Baş kanunym — buýsanjym, baýdagymyz — guwanjym!

Türkmenistanyň Konstitusiýasy!
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy!
Bu sözlerde köňüllere joşgun, kalplara buýsanç eçilýän ýakym bar, mähir bar, söýgi bar! Bagtyýar halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen Baş Kanunymyz, al-asmanda, belentde parlaýan Döwlet baýdagymyz — erkinligiň, özygtyýarlylygyň nyşanydyr. Ak mermere beslenen belent binalaryň üstünde mylaýym şemala erkana parlaýan ýaşyl Tugumyz halkymyzyň köňül senasydyr. Baýdaga togap etmek — ýurt erkinligine, toprak mukaddesligine togap etmekdir. Çünki merdana milletimiziň milli ýol-ýörelgelerinde tug mukaddesligi aýratyn orny eýeleýär. Ata-babalarymyz «Tug», «Baýdak» ýaly buýsançly sözleriň üsti bilen bu mukaddeslige egsilmez söýgüsini, çäksiz wepasyny beýan edipdirler.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Baş Kanunymyzda raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny ygtybarly goramagyň hem-de adalatly, ynsanperwer jemgyýeti gurmagyň möhüm kadalary doly berjaý edilýär.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň Konstitusiýasy ynsan mertebesini belende götermekde, raýatlaryň azat we erkana durmuşyny üpjün etmekde, watandaşlarymyzyň halal, öndürijilikli zähmet çekmek baradaky mizemez hukuklaryny kepillendirmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Kanunçylyk namalarymyz halkymyzyň öz taryhy tejribesi — ata-babalarymyzdan miras galan gymmatly däp-dessurlarymyz, ýol-ýörelgelerimiz bilen sazlaşdyrylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy berkarar döwletimiziň hukuk binýady bolmak bilen, halkymyzyň döwletlilik, demokratiýa we adalatlylyk baradaky ençeme asyrlyk isleg-arzuwlaryny özünde jemleýär. Baş Kanunymyz demokratik özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürmek boýunça ýetilýän belent sepgitleriň mizemez şerti bolup hyzmat edýär.
Her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň gününiň giňden bellenilmegi, agzybir halkymyzyň Baş Kanunymyza hem-de baýdagymyza bolan söýgüsiniň, buýsanjynyň beýikliginden nyşan. Çünki bu goşa mukaddeslikde — Konstitusiýada hem-de Döwlet baýdagynda halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen ynsanperwerlik, watansöýüjilik, agzybirlik, abadanlyk ýörelgeleri jemlenýär.
Gahryman Arkadagymyz: «Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyza, şonuň ýaly-da mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebedilik nyşany bolan Döwlet baýdagymyza biz çäksiz buýsanýarys hem-de uly hormat goýýarys. Milli buýsanjymyza öwrülen türkmen halysynyň gölleri, abadançylygyň we parahatçylygyň nyşany bolan zeýtun baldajyklary, doganlygy hem-de jebisligi alamatlandyrýan bäş ýyldyz we ýarymaý şekillendirilen, täzelenişi, ýaşaýşy dabaralandyrýan ýaşyl reňkli Döwlet baýdagymyzyň saýasynda ata Watanymyzy beýik özgertmeleriň hem-de ösüşleriň ak ýoly bilen öňe alyp barýarys» diýip, çuň pähim-paýhas bilen nygtaýar.
«Halkyň bagty çüwse, toýlary goşa-goşadan gelermiş» diýlişi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni şu ýyl hem şanly senelere, baýramçylyklara utgaşyp geldi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni has-da aýratyn ähmiýete, gadyr-gymmata eýe bolýar. Bu şanly baýramçylyklar mynasybetli şu günler ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda aýdym-sazly baýramçylyk dabaralary, konsertler guralýar. Bularyň ählisi mähriban halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýandygynyň, berkarar ýurdumyzyň taryhy özgerişlere, uly üstünliklere beslenýändiginiň özboluşly subutnamasydyr.
Biz hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli hormatly Prezidentimizi, ähli halkymyzy tüýs ýürekden mähirli gutlaýarys! Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Ylýas AMANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.