“BAGABADA” BARSAŇ, zamanabap şypahana garşylar

Halkymyzda «Il agzy — keramat» diýen paýhasly jümle bar. Bu jelegaýyň waspy-owazasy heňňamlara siňip gidipdir. Görenler, üstünden geçip gidenler, bu ýeri mesgen tutanlar «Bagabat» adynyň «Bagy-bossanly mekan» diýen manydadygyny ýanjap-ýanjap aýdypdyrlar. Ýanjamaz ýaly hem däl. Jülgäniň egremçe ýasaýan ýerinden ötýäň welin, howasynyň täzelenenini derrew duýaýýaň. Şol wagt gulakda galan rowaýat ýene ýada düşüp gidýär:
...Ýaşy asyrdan aşyp giden goja dikgirdäp ýör diýýä. Asyl başyna baran işinem owuş-mowuş ediberýär welin, jahyl ýigitlerem gujuryna haýran bolup, gözlerini tegeleşip duran. Munuň syryny sorasalar:
— Şu ömrüme çenli dag howasyndan kükrek dolduryp dem alyp, çeşme suwundan ganyp, jülge-zawlaryň içinde biten närselerden iýdim, şondandyr — diýipdir.
Aziýa bilen Ýewropanyň çatrygynda, geografik dilde «arid zonasy» diýilýän ýerde ýerleşen Türkmenistan ajaýypdan täsin ýurt. Daglary hem, deňzi hem, derýalary hem, dünýäde iň ulularyň biri bolan Garagum sährasy hem bar. Şolaryň hemmesi-de halkyň saglygy, keýpiçaglygy, ekosyýahat, tebigat bilen sportuň utgaşygy... ýaly meseleler bilen bitewüleşip gidýär.
«Gudrat görseň, daglara bar!» diýleni juda dürs. Ynha, bu jülge bilen adybir «Bagabat» şypahanasynda jaýlaşykly orun tutaga-da, hol gündogarda beýik dag gerşinden Günüň zireleri heniz görünmänkä, saba-säher işigiňi çalaja açarsyň welin, ilerdäki üsti ot-çöpe bürenen baýyrlykdan gelýän sülgünleriň sesi, «kah-kah» owazy gulagyňy «ýuwýan» bilbil nagmasy, käkilikleriň ýüregiňi ersdirip goýberýän «sazy», hüwiniň goýras guguldysy... keýpiňi zereňlär goýberiberer. Diňläp gulagyň, görüp gözüň doýmaz gözellikdir.
Şol pursat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bellän şu jümleleri ýene bir öwre gulaklarda ýaňlanýar: «Tebigatyň ýakymly we mylaýym howa şertlerini, jana şypa beriji mineral we palçyk çeşmelerini, tylla öwüşginli çägeli suwa düşülýän kenarlary peşgeş beren türkmen tebigatynyň ajaýyp künjekleri biziň gözümiziň alnynda ertekilerdäki ýaly ülkä öwrülýär. Bu ýerlerde sagaldyş-şypahana dynç alşy we ekologiýa syýahatçylygy üçin ähli şertler döredilendir».
Sen bolsa ýatlamalara dolanarsyň. Hawa, bu ýere Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda gelenimiz şu günki ýaly ýadymyzda. Ahal welaýatynyň dag içindäki gözel künjekleriniň birinde açylan «Bagabat» şypahanasy kaşaňlygy bilen gözlerde galypdy.
 Köpetdagyň çaýly-çeşmeli, gür bagly, seleňläp duran belent gerişleriniň arasynda gurlan şypahana häzir has gelim-gidimli bolupdyr. Şypahananyň synlap nazaryňy aýryp bolmaýan kaşaň binalar toplumy ýokary halkara ölçeglere doly laýyk gelýär. Lukmanlaryň aýdyşy ýaly, bu ýerde aeroterapiýa, gelioterapiýa, bejeriş mineral suwy, fiziobejeriş usuly, başga-da bejerişiň birnäçe görnüşi bar. Anyk aýdanyňda, 200 adamy kabul etmäge niýetlenen döwrebap toplumda balneoterapiýa, palçyk bilen bejeriş, anyklaýyş-maslahat beriş, fizioterapiýa bölümleri, howuzlar, SPA salony bar.
