ILKINJI KOSMONAWTYŇ HEÝKELI — PAÝTAGTYMYZDA

Ilkinji kosmonawt hökmünde adamzat taryhynda müdimilik orun alan Ýuriý Gagariniň «Wostok-1» howa gämisinde kosmos giňişligine 108 minutlyk uçuşy amala aşyranyna şu ýylyň 12-nji aprelinde 60 ýyl doldy. Älem giňişligini özleşdirmegiň başyny başlap, kosmosa ilkinji bolup aýak basan bu şahsyýetiň ady diňe bir şol wagtky Sowet Soýuzynda däl, eýsem, onuň çäklerinden has uzaklarda-da uly meşhurlyga eýe boldy. Bu gün uçarman-kosmonawt Ýuriý Gagariniň adyny ebedileşdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barlyp, şolaryň hatarynda «Medeniýetleriň gepleşigi — bir dünýä» halkara haýyr-sahawat jemgyýetçilik gaznasy tarapyndan başy başlanan täsin taslama aýratyn orun degişli. 
Mälim bolşy ýaly, «Medeniýetleriň gepleşigi — bir dünýä» gaznasy indi on ýyldan gowrak wagt bäri dünýä ýurtlarynda Ýuriý Gagarine bagyşlanan heýkeltaraşlyk kompozisiýalaryny oturtmak taslamasyny durmuşa geçirip, Italiýa, Fransiýa, Bolgariýa, Germaniýa, ABŞ, Hindistan, Hytaý, Çehiýa... ýaly, dünýäniň onlarça döwletinde bu taryhy şahsyýetiň heýkellerini dikdi. Golaýda bolsa bu gaznanyň Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasyna ýadygärlik hökmünde peşgeş beren heýkeli Aşgabatda oturdyldy. Ilçihananyň ozalky edara binasynyň — häzirki bilim, ylym we medeniýet bölüminiň çäginde bina edilen Ýuriý Gagariniň heýkeliniň açylyş dabarasyna Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, şäher häkimliginiňdir dostlukly ýurduň ilçihanasynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar. 
Çäräniň dowamynda eden çykyşynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili meşhur heýkeltaraş Alekseý Leonow tarapyndan ýasalyp, Aşgabadyň iň gözel künjekleriniň birinde oturdylan bu bürünç heýkeliň iki ýurduň dostlukly gatnaşyklarynyň we älem giňişligini özleşdirmek boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlygyň nyşany bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Çünki Sowet Soýuzynyň raýatynyň kosmosa ilkinji bolup aýak basmagynda şol wagt uly döwletiň çäginde dost-dogan bolup ýaşan halklaryň ählisiniň hem wekilleriniň tagallalary bardyr. Şu babatda diplomat Türkmenistanda doglup, açyk älem giňişligine birnäçe gezek üstünlikli uçuşy amala aşyran, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenkonyň bitirýän işlerine ýokary baha berdi. 
Ýeri gelende bellesek, Ýuriý Gagariniň Aşgabatda oturdylan heýkeliniň binagärlik bezegleri we granit daşyndan ýasalan postamenti indi birnäçe ýyldan bäri Türkmenistanda iş alyp barýan «Wozroždeniýe» rus kompaniýasynyň wekilhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Ýene sanlyja günden esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk senesini baýram etjek gözel paýtagtymyzda ady rowaýata öwrülen ilkinji kosmonawtyň heýkeliniň oturdylmagy Aşgabadyň dost-doganlyk merkezi hökmündäki abraýyny has-da belende göterýär.
(Ýörite habarçymyz).
Surata düşüren Ýuriý ŞKURIN.