Paýtagtymyzyň hormatly ýaşaýjylary we myhmanlary!

Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň başlangyjy esasynda, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, tebigata aýawly çemeleşmek, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek maksady bilen, 10 — 25-nji maý aralygynda Aşgabat şäherinde möhüm ekologiýa çäresi — awtoulagsyz günler geçirilýär.
Awtoulagsyz günlerde awtobuslar, döwrebap taksiler ilata hyzmat edýärler. Şol günlerde şäheriçi gatnaw ilat üçin amatly bolar ýaly, ildeşlerimiz ir sagat 7:00-dan 9:00-a çenli, öýlän sagat 17:00-dan agşam 21:00-a çenli şahsy awtoulaglaryny peýdalanyp bilerler.
Bu ekologiýa çäresi paýtagtymyzda arassa howa gurşawyny döretmäge, ekologiýa abadançylygyny, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmäge gönükdirilendir.