iş tejribesiniň düýpli baýlaşmagyna, hünär taýýarlygynyň kämilleşdirilmegine saldamly goşant bolup, geljekde şunuň ýaly barlag-gözleg işlerini özbaşdak alyp barmak üçin zerur bolan bilimleri we tejribäni toplamaga giň ýol açar. Barlaglaryň geçiriljek zolagynyň hökmany ýagdaýda sebite degişli ekologik gullugyň jogapkärçiliginde bolan meýdan-çäginiň düýpli esasda saýlanyp alynmagy, saýlama derňew üçin niýetlenen barlag beketleriniň ýerleşdirilişiniň gündelik barlaglaryňkydan düýpli tapawutlandyrylmagy işleriň has-da ilerlemegine itergi berer. 
Barlag beketleriniň her birinde howa ýagdaýlarynyň aýratynlyklaryny birin-birin bellige almak, her bir beketde alnyp barylýan işleri toparyň žurnalynda jikme-jik bellemek göz öňünde tutulýar. Şeýle çemeleşme işiň ahyrky netijelerine esaslanmak bilen, barlag derňewleriniň ozalky usulyýetini has-da kämilleşdirmäge, bu ugurdaky milli maksatnamanyň Aralyň deňiz gurşawynyň hil gözegçiligi boýunça Sebit maksatnamasyna dolulygyna uýgunlaşdyrylmagyna ýardam eder. Ozal şeýle saýlama barlag nusgalaryny, olary geçirmegiň usulyýet binýadyny taýýarlamak we ýaýratmak, şeýle-de derňew barlaglarynyň netijelerini bahalandyrmak çäresi Türkmenistanyň başlangyjy bilen Hazar sebitinde 2008-nji ýylyň ýaz aýlarynda alnyp baryldy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýakyn ýyllarda dünýä ähmiýetli şeýle ekologiýa çärelerini geçirmek üçin sebit döwletleriniň we abraýly halkara guramalaryň oňyn tagallalaryny birleşdirmegiň ähmiýeti has-da ýokarlanar. 
Aral deňziniň guramagy bilen baglylykda ýüze çykýan oňaýsyz ekologik täsirleri ýeňip geçmek meseleleri milli strategiýanyň möhüm ugruny düzýär. Bu wezipeler milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde bolmagynda galýar.
Hormatly Prezidentimiz 26-njy maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary bilen geçiren maslahatynda-da Aral meselesine aýratyn ünsi çekip, Aral deňziniň howp salýan sebitlerinde ekologiýany durnuklaşdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň möhümdigini nygtady. Munuň özi tebigaty goramak ýaly umumadamzat ähmiýetli işleriň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Şol syýasatyň esasy maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak arkaly ählumumy derejede abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilendir.
Hangeldi GURBANGELDIÝEW.
Türkmenistanyň Maliýe we 
ykdysadyýet ministrligi.