ŞÄHER BILEN ÝAŞYTDAŞ DARAGT

Bu täsin daragt barada gazetiň 2019-njy ýylyň 12-nji noýabryndaky sanynda-da bilenimizi paýlaşypdyk. Ol şol wagt 138 ýaşyndady. Indi 140 ýaşynda. Bu taryhy daragt 140 ýaşyny toýlaýan Aşgabadymyz bilen ýaşytdaş. Ilki bilen sözümiziň başynda «140 ýaşyň gutly bolsun, Aşgabat! 140 ýaşyň gutly bolsun, goja daragt!» diýesimiz gelýär.
Hawa, o goja daragty görmek üçin paýtagtymyzyň merkezindäki Aşgabat demir ýol menziliniň golaýynda, öňki demirýolçular (häzirki «Köpetdag» sport toplumynyň bedenterbiýe we sagaldyş toplumynyň) seýilbagyna baraýmaly. Seýilbaga girmänkäň, göreniňden, onuň bu golaýyň daragty däldigine göz ýetirýärsiň.
Biziň Aşgabat bilen ýaşytdaş gadymy daragt bilen tanyşlygymyza ýerli ýaşaýjy Ýazgeldi Muhammetgeldiýew sebäp boldy. Ýazgeldi aganyň goja daragt bilen tanyşlygyna kakasy Gulgeldi aga sebäp bolupdyr. Ýazgeldi aga şol wagt demirýolçular seýilgähinde surata düşmedik bolsa, biz o goja daragt barada gürrüň hem etmesek etmezdik. 
Suratly waka 34 ýyl mundan öň bolupdy, 14 ýaşly Ýazgeldi okuwdan daşgary şol wagtky demirýolçularyň medeniýet öýüne dutar ugrundan okuwa gatnaýardy. Bir gezek Ýazgeldi dagynyň dutarçylar topary konsert berdi.
Konsertden soňra olar deň-duş sazandalary, halypalary Durdyguly Annaýew bilen medeniýet öýüniň golaýyndaky demirýolçular seýilbagyna barýarlar. Seýilgähde dutarçylar bolup üýşüp, ýadygärlik surata düşýärler.
Ýazgeldi öýlerine gelip, suratyny kakasyna görkezýär. Suratdaky baglyk ýeriň haýsy seýilbagdygyny Gulgeldi aga synçylygy bilen aňjak bolýar. Ýazgeldi suraty synlap oturan kakasyna «Bu ýer — demirýolçular seýilbagy, kaka!» diýende, Gulgeldi aganyň ýadyna şol täsin daragt düşýär. 
— Oglum, surata düşüb-ä oňarypsyňyz weli, duran ýeriňiziň ho-ol beýleräginde gadymy daragt bar. Ol 1881-nji ýylyň daragty! Şonuň ýanynda düşen bolsaňyz, hasam üýtgeşik bolardy — diýip, göwnündäkini aýdýar hem-de suratyny ogluna uzadyp:
— Men saňa o bagy görkezmesem bolmaz oglum! Senem ony bilip gal. Ol taryh ahbetin! Hany, ýör, oglum, ony görüp gaýdaly — diýip, Gulgeldi aga goja daragty görkezmek üçin ogluny ýörite demirýolçular seýilbagyna äkidýär.
Ataly-ogul seýilbaga baryp, goja daragtyň deňesinde saklanýarlar. 
— Hawa, oglum! Bilip goýgun, taryhy zatdyr bi. Bu daragtyň ýaşy Aşgabadyň ýaşy bilen deňdir. Hanha, görýäňmi, seret, berçinli halkasynda «1881-nji ýyl» diýlen ýazgysy-da bar. Bu daragt ençe-ençe günleri, niçe-niçe ahwallary başyndan geçirendir — diýip, Gulgeldi aga onuň ýygyrt atan böleklerinden many otarýardy. Ol ogluna bu daragt hakynda birsalym gürrüň berýär. 
Ataly-ogul seýilbagdan çykyp baryşlaryna, Gulgeldi aganyň ýadyna goňşy bolup ýaşaşan Mylly aga düşýär. Ussat sazanda hem bu daragtyň taryhylygyny bilýärdi. Mylly aga Gökdepä, dogduk obasyna gidende, Kemine köçesinden geçip gider eken. Seýilgähiň deňesine baranda, 1881-nji ýylyň daragtyna gözi düşende, köne tanşyny gören ýaly, bir pursat aýak çeker eken. Gulgeldi aganyň ýöräp barşyna Mylly aganyň bu daragty synlaýşy bir pursat göz öňünde janlandy.
Mylly aga bagbançylygy hem gowy görüpdir. Ol howlusynda erik, üzüm, tut ýetişdirýän eken. Onsoň halypa sazanda gürrüňi edilýän daragta-da aýratyn gadyr bilen garapdyr. Ussat sazanda Mylly Täçmyradowa türkmen sazynyň goja bagbany hem diýilýär. Mümkin, goja daragt Mylly aganyň gözüne dutar bolup görnendir?!
Bag dutar deýin ýaşaýşa owaz berýär. Bag diňe howany arassalaman, eýsem, ondan dörän dutaryň owazy ynsanlaryň kalbyny arassalaýar. 
Mylly aga soň-soňlaram: «Oglankam, göçüp gelen ýyllarymyzda-da, bu tut biline golýetmez bir gujaklykdy» diýip, goja daragt hakynda ýatlar eken. Garaz, bu daragt durşy bilen taryh, durşy bilen ýatlama. 
* * *
Hawa, Mylly aganyň göçüp gelen ýyllarynda, ýagny geçen asyryň başlarynda bu daragtyň töweregi alaň-açyklyk eken. Günbatara seretseň, gadymy Köşi obasy görner eken. Demir ýol menziline gelýänlere-de, bu daragt gowy görünýär eken. Ýolagçylar, myhmanlar üçin daragtyň salkyn saýasy dem-dynç alara amatly ýer bolupdyr. 
Bir gezek sungaty öwreniji Azat Annaýew bilen bu täsin daragty görmäge bardyk. Köpügören sungaty öwreniji ony geň galyjylyk bilen synlady. Birsalym durup, gür baglyga bürenip oturan seýilgähdäki baglara göz aýlady.
— 1920-nji ýyllaryň Gündogar sungatynyň zarpçy mekdebiniň mugallymy, suratkeş Ruwim Mazel okuwçylary Bäşim Nuraly, Olga Mizgirýowa, Sergeý Beglýarow bilen bu seýilbaga surat çekmäge gelipdirler. Olar şu baglar ýaly türkmen nakgaşçylygynyň ilkinji sungat daragtlary — diýip, halypa sungaty öwreniji daragtyň taryhy keşbinden ýakymly pursatlary okaýardy. Töweregindäki baglara garap durşuna, golaýdaky görünýän öňki demirýolçularyň medeniýet öýüniň binasyna seretdi. Olam käbir zatlary ýatladan bolara çemeli.
— Demirýolçularyň öňki medeniýet öýi Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýem (1998 — 2005 ý.ý) bolan. Garaz, öňlerem bu ýerler suratkeşleriň, artistleriň, ýazyjylaryň köp gelen ýerleri — diýip, Azat Annaýew ýaşlygyny ýatlaýar. 
Daragt Aşgabadyň binalarynyň däl-de, tebigy gözellikleriniň-de täsinliklere baýdygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda belleýşi ýaly: «...tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini, baýlyklaryny geljekki nesiller üçin saklap galmak biziň öňümizde durýan esasy meseleleriň biridir».
Bagymyz — baýlygymyz!
Guwanç MÄMIÝEW.