RUHY TÄMIZLIGIŇ BAÝRAMY

Toý-baýramlara, şanly wakalara beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda barça göwünlere mähir paýlap, asudalyk hem abadançylyk tagallalarynyň has rowaç alan, ýagşy hem ýagty amallaryň agzybirlikde berjaý kylnan mübärek Remezan aýy tamamlandy. Bagtyýar durmuşda ýaşaýan mähriban halkymyz asyrlaryň dowamynda dörän kämil pikirli jemgyýetimize çuňňur ornaşan, täze mana, täze mazmuna eýe bolan bu baýramy agzybirlikde belleýär.
Türkmen halky uzak ýüzýyllyklaryň dowamynda milliligini saklap, ynanç-ygtykady, päkligi, ynsanperwerligi, haýyr-sahawatlylygy däbiň ýagşysy, dessuryň ulusy bilip, ygrarly ýöredip gelýär. Ruhy päklik, hoşniýetlilik, watansöýüjilik, mähirlilik il-halkymyzyň mizemez ýörelgeleridir. Halkymyzyň umumy häsiýetine öwrülen bu ajaýyp ýörelgeler milli aýratynlygymyzy kesgitleýär. Şeýle ruhy gözellikler sogaba baý bu mübärek baýramyň mertebe-şanyny beýgeldýär; köňüllere şatlyk, arzuwlara ganat berýär, agzybirligi, jebisligi berkidýär, däp-dessurlarymyzy täze röwüşlerde baýlaşdyrýan, eziz ýurdumyzy gülzarlyga besleýän Arkadag Prezidentimize hormat-sarpamyzy artdyrýar.
Mübärek Remezan aýynda tagat-ybadatlar amal edildi, il-gün agyz bekläp, kalp tämizligini, haýyr-sogaplary gazandy. Keremli aýyň dowamynda milletimiziň mizemez dost-doganlygynyň, agzybirliginiň, jebisliginiň has-da berkemegi, il-ýurduň asudalygy, Watanymyzyň abadanlygy, rowaçlygy üçin ýagşy dilegler edildi. Beýik Biribara sygynmagyň we kämilligiň baýramy hökmünde ykrar edilýän Oraza baýramynyň şu şatlykly pursatlary şol ýagşy dilegleriň Hakyň dergähinde kabul bolup, maksatlaryň myrat tapýandygyna yşarat edýär.
Halkymyz mübärek Oraza aýyny, hususan-da, Gadyr gijesini aýratyn mukaddeslik hasaplaýar. «Gadyr gijesi — sahawat gijesi» diýlip, ynsan kalbynyň bezegi bolan sahawatyň hem ynsanperwerligiň has-da artýan bu gijäniň hormatlanýandygy hem halkymyzyň hemişe ýagşylyga telwas edýändigini aňladýar. Çünki Gadyr gijesinde edilen ýagşylyk, ynsanperwerlik müň aýyň haýyr-sogabyna barabar hasaplanýar. Gahryman Arkadagymyz ýüzýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan ynsanperwerlik hem adalatlylyk ýörelgelerine berk eýerip, bu mukaddes aýyň, mübärek gijäniň hormatyna toba eden bendileriň köp sanlysynyň günäsini geçmek barada sahawatly Permana gol çekdi. Nesip eden ömür paýyňy öz maşgalaň arasynda, ojak ýylysyna göwnüňi çoýup ýaşamak, ýagşylyga gol berip, ýamanlykdan daş durmak bagtyýarlyk diýen ummasyz bossanlyga ulaşmakdyr. 
Tebigat adama ömür diýlen iň ajaýyp peşgeşi beripdir, her bir ynsan bu barlykda nämäniň hatyrasyna ýaşaýandygyny, hut özüniň ýagşy zatlary etmek üçin dünýä gelendigini, köňle beslän niýetlerini amal edip bilendigini ýa-da bilmändigini oýlanyp görýär, hemişe öz durmuşyny bezejek ýagşy işlere gol berýär, päkligi, arassa ahlagy bilen il içinde hormat-sylaga mynasyp bolýar. Bu mukaddes aýda dini ygtykadyna ygrarly ildeşlerimiz ruhy tämizlige, göwün kämilligine ulaşdylar. 
Hormatly Prezidentimiz döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy hasaplanýan her bir ynsanyň durmuşynyň gözel, beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagy barada çäksiz aladalary edýär. Ula hormat goýmak, kiçini sylamak, birek-birege güler ýüzli, şirin sözli bolmak halkymyzyň owal-ebedi ýagşy häsiýetleridir. Durmuşymyzyň ähli ugurlaryny gurşap alýan giň möçberli özgertmeler netijesinde amala aşyrylýan uly tutumlar, adam baradaky aladalar, döredilýän eşretler bu ýagşy häsiýetleriň has-da baýlaşmagyny, kämilleşmegini üpjün edýär. Ýurdumyzdaky syýasy-ykdysady, medeni-ruhy ösüşleriň ýokary depgini, jemgyýetimizi täze belentliklere alyp barýan giň gerimli işler, durmuş-ýaşaýyş infrastrukturasynyň sazlaşykly ilerlemegi we şular ýaly başga-da dünýä ýaň salýan uly tutumlar nesil dowamatynyň baky akabasynyň arassalygyny, tämizligini hem päkligini üpjün edýän beýik işlerdir, Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwerliginiň hem keremli sahawatynyň aýdyň nyşanlarydyr. Mübärek Oraza baýramynda bu beýik işler il-ýurda haýyrlylygy, sogaplylygy bilen mukaddeslige beslenýär.
Milli Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň baýramynyň uludan toýlanýan ýylynda Oraza baýramy ýüreklerde iň nurana duýgulary oýaryp, ruhy gözelligiň täze gözýetimlerini açýar. 
Kerem-sahawaty, ýaz ýaly mähribanlygy bilen abadan ýurdumyzy nurlandyrýan, bagtyýar durmuşy, egsilmez eşretleri peşgeş berýän, toý-baýramlarymyzy goşalandyrýan Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, beýik işleri elmydama rowaç bolsun!
Amanmyrat SAPAROW.
«Türkmenistan».