AK ŞÄHERIŇ AK BÄBEKLERI 

«Aşgabat — arzuwlaryň amala aşýan şäheri» diýýäris. Bu hakykat 25-nji maýa geçilýän gije paýtagtymyzyň onlarça maşgalasynda eýjejik perzentleriň dünýä inmegi bilen, olary iň uly arzuwlaryna ýetirdi. Şol gün ilkinji dünýä inen çagalaryň maşgalasyna Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Düýn bolsa şol bagtyýar maşgalalar öz ojaklarynda bäbek toýuny toýladylar. 
Aşgabadyň gününde ilkinji ogul perzendini dünýä inderen bagtly ene — Selbi Orazmyradowa öz ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi:
— Özüm 171-nji çagalar bagynda terbiýeçi bolup işleýärin. Çagalary diýseň gowy görýärin. Aşgabat şäheriniň gününde oguljygymyzyň dünýä inmegi maşgalamyz üçin ýatdan çykmajak pursat boldy, ak arzuwlarymyz myrat tapdy, göwün islegimize ýetirdi. Perzendiň dünýä inmegi islendik ata-enäniň durmuşynyň iň arzyly, iň zyýada pursadydyr. Bäbejigimizi sag-aman elimize almakda hyzmatyny gaýgyrmadyk eli ýeňil lukmanlara köp sagbolsun aýdýarys. 
Gahryman Arkadagymyz 25-nji maýda ilkinji bolup dünýä inen oglanjyga Paýtagt ýa-da Aşgabat adynyň, eger gyzjagaz dünýä inse, oňa Merjen ýa-da Maýa adynyň goýulmagyny teklip edipdi. Şol arzyly günde ilkinji ogul perzent biziň maşgalamyzda dünýä indi. Oguljygymyza Aşgabat diýip at goýduk. 
Bu toý gününde şatlygyndan ýaňa guş bolup uçaýjak bolýan, ogul agtygy dünýä inen enäni, töwerek-daşyndakylaryň gutlagyny kabul edip, “Size-de Hudaý ýetirsin!” diýýän atany, dünýä ýaňy gelen kiçijik ynsany gujagyna gysyp, zol-zol uly buýsanç bilen ýüzüne garaýan kakanydyr ejäni synlanyňda, maşgala bolmak bagtyna «Bagtyň seresi» diýesiň gelýär. 
Şu toý gününde körpeje Aşgabadyň enesi Bagtygül Akyýewanyň hem ýürek buýsanjyny okyjylarymyz bilen paýlaşmak isledik. 
— Biz şu gün örän bagtly. Atasynyň arzuwy, enesiniň küýsegi — Aşgabadymyz öýümize geldi. Ojagymyz has ýagtylan ýaly boldy. Çaga — durmuşyň güli, ýaşaýşyň bezegi. Täze dünýä inen kiçijik ynsan maşgala ojagyna egsilmez şatlyk getirýär. Ak şäherimiziň güni mynasybetli, maşgalamyza hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.  
Paýtagtymyzyň şanyna toý tutulýan günde Atajykowlaryň maşgalasynda hem ilkinji perzent — gyzjagaz dünýä indi. Bäbejigiň ejesi Aýna Hotjyýewa hem ýürek buýsanjyny biziň bilen paýlaşdy.
— Dünýäni ýagtyldýan, ýyladýan — asmandaky Gün. Ynsanyň göwnüni, öýüni, ömrüni, içki dünýäsini çaglandyrýan, ýagtyldýan çyrag bolsa — çaga. «Çagaly öý bazar...», «Bal süýji, baldan — bala», «Gyzly öý — gyzylly öý» diýilýär. Biziň Merjenimiz hem öýümiziň güneşi bolup çoýdy. Perzendini bagryna basan islendik ene meniň häzirki başdan geçirýän ýagdaýyma, tolgunyşyma düşünýän bolsa gerek. Ömrümize many çaýan balajygymyň baýramçylyk gününde dünýä inmegi ene hökmünde meni diýseň buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen, oňa Merjen diýip at goýduk. Goý, meniň gyzjagazym hem merjen şäherimiz ýaly owadan bolsun! 
Biz — eneler şeýle bagtyýar döwürde ýaşaýandygymyza diýseň buýsanýarys. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak ugrunda ýurdumyzda uly aladalar edilýär. Oňa jogap hökmünde ata Watanymyza mynasyp perzentleri ösdürip ýetişdirmek her bir maşgalanyň borjudyr. Bize şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Biz hem Aşgabat bilen Merjene uzak ýaş, jan saglyk, olaryň maşgalalaryna rysgal-bereket, abadançylyk arzuw edýäris. Goý, bagtyýar zamananyň bagtly perzentleriniň şadyýan gülküsi elmydama ýaňlanyp dursun!
Aýsenem NURLYÝEWA. 
«Türkmenistan».
Surata düşüren Ýuriý ŞKURIN.