SAGDYNLYK — ÖMRÜŇ BEZEGI

Saglyk — örän uly gymmatlyk. Sagdyn adamyň ömri — göwher. Durmuşyň eşretini duýmak, bagtyýar durmuşda ýaşamak üçin, ilki bilen, jan saglygynyň zerurdygy hemmä aýan hakykat. Diňe sagdyn adam dünýäniň ynsana eçilýän ajaýyplyklaryny doly derejede görüp, eşidip, duýup ýaşap bilýär. Ynsan balasy haçanda başy agyryp, baldyry syzlanda, bu baýlygyň gymmatyna has oňat düşünýär. Adamyň saglygy diňe bir onuň özüniň däl-de, ýurduň esasy gymmatlygy bolup durýar. Şonuň üçin ol hemmetaraplaýyn goralmaga degişlidir. Ine, şu ugurda bizde ynsan saglygyny gorap saklamak, ony berkitmek meselesine döwlet derejesinde üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen hem-de kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy bu ugurdaky ägirt uly işleriň ilkinjileriniň biridir. Şol bir wagtyň özünde, tebigatyň jana şypa melhemlerinden peýdalanmak maksady bilen, güneşli Diýarymyzda şypahana ulgamyny ösdürmäge hem möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň kabul edilmegi bellärliklidir. Bu esasan-da, häzirki wagtda, tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagynyň öňüsyrasynda aýratyn ähmiýetlidir.
Türkmen topragy — gudratly ýerlere, şypaly köllere, melhemli mekanlara baý ülke. Ýurdumyz tebigy mineral we şypa beriji palçyk çeşmeleriniň toplumyna, bag zolaklary bolan sagaldyş, keselleriň öňüni alyş ugurly edaralara, ygtyýarlandyrylan şypahana hyzmatlarynyň toplumyna eýedir. Türkmenistanda şypahana işiniň taryhy öz gözbaşyny ýüzýyllyklardan alyp gaýdýar. Häzirki döwürde ilatyň saglygyny berkitmek we keselleriň öňüni almak ulgamynda şypahana kömegi ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplanýar. Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň «Berzeňňi» ylmy-şypahana bölümi, Ahal welaýatynda «Arçman» we «Ýyly suw», Lebap welaýatynda «Farap», Mary welaýatynda «Baýramaly», Balkan welaýatynda «Mollagara», «Awaza» hem-de Daşoguz welaýatynda «Daşoguz» şypahanalary hereket edýär. Ýakynda bolsa täze «Bagabat» şypahanasy açylyp, ulanylmaga berildi. Ol ýerler ýylyň dört paslynda-da adamly. 
Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyna laýyklykda, soňky ýyllarda şypahanalaryň bejeriş bölümlerinde öňki bejergilere goşmaça sowuk howa akymy bilen bejeriş, duzly we mineral howadan dem almak arkaly bejeriş, galokamera, SPA bejergileri üçin şertler, iňňerefleksoterapiýa, nokatlaýyn owkalama, ergoterapiýa, kineziterapiýa, mehanoterapiýa, pressoterapiýa, saunalar, garly çeşme, sowuk suwly duş, dikeldiş fitnes otaglary, ozon, hoşboý yslar, gyzgyn daşlar we çäge bilen bejeriş, oňurga çekiji bejeriş usullary, suw bilen bejeriş bölümlerinde mineral suwly wannalara howa akymyny goşup, suwasty owkalama, galwanik wanna we dürli duşlar, akwaowkalama enjamlary bilen bejeriş, ýagny dürli güýçli we tizlikli suw akymlary arkaly bedene suw degmezden, suw bilen owkalama, göni içegäni mineral suw bilen bejeriş, suwasty oňurga çekiji bejeriş, mineral suwly, deňiz we agyz suwly howuzlar, bejeriş bedenterbiýesi we sport bilen meşgullanmak üçin otaglar raýatlara ýokary hilli häzirki zaman şypahana bejergisini bermäge uly mümkinçilikleri döretdi. Bu hem, öz gezeginde, ilatyň saglyk ýagdaýynyň gowulanmagyna, hünär bilen baglanyşykly keselleriň azalmagyna, dikeldiş emleriniň giňden ulanylmagyna ýardam berýär.
Ýurdumyzda şypahana işini ösdürmek ylmy esasda alnyp barylýar. Bu ugurda degişli ylmy-barlaglar bejeriş işini ýerli toprak-howa şertlerine laýyklykda guramaga mümkinçilik berýär. Türkmen alymlarynyň geçiren ylmy barlaglary arassa dag howasynyň, güneşli howada gezelenç etmegiň adamyň saglygyna, keýpiçaglygyna we ruhy ýagdaýyna oňyn täsir edýändigini tassyklady.
Alym Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda kabul edilen «Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany» üç tapgyrda durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Birinji tapgyr 2021-nji ýyly öz içine alýar. Bu döwürde hereket edýän şypahana edaralarynyň tebigy bejeriş şertlerine baha bermek, olary seljermek, şypahana kömeginiň dürli görnüşlerine islegleri, hyzmatlaryň nyrhynyň we olaryň islege laýyk gelşini öwrenmek, şypahana edaralarynyň işine baha bermek, gözegçilik etmek ulgamyny döretmek, hünärmenler bilen üpjün etmek, tebigy gorlary ulanmagyň täze usulyýetlerini işläp taýýarlamak, ylmy barlaglary geçirmek hem-de bejeriş-sagaldyş çäkleriniň sanawyny düzmek maksat edinilýär.
