Soltan Sanjaryň mawzoleýi we onuň çeper bezegleri

Orta Gündogar binagärçiliginiň iň beýik ýadygärlikleriniň biri-de, görnükli syýasy işgär we harby serdar bolan, Seljuklar döwletiniň iň soňky soltany Soltan Sanjaryň mawzoleýidir. Ol beýik soltanyň hut özüniň tabşyrygy boýunça gurlup, şol döwre mahsus bolan iň esasy binagärlik häsiýetleri we çeperçilik usullary özüne siňdiripdir. Bu ýadygärlik Seljuk türkmen döwletiniň gurluşyk medeniýeti barada gürrüň berýän esasy binagärlik resminamasy bolup hyzmat edýär. 
Soltan Sanjaryň mawzoleýi barada sungaty öwreniji G.A.Pugaçenkowa: «Eger-de bütin Merw yz galdyrman ýiten hem bolsa, onuň öňki şöhratyny şöhlelendirýän  maglumatlar, şäheriň ýadygärlikleriniň harabaçylygy-da galmadyk ýagdaýynda hem diňe Soltan Sanjaryň mawzoleýiniň üsti bilen şäheriň ägirtligini, şöhratyny öwrenmeklige mümkinçilik döreýär» diýip ýazypdyr.       
Maryda ýerleşen bu mawzoleý hakykatdanam demirgazyk Horasanyň arhitektura mekdebine degişli taýsyz ajaýyp nusgadyr. Binany Soltan Sanjaryň özi «ahyryýetde ýaşajak jaýy» diýip atlandyrypdyr. Reşideddin ( XIV asyr ) ony: «Dünýäde iň uly gurlan ymarat» diýip häsiýetlendiripdir .
Gadymy awtorlar tarapyndan «Depesiniň mawy reňkli gümmezi bir günlük ýoldan görünýär» diýlip, tarypy ýetirilen bu ymarat hakykatdan-da ägirt . Elbetde, onuň bir mahalky al-asmanda lowurdap, göz ýetime görk berip duran mawy syrçaly gümmezinden nam-nyşan galmandyr. Ýöne muňa garamazdan, Soltan Sanjar mawzoleýiniň ägirtligi welin heniz-henizlerem görenleri haýran galdyrýar . 
Mälim bolşuna görä, şeýle äpet hem üýtgeşik ymaratyň dik başyny peseltmek, oňa nähilidir bir hyýanat etmek, hatda başarsalar ony ýer bilen ýegsan etmek üçin geçmişde gör näçe synanyşyklar edilipdir . Emma adamyň döreden bu üýtgeşik ymaraty welin gözellik diýen zadyň bakydygyny, ony hiç bir ýamanlygyň, jeň - gowganyň basmarlap bilmejekdigini ýer yüzüne jar edip , gaýduwsyzlyk bilen biziň günlerimize gelip ýetipdir. 
Aýtmaklaryna görä, şeýle belent binanyň gurdurylmagyny Seljuk soltany Sanjara ilkinji bolup teklip eden adam Horasanyň belli şahyry, Merwde köşk şahyrlarynyň şasy hasaplanan Auhaddetdin Enweri bolupdyr. Soňra bu ymaraty dikeltmäge ukyply, meşhur ymaratçy ussa Muhammet ibn Atsyz as Sarahsyny tapyp, soltana hödürlän hem beýik binanyň gurlușyk işleri doly tamamlanandan soň, ol ussany hökümdaryň gazabyndan gaçyran hem ýene şol Enweri  bolupdyr. 
