BAKYLYGA BARÝAN ÝOL

...«Ýazyp bilmeýän wagtyň ýazmak üçin has yhlas etmeli» diýip, ýazyjylaryň biri aýdypdyr. Kyssaçy galamdaşlarymyzyň ýene biriniň dört tagta kagyz ýazmadyk gününi bihuda hasaplaýandygyny, munuň özi üçin ýolberilmesiz ýagdaýdygyny, näme-de bolsa bir zat ýazmalydygyny gürrüň bereni ýadymda.
Nusgawy rus ýazyjysy, «Uruş we parahatçylyk» atly köp jiltli romanyň awtory Lew Tolstoý: «Ýazmagy başarmaýan halatyň ýazma, gezim et, dynç al, balyk tut!» diýipdir. 
Meniňem, galamdaşlarym ýaly, ýazyp bilmesem, kalbymy boşluk gaplap alýar, düşnüksiz ahwal gysyp-gowurýar. Emma, ine, günleriň biri galamyňa jan giren dek bolýaram welin, öňünde döw dursun diýleni, sözleri suňşuryp-suňşuryp, şeýle bir ýazyp başlarsyň, eliň ýetişibilse bolany, kagyzda harplary edil ýöne jähekläp gidip oturansyň (bu ýagdaý Anton Çehowda az-kem gülki gatyşykly, jüpüne düşürilip beýan edilipdir welin, telpek goýaýmaly).
Ýadymda, 2010-njy ýylyň noýabrynda dostlukly Azerbaýjan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilip, ýurdumyzyň medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerinden, aýdym-saz, tans toparlaryndan düzülen wekiliýetiň hatarynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebow bilen žurnalist hökmünde menem bardym. Bize Bakuwyň gözel künjekleriniň birindäki myhmanhanadan jaý berdiler, halypa ikimizem bir otagda ýerleşdik. Uzakly günümiz diňe edebiýatyň, döredijiligiň, şygryýetiň gürrüňi bilen geçýärdi. Nobatguly aganyň aýdyşy ýaly, «Biziň, näme, aýdym aýdyp, tans etmek aladamyz ýok», menem Medeniýet günleri barada ýazmaly makalamyň süňňüni eýýäm aňymda düzüpdim. Dabaralardan soňra boş wagtyň köp bolýar, şähere aýlanyb-a göwün solpusyndan çykdyk. Onsoň, myhmanhanadaky otagymyzda Nobat akganyň çaýyny ýetirseň bolany, şygryýet barada şeýle bir şüwlümli gürrüň berýär welin, diňläp doýar ýaly däl.
Bir gezek onuň göwnüme jaý bolan bir jümlesini: «Nobatguly aga, dur, şu sözüňi belläp alaýyn-la!» diýip, bellik edenim ýadymda. Golaýda kagyzlarymy dörüp otyrkam, şol belligiň üstünden bardym. Ine, ol: «Poeziýada göni bakylyga ýol bar», N.Rejep, 3.11.10. Baku şäheri, otel, sag.18:00 töweregi».
Men muny näme üçin ýatlaýaryn, dogrudan-da, içgin oýlanyp-ölçerip otursaň, «Serwi agajy ýa-da sentimental poema» atly ajaýyp şygryýet eseriniň awtory Nobatguly aganyň keýpiniň çag wagty aýdan bu jümlesinde hakykatdan özge hiç zat ýok. Ol muny özüni ýa meni senedimiziň bihal däldigine, mukaddesligine ynandyrjak bolubam aýtmandy, ol muny halys ýürekden zybana getiripdi. 
Hakykatda, şeýle sözleri bizem zybana köpräk getirmelimikä diýýärin. «Gowy zadyň söhbedini kän etseň, durmuşda gowulyk has-da rowaç alýarmyş, adamyň gürrüňleri, pikirleri Hakyň dergähinde kabul bolup, Zeminde gowulyk artýar» diýýärler.
«Poeziýada göni bakylyga ýol bar». Bu sözlerde jedel edere sähelçe-de yrga zat tapmaýaryn, eýsem-de bolsa, ötegçi dünýäde kimleriň ismi bakylyga dalaş edendir, bir oýlanyp görüň! Adam ömür süren çagty bitiren ýagşy işleri bilen özüne baky ömür gazanýar, onuň ady özi gaýdansoňam, nesilleriň hakydasynda ýaşamagyny dowam edýär. Şahyrlaram şeýle, olar aýdyma bäs edýän, kämil goşgulary bilen özlerine bakylyk gazanýarlar.
