Çempionlar unudylmaýar

Ýadyňyzdadyr, hormatly Prezidentimiz agyr atletikaçy gyz Ýulduz Jumabaýewa 2018-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň altyn medalyny gowşuranda, Altymyrat Orazdurdyýew, Marat Nyýazow ýaly, dünýä meşhur türgenlerimizi uly hormat bilen ýatlady. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, olaryň sport äleminde gazanan üstünlikleri bu günki nesiller üçin görelde mekdebidir.
Ussat türkmen agyr atletikaçysy Altymyrat Orazdurdyýew barada dürli dillerde onlarça makala ýazyldy. Onuň haýsy ýyllarda dünýäniň, haýsy ýyllarda Ýewropanyň, haçan Aziýanyň çempiony bolandygyny, belki, okyjylarymyz bizden has gowy bilýändirler. Şu ýazgylara girişmezden ozal, biz türkmeniň pälwan gerçegi barada ýazylan makalalaryň birnäçesine göz gezdirdik. «Dokuz doganyň biri, alty ogluň iň körpesi», «kakasy aradan çykandan 40 gün geçenden soň dünýä inen», «ilkinji tälimçisi ― öz agasy onuň müçesini kiçi görüp, birbada rugsat bermändir», «1981-nji ýylda agyr atletika bilen ymykly meşgullanyp başlap, bary-ýogy sekiz ýyldan soň dünýäniň çempiony bolan»... Altymyrat Orazdurdyýew baradaky her bir gürrüň bu gün gyzykly erteki ýaly diňlenilýär. Bu gürrüňleriň, ýazylanlaryň içinde bihaly ýok. Şolaryň ählisinden hem Altymyrat Orazdurdyýewiň özüniň türkmendigine bolan belent buýsanjyny duýmak bolýar. Bu türkmen gerçeginde Olimpiýa oýunlarynyň medalyny gazanmaga hem mümkinçilik döräpdir. Käbir sebäplere görä, oňa bu üstünlik nesip etmedigem bolsa, Altymyrat Orazdurdyýew agyr atletika dünýäsinde uly meşhurlyk gazandy.
Ýurdumyzda ussat agyr atletikaçynyň hatyrasy belent tutulýar. Ozal ol sportuň bu görnüşi boýunça dünýä çempiony bolan ýeke-täk türkmenistanly türgendi. Indi biziň şu derejä ýetip bilen türgenlerimiziň sany ikä ýetdi. 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynyň netijesinde Ýulduz Jumabaýewa hem öz agram derejesinde dünýäniň iň güýçli agyr atletikaçysy diýlip yglan edildi. Rejepbaý Rejebow, Hojamuhammet Toýçyýew, Seýitjan Mirzaýew, Aýsoltan Toýçyýewa, Kristina Şermetowa, Polina Gurýewa, Gülnabat Kadyrowa ýaly, köp sanly türgenlerimiz halkara ýaryşlardaky üstünlikli çykyşlary bilen hemmämizi begendirýär. Garaz, pälwan ata-babalarymyzdan gaýdyp, Altymyrat Orazdurdyýew tarapyndan ýokary basgançaga telim ýola galdyrylan agyrlyk götermek sungatyny bu gün türkmenistanly türgenleriň üstünlikli çykyşlary bezeýär.
16-njy iýun diňe bir jöwzaly tomsuň 16-njy güni däl. Ol meşhur hindi aktýory Mithun Çakrabortiniň, figuralaýyn typmak boýunça dünýäniň alty, Olimpiýa oýunlarynyň iki gezek çempiony Aleksandr Zaýsewiň, germaniýaly meşhur futbol tälimçisi Ýurgen Klopuň we beýleki köp sanly meşhur şahsyýetleriň, şolar bilen bir hatarda, türkmen sport ussadynyň dünýä inen güni. Döwletimiz öz gerçeginiň gadyryny bildi. Ol «Watana bolan söýgüsi üçin», «Gaýrat», «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» medallaryna mynasyp görüldi, onuň ady ebedileşdirildi. Ýüreklerimizde bolsa oňa hemişelik heýkel dikeltdik.
Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».