Şypahana, esasan, dem alyş ýollarynyň, nerw, endokrin, iýmit siňdiriş, deri keselleriniň hem-de beýleki näsazlyklaryň bejergisi üçin ýöriteleşen.
 Lukmançylyk ylmynda her bejerginiň aýratynlygy aýyl-saýyl kesgitlenen.
Dag jülgesi pes atmosfera basyşy, kislorodyň hem-de howanyň suw buglarynyň bölekleýin basyşy, Gün radiasiýasynyň ýokary intensiwligi, tomusda aram, ýokary bolmadyk gyzgynlyk, arassa, tereň howasy bilen tapawutlanýar. Dag howasyndaky otrisatel ionlaryň uly mukdary bedene oňaýly täsirini ýetirýär. Howa suwuň pürkülmesinde (şarlawuklarda, daşgynly dag derýalarynda) ionlaşýar.
Dag howasynyň aram gyzgynlygynyň peselmesinde işe ukyplylyk, üns we hereketleriň sazlaşygy, takyklygy, reaksiýanyň tizligi, işiň bir görnüşinden başga görnüşine geçmek ukyby ýokarlanýar, bu bolsa sport lukmançylygynda ýaryşlara taýýarlyk görlende juda ähmiýetlidir. Dagdaky türgenleşikler fiziki mümkinçilikleri köp derejede ýokarlandyrýar. Dag howasy dem alşyň çuňlaşmagyna, öýkeniň giňemegine, ganyň düzüminiň gowulanmagyna ýardam berýär.
Dag howaly şypahanalar inçekeselli we dem alyş synalarynyň, nerw ulgamynyň funksional bozulmalary, ýürek-damar ulgamynyň keselleri bolan näsaglar üçin tüýs melhemdir. Pes belentlikli daglarda bolmagyň täsiri bilen adam bedeninde oňaýly üýtgeşmeler bolup geçýär.
 Klimatyň bedenterbiýe bilen utgaşdyrylmagy ýürek-damar we dem alyş, daýanç-hereket ulgamynyň kesellerinde hereket bilen bejerginiň işjeň usuly bolup durýar.
Dag eteklerinde, çeşme-çaýlaryň boýunda biten dürli agaçlar — ýaşyl ösümlik dünýäsi howanyň arassalygyny üpjün edýär, rahatlandyryjy täsirini ýetirýär.
 Ine, takyk ylmy kesgitlemedäki şu täsin galdyryjy aýratynlyklaryň ählisi «Bagabada» mahsusdyr.
Şypahanada tejribeli lukmanlar dynç almaga, saglygyny dikeltmäge baran adamlary juda takyklyk, diýseň üns bilen gözden geçirip, sökellikleri anyklap, gerekli bejergini maslahat berýärler. Şonuň üçin egni ak halatly, güler ýüzli, süýji dilli lukmanlaryň adyna alkyş ýagýar.
...Orta boýluraga-da, bugdaýreňk, pygamber ýaşyna ýetiberen adam adynyň Ýusupberdidigini, Mary şäherinden gelendigini aýdyp, göwnündäkini dile getirdi:
— Golaýjagymyzdaky «Baýramaly» şypahanasyna hem söz ýok. Ýöne «Bagabada» geldim welin, kükregim giňäp, dem alşym ýeňläp, göwräm gamak ýaly boluberdi. Sähra ýerinden gelen adam üçin dag içiniň howasy hakyky melhem, tüýs şypa eken, görüp otursak. Duzly wanna, owkalama, elektrobejergi... garaz, adyny tutan emiň bar. Bejergiden soň derdiň ýeňläp, süňňüň sagalýany mese-mälim. Ynha, öýken, dem alyş ýollary üçin duzly otag bar welin, içine bir girseň, çykasyň gelenok.
