NEPISLIGIŇ NUSGASY

At toýnagy bilen dokma daragynyň sesi halkymyzda durmuşyň ýürege ýakyn owazy hasaplanýar. Türkmen guda garyndaşlygyny açmaly bolanda hem, haly dokalýan, dokma daragynyň sesi gelip duran öýüň gapysyny açanyny kem görmändir. Türkmen halysyna gyz sepiniň içinde hem mynasyp orun degişlidir. Eger-de sep halysy gyzyň öz elinden çykan bolsa, onda gadyr-gymmaty has-da artypdyr. Bu häzirem şeýle. Türkmen zenanlary halynyň gadymy nusgalaryna täze öwüşgin berip, kämilleşdirip, geljekki nesillere ýetirýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz ähli mümkinçilikleri döredýär, halyçylyk sungatynyň ösmegi üçin taýsyz tagallalary edýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bina edilen döwrebap çeper halyçylyk kärhanalarynda zenanlar öndürijiligiň ýokary nusgasyny görkezýärler.
Her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň baýramynyň giňden bellenilip geçilmegi, halyçylaryň el işleriniň dünýä ýaýylmagy üçin guralýan sergiler, dakylýan hormatly atlar, berilýän döwlet sylaglary — bularyň hemmesi Gahryman Arkadagymyzyň pudagy ösdürmäge berýän üns-aladasynyň netijesidir. Şeýle bolansoň, bu günki günde her bir halyçynyň mähriban Arkadagymyza bolan alkyşy egsilmezdir.
Hawa, dünýäde ilkinji äpet halyny serdarly halyçylaryň dokandygy hem buýsandyryjy hakykatdyr. Döwrüň agyr synagly ýyllarynda, ýagny 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwründe serdarly halyçylar uly haly dokap, türkmen zenanynyň eliniň çeperligini, her bir işde gaýratlylygyny, ussatlygyny äleme äşgär etdiler. Türkmen halysynyň milli muzeýine gelşik berip duran bu haly «Türkmen kalby» diýlip atlandyrylýar.
Geçmişde haly dokamakda nusgalyk yz galdyran etrabyň halyçylarynyň ene-mamalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgesi häzirem dowam etdirilýär. Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary äpet halylaryň ikisini, ýagny Lebap welaýatynyň hem-de Balkan welaýatynyň «Türkmeniň ak öýi» binalaryna niýetlenen halylary dokaýarlar.
Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň önümhana müdiri, «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy», «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň birnäçe gezek ýeňijisi Patma Amanjaýewa bilen söhbetdeş bolanymyzda:
— Serdar çeper halyçylyk kärhanamyzda 250 halyçy gelin-gyz zähmet çekýär. Ene-mamalarymyzyň ýoluny dowam etdirýän halyçy gelin-gyzlarymyzyň çeper ellerinden çykýan nepis halylaryň ýurdumyzyň kaşaň binalarynyň bezegi bolýandygy buýsandyryjydyr. Ýurdumyz Garaşsyzlygyna eýe bolandan bäri hem, kärhanamyzda uly göwrümli halylaryň birnäçesi dokaldy. 2011-nji ýylda Türkmenistanyň Maslahatlar köşgi üçin dokalan, umumy meýdany 378 inedördül metr bolan ak guşly gölli hala, 2012-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Ruhyýet köşgüne niýetlenen, umumy meýdany 275,57 inedördül metre deň bolan ak guşly gölli hala, 2013-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Ruhyýet köşgi üçin dokalan, umumy meýdany 332,99 inedördül metr bolan ak guşly gölli hala, şol ýylda Türkmenbaşy şäherindäki Ruhyýet köşgi üçin umumy meýdany 142,80 inedördül metr gabsa gölli hala, 2014-nji ýylda Lebap welaýatynyň Ruhyýet köşgi üçin umumy meýdany 270 inedördül metrden gowrak bolan hala kärhanamyzyň çeper elli zenanlarynyň ussatlygy, yhlasy, alyn deri siňdirildi. Kärhanamyzda dokalýan halylaryň göwrümi-de, agramy-da gitdigiçe artyp barýar. Dokaýan uly göwrümli halylarymyzyň hemmesine-de hormatly Prezidentimiziň sözleriniň we golunyň şekilleriniň ýerleşdirilmegine Gahryman Arkadagymyzyň biz — halyçylara bildirýän ynamyna jogap diýip düşünýäris. Mähriban Arkadagymyzyň sözlerini hem-de goluny hala çitenimizde hem, Watany söýmegiň aňrybaş nusgasyny görýäris.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň uludan toýlanylýan ýylynda Lebap hem-de Balkan welaýatlarynda ulanylmaga beriljek «Türkmeniň ak öýi» binalaryna niýetläp, äpet halylary dokaýarys. Kärhanamyzda şu günler öz welaýatymyzyň «Türkmeniň ak öýi» binasyna ýerligi ak reňkde, «gabsa gölli», Lebap welaýaty üçinem ýerligi ak reňkde «Lebap göli» salnan halylary dokaýarys. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ady äleme dolan älemgoşar öwüşginli halylarymyzyň has-da owadan, meşhur bolmagyny gazanmagy, eziz Arkadagymyzyň bildirýän ynamyny ödemegi özümize bagt hasaplaýarys — diýip, çeper elli halyçy gürrüň berdi.
Hawa, türkmen halysynyň argajynda türkmeniň göwni, erşinde türkmeniň ruhy, çitiminde bolsa türkmeniň ykbaly bardyr.
Nursoltan DEPBIÝEWA,
žurnalist.