Ýaş alymlaryň ynamly gadamlary

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň her ýyl ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edýän ylmy işler boýunça bäsleşiginiň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyndaky tapgyrynda ýaşlaryň 57-si ýeňiji boldy.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýeňiji bolan ýaşlara Gahryman Arkadagymyzyň adyndan şahadatnamalardyr gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Biz dabarada bolup, ýaş alymlaryň birnäçesi bilen gürrüňdeş bolduk.
— «Hormatly Prezidentimiziň ylym syýasaty we Seljuklar döwletiniň «Nyzamyýa» medreseleri» atly ylmy işim bilen bäsleşikde birinji orna mynasyp boldum.
Gaýduwsyz hem merdana halkymyz dünýäde birnäçe döwletleri, beglikleri we hanlyklary döreden halkdyr. Kalby nurly, döredijilik ruhly, adamzat durmuşynda ylym-bilimiň ähmiýetine çuňdan akyl ýetiren halkymyz, guran döwletlerinde, ilkinji nobatda, ylym, bilim ojaklaryny ösdüripdir. Olar öz ata-babalarynyň bu ugurdaky tejribesini dünýä ylmynyň gazananlary bilen sazlaşyklylykda utgaşdyrmak arkaly kämil derejedäki ylym-bilim ojaklarynyň ýüzlerçesini döredip, olarda okuwlary ýokary derejede ýola goýupdyrlar.
Türkmenler tarapyndan döredilen we dünýäde giňden meşhur bolan «Nyzamyýa» medreseleriniň taryhy tejribesi hormatly Prezidentimiziň häzirki zaman dünýäsinde ykrar edilen ylym-bilim bermekligiň milli nusgasynda özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Alym Arkadagymyzyň ylmy syýasaty sanly ulgama geçmek, innowasion ösüşiň gazananlaryny türkmen ylmyna ornaşdyrmak, şu esasda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak, ony senagatlaşan döwlete öwürmek, bu ugurda ýaş alymlaryň işjeňligini artdyrmak ýaly möhüm aýratynlyklary bilen häsiýetlenýär — diýip, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň kiçi ylmy işgäri Aýmyrat Kulyýew gürrüň berdi.
Ýaş alymlaryň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlaryň birnäçesiniň alyp baran işleri milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda sanly ulgama geçmek, ýaşlara sanly ulgamyň üsti bilen bilim bermek, sanly ulgamyň torlary barada düşünje bermek, milli metbugatymyzy sanly ulgama geçirmek... bilen baglanyşykly.
— Ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşige «Türkmenistanyň sanly diplomatiýasynyň häzirki zaman ösüşi we geljegi uly bolan ugurlary» atly ylmy işim bilen gatnaşyp, ikinji orna mynasyp boldum. Bu üstünlik meni täze ylmy gözleglere ruhlandyrýar.
Sanly ulgamyň hem-de jemgyýetçilik diplomatiýasynyň bir görnüşi hökmünde sanly diplomatiýa uly ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň düzüminde «Sanly diplomatiýa» bölümi döredildi. Bölümiň döredilmegi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmekde sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerden peýdalanmaga we uzak aralykdan dürli görnüşli syýasy ähmiýetli çäreleri ýokary guramaçylykly geçirmäge ýakyndan ýardam berýär. Dünýäniň köp döwletleriniň COVID-19 pandemiýasy bilen ýüzbe-ýüz bolan şertlerinde daşary syýasatymyzda sanly diplomatiýanyň orny has-da artdy — diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň öwreniji mugallymy Suraý Hemraýewa gürrüň berdi.
Hawa, türkmen ylmynyň geljegi uly. Sebäbi Gahryman Arkadagymyz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ylmy işler bilen meşgullanyp, milli hem-de halkara derejede geçirilýän ýaryşlara gatnaşmaklaryna giň mümkinçilikleri döredip berdi. Halkymyz ylym-bilimi ähli baýlyklardan zyýat görýär. Goý, ylym ýolunda uly üstünlikleri gazanýan ýaşlaryň gadamlary şowly bolsun!
Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.