Onuň sözlerine bu ýere gelenleriň uçdantutma ählisi «Tüýs makul» diýýärler. Sebäbi şypahanada zähmet çekýän 50 çemesi işgäriň hemmesi ýokary taýýarlykly, kärine kämil, tejribeli adamlar. Olar, aýdylyşy ýaly, «häh» diýeňde, «mäh» diýşip duran, dynç almaga gelýänleriň saglyk ýagdaýlary, berilýän bejerginiň hili hakda içgin aladalanýan işgärler.
 ...Agşamlyk naharyndan soň, eger-eger içerik giresiň gelenok. Derrew salkynlan dag gerişlerini sypalap gelýän howa on iki süňňüňi ýeňledip barýar. Guşlaryň sesini diýsene! «Bagabadyň» bilbilleriň tüýs mekany bolandygy, bu ýerlerde sülgünleriň süri-süri gezendigi, käkilikleriň tebil tapman, aga-ýana ýortup ýörendigi, dag jerenlerini synlap, gözüňi gandyryp bolýandygy hakdaky ýatlamalaram, jahankeşdeleriň ýazgylaram, iň bärkisi, kän ýaşan gojalaryň gürrüňem bu jülgäniň hikmetinden habar berýär.
Häzir bolsa «Bagabat» ynsan eli, döwrüň bady bilen has täzelenýär, rowaçlanýar. Jülgäniň içine gonan äpet ak guwa meňzäp oturan şypahananyň töweregine jähek bolan baglaryň içine aýlanyp göräýseň.
Ýaýlanmyrat Müllükow, Hudaýguly Nazargulyýew ýaly azaphon hem tejribeli bagbanlar gije-gündiz sogaply hem haýyrly işe mübtela. Az gürläp, köp işleýän tejribeli bagbanlar:
— Saglyk bolup dursa, indiki ýylyň tomus başynda gelseňiz! bu bagdan üzülen miwelerden iýersiňiz! Garaz, naharyň gapdaly bilen goýuljak erik, alça, garaly, üzüm özümizden öner — diýýärler.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýe, düýedarçylyk düýe agaranydyr çalynyň peýdasy hakda aýdanlaryndan ugur alnyp, bu ýerde naharyň gapdalyndan düýe çaly hem hödürlenilýär.
 Jemi 12 gektar meýdana ekilen 1500 düýpden gowrak dürli miweli agaçlaryň aglabasy şu ýyl gül görkezipdir. 500 gektar meýdana ekilen türkmen arçasy, tuýa, serwi, derek, garagaç, çynar, dagdan, söwüt ýaly onlarça görnüşli saýaly hem pürli agaçlaryň käbiriniň aşagynda bolsa arkaýyn saýalabermeli.
... Eger siz «Bagabada» şaýlansaňyz, ýoluňyz hökman has alyslardan seleňläp görünýän «Saglyk» binasynyň üstünden düşer. Onuň umumy beýikligi 25 metre, gurluşyk meýdany 1256 inedördül metre barabar.
 Änew şäherinden 16 kilometr uzaklykda ýerleşýän şypahana barmak üçin gurlan, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, türkmen aýtmyşlaýyn, şaglap ýatan, döwrebap, iki zolakly awtoulag ýoly sähel salymda sizi «Bagabada» ýetirer. Barsaňyz, keýpiňiz çaglanyberer. Gaýdanyňyzda bolsa şypadan ýüklenip, deregine alkyş goýup dolanarsyňyz.
Gurbannazar ORAZGULYÝEW, ýazyjy.
Surata düşüren Ahmet TAŇRYGULYÝEW.