Soltan Sanjaryň mawzoleýi orta asyr ussalarynyň Günorta Türkmenistandaky gurluşyk sungatynyň iň bir naýbaşy nusgasy hasaplanylýar. Onuň gurlan döwri bolsa orta asyr Merwiniň gülläp ösen döwrüne gabat gelýär. Şeýle bolansoň ol Merw şäheriniň merkezinde, onda-da iň bir görnükli ýerinde ozaldan bar bolan iri monumental jaýlaryň arasynda, seljuk hökümet köşgüniň we metjidiniň ýanyndan salnypdyr. Galyberse-de gurluşygyň gidişinde ybadathana metjidiniň iri bölekleriniň biri gös-göni mawzoleýiň esasy diwarlaryna sapylypdyr. Muny mawzoleýiñ gündogar diwarynyň daş yüzündäki saklanyp galan gurluşyk alamatlaryndan hem äşgär bilmek bolýar. Şeýlelikde, bu mawzoleý ajaýyp Kreml jaýy hökmünde ösen orta asyr Merwiniň iñ uly ybadathana metjidiniň toplumyna girizilipdir hem-de onuň esasy bezegi bolup hyzmat edipdir diýmäge esas bar. «Dar al ahyra» («ahyryýet öýi») diýip atlandyrylan bu binanyň  gurluşygyna gözegçilik etmek işi Soltan Sanjaryň ynamdar emeldarlarynyň biri bolan Ygtyýareddin Jöwher at Täji diýlen adama tabşyrylypdyr. Mawzoleý 1140-njy ýylda gurlupdyr. 1157-nji ýylda Soltan Sanjar ýogalandan soňra, onuň öz wesýetine eýerlip, jesedini mawzoleýiniň içki meýdançysynyň ortasynda jaýlapdyrlar. Emma şondan 64 ýyl geçenden soň, ýagny, Merwiň şäher galalary wagşy mangol goşunlary tarapyndan gabalanda şäher ilaty öz soltanlarynyň jesedini çykaryp başgarak ýerde jaýlapdyrlar. 
Ýadygärligiň diwarynyň ýüzünde birnäçe arap, pars ýazgylary saklanyp galypdyr. Şol ýazgylaryň birinde, ýagny, gümmeziň iç ýüzünde ýazylan ýazgyda ýadygärligi guran ussanyň ady «Muhammet ibn Atsyz as – Sarahsy»  ýazylypdyr . rus alymy W.Z. Wýatkin ýadygärligi guran ussanyň adynyň «Muhammet ibn Atsyzdygyny» kesgitläpdir. M. Ý. Masson bolsa onuň Sarahslydygyny, ýagny, «as – Sarahsy»  diýlip ýazylandygyny aýdypdyr . 
Ýadygärligiň içinde häzir guburyň üstünde ýazgy ýadygärligi bolan mermer daşy goýlan. Ony bolsa , «Şu ýer musulmanlaryň zyýarat edýän ýeri bolsun» diýen maksat bilen Güljemal han goýdurypdyr. Maglumatlaryň habar bermegine görä, ýadygärligiň gündogar tarapynda orta asyrlarda metjit hem bolupdyr. Ýadygärligiň üç tarapynda orta asyrlarda 7-8 metr belentlige ýetýän jaýlar degip durupdyr. Muňa ol ýerde şekilleriň bolmagy şaýatlyk edýär. Soltan Sanjaryň mawzoleýiniň tehniki taýdan kämilligi, berkligi we gözelligi onuň eýýäm sekiz ýüz ýyldan-da köp wagtdan bäri durandygyna kynçylyk bilen ynanmaga mejbur edýär . 
1928-nji ýylda A.Semýonow «Zakaspi harabalygy boýunça» («По Закаспийской развалиной») atly kitapçasynda ýazylan sözlere görä, ol mazaryň üstünde arap dilinde ýazylan: «Şu ýerde ahlak, ruhy taýdan iň kämil adam hasaplanýan, Seljuk türkmenleriň neberelerinden bolan Soltan Sanjar diýip atlandyrylýan adamyň jesedi ýatyr. Ol öz döwründe, adalatly hem-de alymlaryň we şahyrlaryň hossary bolupdyr. Yslam dünýäsine ol, ylym we sungat arkaly gülläp ösen ýagdaýda giripdir» diýen ýazgyny okapdyr. 
Jennet BEGLIÝEWA, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.