«Ahal» — sebitleýin finalda!

«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary AFK-nyň kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň sebitleýin finalyna çykdy. Topar taryhynda ilkinji gezek şeýle üstünlik gazandy.
Yklymyň ikinji derejeli klublaýyn ýaryşynyň toparçalary biri-birine ýakyn ýerleşýän döwletleriň wekillerinden düzülýär. Şeýlelikde, Merkezi Aziýa döwletlerinden gatnaşjak toparlar «E» we «F» toparçany düzdi. Bije çekişligiň netijesinde ýurdumyzyň wise-çempiony «Ahal» Gyrgyz Respublikasynyň «Dordoý» we Täjigistanyň «Rawşan» toparlary bilen bilelikde «E» toparçada çykyş etdi. «F» toparça bolsa ýurdumyzyň çempiony «Altyn asyr», Özbegistanyň «Nasaf», Täjigistanyň «Hujand» we Gyrgyz Respublikasynyň «Alaý» toparlary wekilçilik etdi.
Aziýanyň Futbol konfederasiýasy, pandemiýa ýagdaýlary sebäpli, şu ýyl toparçalaýyn tapgyryň duşuşyklaryny merkezleşdirilen görnüşde geçirmek kararyna geldi. Şeýlelikde, «E» toparçanyň duşuşyklary Bişkek, «F» toparçanyňky bolsa Duşenbe şäherinde geçirilýär.
14-nji maýda Täjigistanyň kubogynyň eýesi «Rawşany» 3:1 hasabynda ýeňen «Ahal» yklym ýaryşyna üstünlikli girişip, janköýerlerini begendirdi. Ýakynda bolsa topar ikinji bäsdeşinden — «Dordoýdan» hem 2:0 hasabynda üstün çykdy. Şeýlelikde, iki duşuşykda 6 utuk toplan Hojaahmet Arazowyň şägirtleri 20-nji maýda boljak «Rawşan» — «Dordoý» duşuşygynyň netijesine garaşmazdan, sebitleýin ýaryşyň finalyna çykmagy başardylar.
2018-nji ýylda yklym ýaryşynyň finalyna çenli baryp ýeten «Altyn asyr» hem güýçli garşydaşlary bilen ýiti göreşi dowam etdirýär. Birinji tapgyrda «Hujand» bilen 2:2 hasabynda oýnan «Atyn asyr» ikinji tapgyrda «Alaýy» 5:4 hasabynda ýeňip, iki duşuşykda 4 utuk gazandy. Häzir toparçada iki duşuşygynda hem ýeňiş gazanan «Nasafyň» 6 utugy bar.
Şu gün — 20-nji maýda boljak duşuşykda özbek toparyny deňlik hem kanagatlandyrsa, «aragatnaşykçylar» diňe ýeňiş üçin göreşmeli bolarlar. Bu duşuşykda rüstem gelen tarap 11-nji we 25-nji awgustda geçiriljek sebitleýin finalda «Ahalyň» garşydaşy bolar.
Iki toparymyzyň biriniň finala çykmagy janköýerlerimizi eýýäm begendirdi. Ýöne bu üstünligi olaryň ikisiniň hem gazanyp bilmegi has uly şatlygy bagyşlar. Şonuň üçin hem şu gün — 20-nji maýda boljak duşuşykda türkmen futbolçylaryna üstünlik arzuw edýäris!
(Öz habarçymyz).