Bu babatda pikirleriň uşlybyny uzaltsaň, birýan ujy halallyga, halal zähmete, milli mukaddesliklere sarpa goýmak başarnygyňa, birgiden edep ýörelgelerine baryp sapýar...
Biz Medeniýet günlerini jemläp, goňşy döwletiň G.Aliýew adyndaky halkara howa menzilinden mähriban Watana sary ýola düşdük. Şonda Nobatguly aganyň: «Inim, näme, dabaralary-ha abraý bilen sowduk. Tüweleme, sungatçylarymyz, aýdymçy-sazandalarymyz, tansçylarymyz azerbaýjan doganlarymyz-a aňk etdiler. Indem «Towşana dogduk depe» diýleni, sag-aman Watana, Aşgabadymyza aşsak» diýip, begençli aýdany ýadymda...
                                    * * *
Işden gaýdyp gelýärkäm, adatça, aşgabatlylaryň arasynda «Dutar» diýilýän monumentiň ýanyndan geçýärin. Bu ýerde Medeniýet şäherçesi ýerleşýär, her gezegem Türkmen döwlet medeniýet institutynyň howlusynda sungatymyzyň geljegi bolan ýaşlara gözüm düşende, göwnüm ýaz kimin açylyp, geljek hakda oýlara berilýärin. Gahryman Arkadagymyzyň aladasy netijesinde bu ýerde medeniýet, sungat we döredijilik wekilleri üçin ähli şertler döredilen.
Dutaryň heýkeli — türkmeniň şirin mukamyna dikilen ýadygärlik bolup, başyny buýsançly tutup dur, ol göýä diýersiň, ýaşaýşyň üstünden garap dur. Ol ähli zatdan, durmuşyň gündelik hysyrdylaryndan belentde, bu ýadygärligi düzüp duran dutarlardan göýä diýersiň, daşyny gallan suw çüwdüriminiň şyggyldysyna goşulyp, Şükür bagşynyň gazma dutarynyň parahatçylyga çagyrýan owazy gulaga gelýär.
Dek düýnem bu ýerden geçip gelýärkäm, şygryýetiň bakylyga ýoldugy barada oýlara berildim. 
Hyýalymda ak mermerli paýtagtymyza ýüzlendim: «Aşgabat! Bu ýyl seniň 140 ýyllyk menziliňi baýram edýäris, sen milli Liderimiziň söýgüsi, yhlas-aladasy bilen dünýäniň iň gözel, arassa şäherleriniň birine öwrüldiň. Sen hakda goşgy, aýdym, heýkel, nakgaşlyk eserini döretmedik şahyr, ýazyjy, kompozitor, heýkeltaraş, nakgaş barmyka?! Ýokdur, men muňa ynanýan. Sebäbi seniň adyňda «aşyk» sözi bar, sende durmuşa, Watana, zähmete aşyk adamlar ýaşaýarlar. Durmuşa, dünýä aşyk gözler bilen bakýan ynsan bolsa diňe döredýändir, gurýandyr, ol parahatçylyga, çagalaryň bigam gülküsine aşykdyr. Ol uç-gyraksyz mawy asmanyň dup-dury bolmagynyň, onda guşlaryň garawsyz ganat ýaýmagynyň, akja bulutlaryň erkana ýüzmeginiň tarapdarydyr.
Seniň gül gujagyňda, asuda, aý-aýdyň gijeleriňde türkmeniň ýazyjy-şahyrlarynyň düýnki we şu günki nesilleri tarapyndan, gör, nijeme şygyrlar, eserler döredildi, olar adamlaryň ýüregine ýol salyp, ynsanlary halallyga, söýgä, birek-birege hormata, agzybirlige çagyrýar. Olar biziň halkymyzyň ruhy dünýäsini, milli medeniýetini, edebiýatyny hasyl etdi, ýurdumyzyň baş şäheriniň medeni durmuşyny düzdi.
Seni bir ajap şygra deňäsim gelýär, Aşgabat! Sen, hakykatdan-da, süňňi sagat, bogun sany, kapyýasy ýerbe-ýer şygyrsyň! Sende kämil goşgularda bolşy ýaly, bir söz iki gezek gaýtalanmaýar, sende ähli sözler ýeke-täkdir, ýeke gezek ulanylýandyr. Şonuň üçinem sen bakylyga ýol çekensiň!..».
Hemra HUDAÝGULYÝEW.
«Türkmenistan».