Daýhançylygy telekeçilik bilen utgaşdyranlar

Hakyt ýarym müň gektardan-da artyk ýere degerli hyzmat etmegi başarýan ýigitleri bu töwerekde daýhan doganlar diýip tanaýarlar. Ata-baba daýhançylykdan eklenen bu döwletli maşgala geçen ýylyň ahyryndan bäri telekeçi.
Dogduk obalarynyň ekin çäginden 501 gektar ýeri uzak möhletleýin kärendesine alan batlaryna, ozalkylary ýaly galdawlyk bilen, 350 gektarda ur-tut bugdaý ekişini geçiren Gowşakowlar indi telekeçiligiň ilkinji hasylyny ýygnap ýörler. Durun obasyndan 20 — 22 kilometrlik gaýrada ýerleşen «Ýuha» diýilýän ýerde indi ymykly iş mekanyny tutunan doganlaryň 7-si hem häzir aýak üstünde, orak möwsümini tamamlap barýarlar. Gowşakowlaryň körpesi Hudaýnazar bilen biz Bäherdeniň etrap häkimliginden çykyşymyza, şäherden dik gaýralygyna ugrap, peseň çägelige direýän, ýaýylyp ýatan meýdana guşluk bolmanka bardyk.
Ýolda 36 ýaşly sürüji maşgaladaky 11 doganyň 8-siniň oglan bolup, olaryň häzire çenli rysgallarynyň birdigini aýdyp, turuwbaşdan, geň galdyran şeýle gürrüňini howlukmazdan dowam etdi. Ejesiniň şunça maşgala ýeterlik çörek bolmagy üçin gün sypdyrman tamdyrda nan ýapandygyny, indi muny gelinleriň agzybirlikde dowam edýändigini aýdyp, guwanç duýgusynyň üstüni myssa ýylgyrmak bilen ýetirdi. Münüp baran «Jipimizden» başlap, esasy önümçilik serişdeleriniň ortakdygyny gaýtalap goýberdi. Buýsanmazça, ýanjamazça däl: soňky ýyllarda şeýle maşgala duşmak dogrusy, obada, şäherde çetin. Bu gürrüňlerden çen tutup, telekeçi bolmagyň binýadynyň şundan başlanýandygyna ýene bir gezek göz ýetirdim. Inim Möwlamberdi hem 4 ogluny öýli-işikli etse-de, henize çenli olaryň rysgalyny aýyrmaýar. Muny hususyýetçi inimiň hem maşgala bolup, bilelikde saklaýan mallaryna gerek adam güýjüni we harjy jemlemek üçin şeýdýändigine men Durunda, Gowşakowlaryň tejribesinden magat göz ýetirdim.
Hawa, «Agzybire Taňry biýr...» pelsepesiniň gadymy telekeçiligiň gaýtadan möwç urýan zamanynda, ine, şu yranmaz döwletli maşgalanyň mysalynda wysal tapyp, munuň häzir has-da zerur närsediginden habar berýär. Onsoňam, şeýle jebislik doganlaryň gündelik işine hem mahsus ekeni: munça meýdanda esasy işi daşyndan mümkingadar az adam çekip, hut doganlaryň özleri ýerine ýetirýär. Telekeçilik işine tutuşlygyna Altymyrat baştutanlyk etse, 1969-njy ýylda doglan Aýnazar topara ýolbaşçylyk edýär. Çünki onuň bu ugurdan ozalky daýhan birleşiginde 20-21 ýyllyk tejribesi bar. 2009-njy ýylda Aýnazar «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanylýar. Roýuna mele topragyň, tylla Günüň nury mazaly çaýylan bu daýhan bugdaýdyr gowaça deň suw — 4-5 gezek suw berseň ýeterlikdigini aýdýar. Suwaryş işleriniň arasynda tümmül suwunyň aýratyn ähmiýetini Hudaýnazar ýatladýar. Aýnazar ideg işiniň heniz ýere tohum sepilmezden hem ozal, şüdügär sürümiň, tekizleýiş-düzleýiş işleriniň yzy bilen berilýän dürli dökünleri sepmekden başlamalydygyny nygtaýar. Her suwaryşdan ozal ýa-da şerbet usuly bilen hem dökün berlip durulmaly. Şeýle dökünler dersden, fosfordan, karbamidden, azotdan ybaratdyr. Onsoňam, gowaça suwy bilen bugdaý suwunyň gabat gelmeginden gaça durmaly: şunda suw ýetmezçiliginiň öňi alynýar. Ine, şeýle edilende, ýylyň gurak gelmegine hem garşy durup bolýar. Hudaýnazar şu ýyl şeýle tejribäniň oňyn netijesini onçakly unaman, muny ýörite ekin ýerine gelip, görüp gidenleriň az bolmandygyny gürrüň berdi.
Meýdandaky gysga söhbetdeşligimizde tohumyň ahyrky netijä täsiriniň diýseň uludygy hakynda agzaşmaga-da ýetişdik. Doganlar bugdaýyň «Batko» we «Ýuka», gowaçanyň bolsa «Ýolöten-39» tohumyny ulanýarlar. Işini içgin bilýän kişi netijäni hem öňünden dogry çaklap bilýär. Doganlar döwlete tabşyrylmaly 730 tonna bugdaýyň artygy bilen bardygyna ynanýarlar. Olar 150 gektardan hem köp ýeri tutýan gowaça meýdanlaryndaky işi hem ugurdaş alyp barýandyklaryny, ekiniň ýagdaýynyň gowudygyny gürrüň berdiler.
Ýogsa-da, daýhançylygy telekeçilik bilen şowly utgaşdyrmaga başlan Gowşakowlaryň tejribesi bu ugurdaky hünärmenleri hem gyzyklandyrsa gerek: kärendeçilikden telekeçilige geçmek bu işe daşyndan gelen telekeçilere hem oňat mekdep bolup biler. Çünki oba hojalygy ykdysadyýetiň beýleki pudakdyr ugurlaryndan düýpli tapawutlanýar. Ýerlerdir mallar bilen iş salyşmaga, ozaly bilen, obalylar werziş bolýar. Onsoňam, olaryň telekeçi bolup gitmegi birbada iki wezipäni çözýär: ekerançylygy we maldarçylygy dogabitdi özleşdiren obalylaryň bu pişäni öwrenmäge tebigy mümkinçilikleri has köp we munuň özi obalylaryň täze şertlerde iş ýerleri bilen üpjünçiligini gowular.
Hakberdi AMANMYRADOW.
«Türkmenistan».