EKOLOGIÝA ÇÄRESINE WELOSIPED BILEN

Häzirki wagtda paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli üstünlikli dowam edýän ekologiýa çäresine şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary işjeň gatnaşýarlar. Adamlar pyýada ýöremek bilen birlikde,  jemgyýetçilik ulaglarynyň — ýolagçy awtobuslarydyr döwrebap taksileriň hyzmatyndan hem peýdalanýarlar. Şunuň bilen birlikde, aşgabatlylaryň zerur ýerlere gidip gelmegi üçin, paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde welosipedleri wagtlaýyn ulanmaga berýän nokatlaryň işi hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi milli Liderimiziň ilatyň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri, şol sanda welosiped sporty bilen işjeň meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleri göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belläp, bu babatda beren tabşyryklarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. 
Welosipedleri wagtlaýyn kireýne ulanmaga almagyň nyrhy hem ilat üçin elýeterlidir. Şoňa görä-de, raýatlar ulagyň ekologiýa taýdan arassa bu görnüşiniň hyzmatyndan höwes bilen peýdalanýarlar. Biz munuň şeýledigine ýakynda paýtagtymyzdaky «Aşgabadyň ýalkymy» söwda merkezinde raýatlara welosipedleri wagtlaýyn ulanmaga berýän «Uçgun» welosiped hyzmatlary nokadynda alnyp barylýan işler bilen tanyş bolanymyzda aýdyň göz ýetirdik. Ol ýere baranymyzda, welosiped hyzmatlaryny ýola goýan Yhlas Taganow bizi güler ýüz bilen garşylady. Ol alyp barýan işleri hakynda şeýle gürrüň berdi: 
— 2016-njy ýylda paýtagtymyzyň gözel künjegi bolan «Aşgabadyň ýalkymy» söwda merkezinde welosipedleri wagtlaýyn ulanmaga bermek hyzmatyny amala aşyrýan hususy kärhanamyzyň işine badalga berdik. Şondan bäri dürli görnüşdäki welosipedleri müşderilere hödürleýäris. Bu ulaglary diňe bir wagtlaýyn bermek bilen çäklenmän, eýsem, ätiýaçlyk şaýlaryny, bezeg serişdelerini, şeýle-de abatlaýyş işlerinem alyp barýarys. Eger-de müşderiniň welosipedi öýünde ýa-da ýolda döwlüp galan bolsa, ony merkezimize getirip, bejerip berýäris. 
Biz gündogarda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna, günbatarda Gökdepe etrabyna çenli çäkde müşderilerden sargytlary kabul edip, gysga wagtyň dowamynda welosipedleri eltip berýäris. Her gün ir sagat 08:30-dan gije 23:00-a çenli köpüň hyzmatynda. Müşderiniň wagty tamamlanandan soň, ony alyp gaýdýarys. Käbir müşderiler welosipedleri birnäçe günläp hem wagtlaýyn ulanmaga alýarlar. Şeýle müşderiler bilen ýörite şertnama baglaşýarys. Merkezimizde dürli ýaşdaky raýatlarymyz üçin welosipedleriň birnäçe görnüşi bar. Olaryň biri 1970-nji ýylda öndürilen. Ony maňa bir ýaşuly sowgat beripdi. Ony alyp, gaýtadan seredip, şu görýän görnüşiňize getirdim.
Siziň şu synlaýan welosipedleriňiziň arasynda daglyk we baýyrlyk ýerlerde, welotrek ýaryşlarynda sürmäge niýetlenenleri bilen birlikde, şäher boýunça gözel ýerlere syýahat edilýänleri, dükandan ýa-da söwda merkezlerinden alnan harytlary daşamak üçin ýörite sebetjigi bolanlary, şeýle-de çagalara niýetlenenleri-de bar. 
Hususy kärhanamyz «Crolan» kompaniýasynyň Hytaýda ýerleşýän şahamçasy bilen söwda hyzmatdaşlygyny alyp barýar. Bu kompaniýanyň öndürýän önümleri dünýäde uly islege eýe. Tapawutly tarapy barada aýtsak, bu kompaniýa müşderileriň islegine görä islendik ölçegdäki we agyrlykdaky welosipedleri ýasap berýär.
«Uçgun» welosiped hyzmatlary merkeziniň işgärlerine alyp barýan işinde uly üstünlikleri arzuw edip, ýola düşenimizem şoldy welin, ýaşlaryň onlarçasy «Uçguna» gelip, welosiped alyp, mermer paýtagtymyzyň gözelligini synlamak hem-de saglyklaryny berkitmek üçin ýola düşdüler.
Hawa, hünärmenleriň bellemegine görä, welosipedli gezelenje çykmak keýpiňi çaglaýar, gyzykly gürrüňleri edip, pikir alyşmaga-da goşmaça mümkinçilik döredýär. Welosiped sagdynlykdan başga-da, adamlaryň ýaşaýyş-durmuşyna-da oňyn täsir edýär. 
Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.
«Türkmenistan».
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.