EKOLOGIK GORAGLYLYGYŇ YGTYBARLY HUKUK BINÝADY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan toplumlaýyn, uzak möhletleýin, geljegi nazarlaýan parasatly ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň abadançylygy bilen sazlaşykly alyp barmaga gönükdirilendir. Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, aýawly we rejeli peýdalanmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýagny ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Dünýä derejesinde ýüze çykýan ekologiýa meseleleriniň belli bir çäginiň bolmaýşy ýaly, olaryň garşysyna göreşmek, öňüni almak üçin ähli döwletleriň birleşen tagallalary zerurdyr.
Ramsar konwensiýasy 1971-nji ýylyň 2-nji fewralynda Hazar deňziniň günorta kenaryndaky Ramsar şäherinde geçirilen halkara duşuşykda 18 döwlet tarapyndan kabul edildi we 1975-nji ýylyň 21-nji dekabrynda güýje girdi. Oňa 2000-nji ýylda 119, 2020-nji ýylda bolsa, 171 ýurt gol çekdi. 
Häzirki wagtda Ramsar konwensiýasy suwly-batgalyk ýerleri goramagyň esasy guraly bolup durýar. Kämilleşdirmek maksady bilen, oňa iki gezek üýtgetme girizildi: Pariž Teswirnamasy (1982 ý.) we Pedžaýn düzedişi (1987 ý.). Pariž Teswirnamasy bilen konwensiýanyň mazmuny arap, fransuz, nemes, rus we ispan dillerinde tassyklanyldy. Pedžaýn düzedişi esasynda taraplaryň maslahatynyň ygtyýarlylygy kesgitlenildi, sessiýalaryň arasyndaky hemişelik komitet döredildi hem-de hemişelik sekretarlygy we konwensiýanyň býujeti düzüldi. Ramsar konwensiýasynyň aýratynlygy, onuň ekologik ulgamyň çemeleşmelerine esaslanýanlygyndadyr. Ol diňe suwda ýüzýän guşlary goramak bilen çäklenmän, adamyň hal-ýagdaýyny we biologik dürlüligi gorap saklamak üçin esasy orny eýeleýän ekologik ulgamlaryň biologik dürlüligini ykrar edýär.
Konwensiýanyň esasy maksady hökmünde suwly-batgalyk ýerleri goramaklygy we olary aň-düşünjeli peýdalanmaklygy görkezmek bolar. Sekiz sany görkezijini hasaba almagyň netijesinde (suw-batgalyk ýerleriň aýratynlyklaryny, onda ýaşaýan guşlaryň we balyklaryň görnüşlerini hasaba almak bilen) konwensiýanyň Ramsar sanawy emele gelýär.
Türkmenistan Ramsar konwensiýasyna 2008-nji ýylyň 22-nji fewralynda goşuldy.
Ramsar konwensiýasyna goşulan döwletler Ramsar sanawyna goşmak üçin azyndan bir suw-batgalyk ýeri bellemeklige; bu ýerleri goramaklyga ýardam bermeklige, meýdany kemelen ýagdaýynda, olaryň ornuny tutup biljek ýerleri döretmeklige; suw-batgalyk ýerleri goramaklygy ýerden peýdalanmagyň milli meýilnamalaryna girizmeklige; mümkinçiliklere görä, ähli suw-batgalyk ýerleri (diňe bir Ramsar sanawyndakylary däl) aň-düşünjeli peýdalanmaklyga; suw-batgalyk ýerlerde goralýan ýerleri döretmeklige we beýlekilere borçlanýarlar. 
Ýarym asyr bäri durmuşa geçirilip gelinýän Ramsar konwensiýasy peýdalanylýan suwly-batgalyk ýerleri hem-de olaryň serişdelerini saklap galmak we olardan oýlanyşykly peýdalanmak maksady bilen, milli hereketleriň hem-de halkara hyzmatdaşlygyň esasyny düzýär. 
Ramsar sanawyna goşmak göz öňünde tutulýanlardan — «Altyn asyr» Türkmen köli, «Altyn köl», Kelif-Zeýit suwly-batgalyk ulgam we beýlekiler bar. Aşgabadyň demirgazygyndaky «Altyn kölüň» Ramsar konwensiýasy bilen goralýan tebigy ýerleriň sanawyna girizilmegi maksadalaýyk hasaplanylýar. Suw guşlarynyň ýaşaýan ýeri hökmünde halkara ähmiýetli batgalyk ýerleriň sanawyna Hazar deňziniň gündogar bölegindäki Türkmenbaşy aýlagy girýär. 
Soňky on ýylda Türkmenistanda Ramsar konwensiýasynyň talaplaryny ýerine ýetirmek boýunça Iş toparynyň bilermenleri onuň ölçeglerine laýyk gelýän suwly-batgalyk ýerleriň ählisini barlady. Häzirki wagtda bilermenler diňe bir «Altyn köl» boýunça däl, eýsem, Türkmenbaşy aýlagy, Altyn asyr, Soltandag — Gyzylburun we Ýerajy — Ketdeşor kölleri boýunça-da teklipnama maglumatlaryny taýýarlaýarlar. Sarygamyş köli, Howuzhan, Saryýazy, Soltan Sanjar — Düýeboýun suw howdanlaryna-da garamak göz öňünde tutulýar. Kelif kölleri bilen «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 15 ýyllygy» (ozalky Zeýit) suw howdanyna aýratyn üns berilýär, bu ýerde ýabany tebigaty goramak boýunça Bütindünýä gaznasynyň taslamasynyň çäklerinde ekoulgamlar öwrenilýär. 
Suw-batgaly peýdalanylýan ýerler şäherleriň durnukly ösüşi jähetinden wajyp ähmiýete eýedir. Çäklerini barha giňeldýän Aşgabat «Altyn köli» hem öz içine alýar. Indi ol Garagumuň etegindäki köl däldir, ol paýtagtyň binagärlik landşaftyna sazlaşykly goşulmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, şäherde suwly-batgaly ýerleriň zerurlygyny ýatlatmak gerek, çünki olar durmuş hilini ýokarlandyrmaga ýardam edýärler. Adamyň ýaşaýşy köp babatda tebigy we şäherlerde emeli döredilen şeýle ýerleriň ýagdaýyna baglydyr. Şäheriň çägindäki suwly-batgaly ýerler ekologik deňagramlylygy saklamaga we durmuş gurşawyny sazlaşdyrmaga ýardam edýär. Ramsar konwensiýasy şäherlerdäki suwly-batgaly ýerleri saklap galmaga gönükdirilen çäreleri görmäge çagyrýar. Goralýan şeýle ýerler şäherlere ummasyz ykdysady, sosial we medeni peýda getirýär.
Geljekde «Altyn köl» guşlaryň ençemesiniň mekany bolar, suw-batgalyk ösümlikleriniň dürli görnüşleri bilen haýran eder. Bu ýerde döredilýän dynç alyş zolagy özboluşly, ekologiýa taýdan durnukly ada bolup, ol, gürrüňsiz, ekologiýa medeniýetini kemala getirmäge ýardam eder hem-de janly tebigat dünýäsini, işjeň we sagaldyş dynç alşy halaýanlar üçin islegli ýere öwrüler.
Aýjan OMAROWA,Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.