«ÝAŞYL» ŞÄHER — ÝAŞAÝYŞ

Hormatly Prezidentimiz «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynda: «Aşgabat dünýäniň ykdysady taýdan ösen, medeni taýdan ýokary derejeli, iň gözel şäherleriniň biri» diýip belleýär. Bu onuň ýaşaýjylaryň medeniýetinde we «ýaşyl» şäher hökmünde paýtagtymyzyň abraýyny has-da belende götermek ugrundaky ekologiýa çärelerine işjeň goşulmagynda hem aýdyň görünýär. 
Mälim bolşy ýaly, Konstitusiýada her bir adamyň jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa hukugy kepillendirilýär. Paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäheriniň häkimligi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ekologiýa çäresiniň yglan edilip, awtoulaglaryň hereketiniň çäklendirilmegi, düýn bolsa milli Liderimiziň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilmegi halkymyzyň saglygy we bagtyýarlygy hakyndaky aladadan nyşandyr. 
Ekologiýa medeniýetiniň kemala gelmegine, daşky gurşawyň ýagdaýy üçin jemgyýetçilik jogapkärçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen köpçülikleýin ekologiýa we sport çäreleri 10-njy maýda başlanyp, 25-nji maýa çenli dowam eder. Şol döwürde şäher awtobuslaryndan, taksilerden we beýleki jemgyýetçilik ulaglaryndan daşgary awtoulag serişdeleriniň hereketi çäklendirilýär. Jemgyýetçilik ulaglary iri şäherlerde esasy, elýeterli hem-de ygtybarly ýolagçy gatnaw serişdesi bolup, gür ilatly ýerleriň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde has netijeli hasaplanýar. Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli täze awtobuslaryň 400-siniň işe girizilmegi ekologiýa çäresiniň jemleýji günlerinde ildeşlerimiziň şatlygyny goşalandyrar.  Şeýle ekologiýa çäreleri häzirki döwürde has ýörgünli bolup, Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň bir maksadyň — ekologiýa abadançylygynyň bähbidine jebisligini görkezýär. Her ýylyň 22-nji sentýabrynda Bütindünýä awtoulagsyz gün giňden bellenilýär. Şol günlerde pyýada hem-de welosipedli ýa-da jemgyýetçilik ulagynda hereket etmek, mümkin boldugyça golaýdaky söwda nokatlarynyň, jemgyýetçilik hyzmaty merkezleriniň, edara-kärhanalaryň hyzmatyndan peýdalanmak wagyz edilýär. 
Awtoulagsyz günler geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda öňe sürlüp başlanýar we 1994-nji ýylyň oktýabrynda Ispaniýanyň Toledo şäherinde geçirilen maslahatda şeýle çäreleri ýygy-ýygydan guramak başlangyjy öňe sürülýär. Ýewropa ýurtlarynda şäherde amatly we sagdyn hereket hepdelikleri geçirilýär. «Şäher adamlaryň, ýaşaýşyň gurşawydyr» şygary bilen guralýan çärelerde ynsan saglygyna zyýan berýän gazlardan arassa, işjeň hereketli ýaşaýyş ündelýär. Şeýle çäre paýtagtymyzda, ilkibaşda, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 günüň galmagy mynasybetli, 2017-nji ýylyň 17-nji awgustynda «Awtoulagsyz gün» ady bilen geçirilipdi. Şol gün ir sagat 7-den agşam 19-a çenli paýtagtymyzyň ýollarynda awtoulaglaryň hereketi çäklendirilipdi.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen, her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününiň dabaraly bellenilmegi, Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda bu şanly senäni ebedileşdirmek maksady bilen, «Welosiped» binasynyň gurulmagy we köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň yzygiderli guralmagy durmuş ugurly syýasatyň aýrylmaz bölegidir.
Geçen ýylyň 3-nji iýunynda paýtagtymyzda «Awtoulagsyz gün» diýlip yglan edilip, şol gün Aşgabatda sagat 06:00-dan 18:00-a çenli diňe welosipedlerde, awtobuslarda hem-de gaýragoýulmasyz gulluklaryň ulaglaryna hereket etmäge ygtyýar berildi. Bu çäre awtoulaglaryň çykarýan galyndy gazlaryndan howany ep-esli derejede arassalamaga mümkinçilik berdi. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ekologiýa gözegçilik gullugy tarapyndan paýtagtymyzda şol gün hereketleriň çäklendirilmeginiň atmosfera howasyna täsirine gözegçilik geçirildi. Netijede, tozanyň möçberi 20 göterim, kükürt dioksidiniň möçberi 10 göterim, azot dioksidiniň möçberi 40 göterim we fenolyň möçberi iki esse peseldi. Görnüşi ýaly, awtoulagsyz günleriň yzygiderli geçirilmegi ak mermerli paýtagtymyzy ekologiýa taýdan arassa we ýaşamak üçin amatly şähere öwürmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işlere uly goşantdyr.
Nurylla GÖKLEŇOW,
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.