Ikinji tapgyr 2022-2023-nji ýyllary öz içine alýar. Bu tapgyrda ilatyň isleglerine laýyk getirilen şypahana we syýahatçylyk toplumynyň işini kadalaşdyrmak, ilatyň şypahana hyzmatlaryna isleglerini nazara alyp, ylmy taýdan esaslandyrylan şypahana kömeginiň täze ugurlary boýunça hyzmatlaryň toplumyny işläp taýýarlamak, ylmy barlaglaryň we täze bejeriş usulyýetleriniň netijelerini şypahana ulgamynyň tejribesine ornaşdyrmak, bar bolan sagaldyş-dikeldiş ugurly edaralaryň işiniň gerimini giňeltmek, şypahana bejergisiniň täze ugurlary boýunça goşmaça ýöriteleşdirilen bölümleri açmak meýilleşdirilýär.
Üçünji tapgyr 2024-2025-nji ýyllary öz içine alyp, bu döwürde sebitlerde medeni-dynç alyş we bejeriş-sagaldyş toplumlaryny döretmek, sagaldyş-dikeldiş ugurly edaralary dünýä ölçeglerine laýyklykda täzeden enjamlaşdyrmak, bejeriş palçyklaryndan derman serişdelerini işläp taýýarlamak, howa bilen bejeriş desgalaryny gurmak, suw we palçyk, landşaft, howa bilen bejeriş işlerini şypahana bejergisine ornaşdyrmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek üçin syýahatçylyk ugurlaryny we sport-sagaldyş çärelerini geçirmäge täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamak, şypahana edaralarynyň ýanynda dynç almak üçin şert döretmek, lukmançylyk syýahatçylygyny dünýä ölçegleriniň derejesine çykarmak göz öňünde tutulýar.
Bu maksatnama Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri we beýleki abraýly halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar. Munuň özi bu ugurda dünýäniň iň öňdebaryjy tejribesini öwrenmäge hem-de ony özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Galyberse-de, ýurdumyzyň şypahanalarynyň anyklaýyş we maslahat beriş bölümlerinde ornaşdyrylan Germaniýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Beýik Britaniýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň, Slowakiýanyň we beýleki birnäçe Ýewropa döwletleriniň häzirki zaman, döwrebap lukmançylyk enjamlary bejergi almaga gelýän raýatlary doly barlaglardan geçirmäge we has çylşyrymly ugurlar boýunça degişli maslahatlary bermäge mümkinçilik döretdi.
Şypahanalarda gurnalan fitobarlarda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynda bellenen, ýurdumyzyň çäklerinde ösýän dermanlyk ösümliklerden dürli görnüşli melhemlik çaýlaryň hödürlenmegi bejerginiň has täsirli bolmagyna getirýär. Raýatlaryň rahat we medeniýetli dynç almagy üçin medeniýet öýleriniň, internet-kafeleriň, fitobarlaryň, kitaphanalaryň, dükanlaryň, amfiteatrlaryň, gözellik salonlarynyň, türgenleşik zallarynyň, tennis we bilýard oýunly otaglaryň bolmagy, taryhy-medeni ýadygärliklere syýahat etmegi hem-de şypahanalaryň çäklerinde awia, demir ýol we ýolagçy awtoulag peteklerini satyş nokatlarynyň açylmagy, bankomatlaryň ornaşdyrylmagy, sowgatlyk-ýadygärlik önümler satylýan dükanlaryň açylmagy bejergä özüniň oňyn täsirini ýetirýär.
Ýakynda ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň hünärmenleriniň geçiren seljermeleriniň netijesine laýyklykda, şypahanalaryň maliýe durnuklylygyny pugtalandyrmak, hödürlenýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak maksady bilen, birnäçe çäreler geçirildi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň şypahanalarynda bejeriş-sagaldyş kömegini almak üçin berilýän ýollamanamalaryň bahalary tassyklanyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Awazada hem-de beýleki şypahanalarda dynç alşy guramagyň tertibini mälim etdi. Bu tertibe laýyklykda, raýatlar dynç almaga gitmek üçin degişli lukmançylyk barlagyndan geçip, saglyk kepilnamasyny almaly. Lukmançylyk barlagyndan geçilýärkä we gaýdylanda, 72 sagadyň dowamynda COVID-19-yň test barlagyndan geçmeli. Ýaşy 18-den ýokary bolan raýatlar gitmezinden 10 gün öň ýollanma hatyny alandan soňra, welaýatlarda we Aşgabat şäherinde kesgitlenen ýörite nokatlarda (saglyk öýlerinde) COVID-19-a garşy sanjymy almalydyr.
Şypahanalarda bejergi almak üçin Türkmenistanyň raýatlarynyň şahsyýetini tassyklaýan pasportynyň, olaryň ýaşaýan ýeri boýunça saglyk öýlerinden berilýän, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanan şypahana kartasynyň, aýratyn görkezmä çenli gidilende we gaýdylanda, COVID-19-yň test barlagyndan geçendigi barada kepilnamasynyň bolmagy hökmandyr.
                                             * * *
«Göwnüňi-ýüregiňi açjak bolsaň, syýahata git, jahankeşdelik et!» diýip, eždatlarymyz aýdypdyr. Ýurdumyzda gol bulap çagyryp duran gözel ýerler, jana şypaly, melhem mekanlar juda kän. Şonuň üçin gezelenç ediň, saglygyňyzy berkidiň! Netijede, jemgyýetiň öňküden-de sagdynlaşmagyna öz goşandyňyzy goşarsyňyz. 
Aýsenem NURLYÝEWA.
«Türkmenistan».