TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARY S.BERDIMUHAMEDOWYŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRI A.MAMIN BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

AŞGABAT, 20-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Onuň çäklerinde söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Dürli ugurlarda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri tarapyndan gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berildi.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar söwda gatnaşyklarynyň ugurlaryny we usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ykdysady ulgamda türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň anyk taslamalary boýunça gepleşikleri geçirmek üçin iki ýurduň wekiliýetleriniň özara saparlarynyň guralmagy babatynda ylalaşdylar.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar hökümetara derejedäki gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtamak bilen, olary yzygiderli dowam etmäge taýýardyklaryny bellediler.