BIZE MÄHRIBANLAR — ATA-ENE GEREK

Her maşgalanyň özüne mahsus däbi bolýar. Enem-atamyň doglan günlerini hemme doganlarymyz, ählimiz jem bolup gutlamak maşgala däbimizdi. Kakamyň 80 ýaş toýundan bir pursady ýatlamak isleýärin. Şonda doganlarym: «Kakamyza nähili sowgat etsek, ýerine düşerkä?» diýip, maňa maslahat saldylar. Kakam ruhubelent, göwnaçyk adam. Onsoň, onuň göwnüni diňe söz bilen, sungat bilen göterip, galkyndyryp boljakdy. Şoňa görä-de, birimiz goşgy bilen, birimiz saz çalyp, ýene birimiz aýdym aýdyp gutlasak, has ýerine düşer diýip pikir etdim. Ählimiz şu pikiriň daşynda jemlendik. Onsoň, her kim taýýarlyk görüp başlady.
Wagtyň salymy ýok. Ine-de, kakamyň 80 ýaş toýy ýetip geldi. Gutlap başladyk. 
Özümden kiçi jigim bar. Ol — gyzlaryň iň ulusy. Oňa enemiň ady dakylansoň, Enegül diýýäris. Aslynda, onuň çyn ady — Durdynabat. Gutlamak gezegi şol jigime ýetdi. 
Ol tolgunyp: «Kaka, bagyşla, birinjiden-ä, goşgy ýazmaga ýetişmedim, onsoňam, näçe ýazsamam, göwnümdäki ýaly çeper bolanok, bärden gaýdýar» diýdi. 
Şonda kakam güldi-de: «Hany, sen ýüregiňdäkini söz bilen aýt. Onsoň, ony häzir ikimiz bilelikde goşgy setirlerine geçiräýeris» diýdi. Hemmämiz hem uly gyzyklanma bilen diňläp otyrys. Kakam jigimiň sözlerini diňledi-de, ony şol ýerde goşga öwürdi. Goşgy hemmämiziň göwnümizden turdy. 
Bu goşgy Mälikguly aganyň soňky goşgy setirleri boldy. 

Belleýäs kakamyň doglan gününi,
Başymyz jem boldy — begenýär ýürek.
Ata-enäň gadryn bilmek barada
Agamdan görelde almagmyz gerek.
Bize mähribanlar — ata-ene gerek.

Ýanynda agamyz — Arkadag ogly,
Bizem görüp dursak gezekme-gezek.
Agtyk-çowluklarna guwanyp ýörkä,
Ýuwlugnam görmegi isleýär ýürek.
Bize goşa gumry — ata-ene gerek.

Çylşyrymly bolýar durmuşyň ýoly,
Ýöne ýalňyşmajak bolmaklyk gerek.
Ata-ene käýinse — säwlik goýbersek,
Ony gaty görmän, düzetmek gerek.
Bize maslahatçy ata-ene gerek.