Parahatçylygyň baýramy

Zeminiň çar künjünde ýaýbaňlandyrylýar
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi dünýä senenamasynda özboluşly, halkara welosiped baýramçylygynyň döremegini şertlendirdi. Indi dördünji gezek halkara bileleşik bilen bilelikde bellenilýän bu baýram ulagyň ekologiýa taýdan arassa görnüşi hökmünde welosipedi saýlaýanlaryň millionlarçasyny bir ýere jemleýär. Bütindünýä welosiped gününi giňden dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary hem asylly däbe eýerip, bu şanly senäniň öň ýanynda köpçülikleýin welosipedli ýörişlere badalga berdiler.
Bütindünýä welosiped gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy tarapyndan Moskwanyň M.Gorkiý adyndaky merkezi medeni-dynç alyş seýilgähinde köpçülikleýin welosipedli ýöriş guralyp, oňa ilçihananyň işgärlerinden, bu ýerde hemişelik ýaşaýan türkmen wekillerinden we Moskwanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplaryndan ybarat jemi 85 adam gatnaşdy.
Beýik Britaniýada ýurdumyzyň ilçihanasy tarapyndan 10 kilometrlik weloýöriş Londonyň meşhur «Hyde Park» seýilgähiniň çäklerinde geçirildi. Oňa türkmen tarapynyň wekilleri bilen birlikde, londonly ýaşaýjylar hem işjeň gatnaşdylar. Çäräniň başynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen esaslandyrylan Bütindünýä welosiped gününiň we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi.
 Gruziýanyň Milli welosport federasiýasynyň wekilleriniň, türgenlerdir tälimçileriň gatnaşmagynda Tbiliside geçirilen köpçülikleýin weloýöriş ýerli habar beriş serişdelerinde hem giňden şöhlelendirildi. Çärede Türkmenistanyň Gruziýadaky doly ygtyýarly wekili çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň: «Bütindünýä welosiped güni — parahatçylyk we raýdaşlyk, sagdynlyk we ruhubelentlik ýaly wajyp gymmatlyklaryň ähmiýetini alamatlandyrýan halkara baýram. Ol parahatçylygyň ilçisi bolan sporty ösdürmek hem-de wagyz etmek, bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleri açýar» diýen sözlerini mysal getirmek bilen, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça edilýän tagallalar, raýatlaryň saglygyny berkitmäge ömür dowamlylygyny uzaltmaga gönükdirilen giň gerimli işler barada giňişleýin gürrüň berdi.
Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçihanasy tarapyndan Abu-Dabi şäherinde geçirilen welosipedli ýöriş diplomatlardyr olaryň maşgala agzalaryny bir ýere jemlese, Dubaý şäherindäki Baş konsullygynyň guran çäresine «TAPI Pipeline Company Limited» paýdarlar kompaniýasynyň Dubaýdaky wekilleri, bu ýerde ýaşaýan türkmenler we Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň degişli wekilleri gatnaşdylar.
Bu şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy «Green Revolution» guramasy bilen bilelikde Buharestiň merkezi seýilgähinde, Täjigistandaky ilçihanasy Sadriddin Aýni adyndaky paýtagt seýilgähinde, Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy Bişkek şäheriniň «Yntymak» seýilgähinde türkmenistanly talyplaryň gatnaşmagynda weloýörişlere badalga berdi.
 Pakistandaky diplomatik wekilhanamyz bolsa ýurduň Daşary işler ministrliginiň wekillerini hem-de daşary ýurtly diplomatlary bir ýere jemlän weloýörişi «Pedal for a green future» şygary bilen gurady. Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan 2018-nji ýyldan bäri geçirilmegi däbe öwrülen köpçülikleýin ýöriş bu ýyl BMG-niň ýurtdaky edarasynyň we Welosipedçiler federasiýasynyň ýardam bermeginde ýaýbaňlandyryldy. Daşary ýurtlaryňdyr halkara guramalaryň Ýerewanda akkreditirlenen wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, şäher ýaşaýjylarydyr welosportuň köp sanly muşdaklary oňa işjeň gatnaşdylar.
Umuman, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzyň Ýaponiýadaky, Gazagystandaky, Özbegistandaky, Azerbaýjandaky, Belarusdaky, Ukrainadaky, Koreýa Respublikasyndaky diplomatik wekilhanalary, Astrahandaky we Aktau şäherlerindäki konsullyk edaralary tarapyndan hem köpçülikleýin welosipedli ýörişler guralyp, olar şäher ýaşaýjylarynyň müňlerçesine «iki tigirli ulagda» gezelenç etmek arkaly tebigat bilen sazlaşykda bolup, sagdyn durmuş ýörelgesini ilerletmäge mümkinçilik berdi. Dünýä döwletleriniň ençemesinde giňden ýaýbaňlandyrylan weloýörişler parahatçylygyň we dostlugyň ilçisi bolan sportuň hem-de raýdaşlygyň halkara derejede dabaralandyrylmasy bolup, Bütindünýä welosiped gününiň döredilmeginiň gözbaşynda duran milli Liderimiziň başlangyçlarynyň ýokary ykrara eýe bolýandygyny nobatdaky gezek açyp görkezdi.
Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».