PEDERLERIŇ EDERMENLIGI — GÖRELDE MEKDEBI

Şu günler ýurdumyzyň dürli künjeklerinde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş gününiň şanyna bagyşlanan dabaralar geçirilýär. Şeýle dabaralaryň biri düýn paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde geçirildi. Oňa uruş weteranlarydyr tylda zähmet çekenler bilen birlikde, ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar, harby gullukçylar, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 
Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli guralan dabarada çykyş edenler uruş ýyllarynda türkmen ýigitleriniň görkezen gahrymançylyklary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, uruş weterany Rejep Gylyjow bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol: 
— Ýetginjek ýyllarymyz güzaply geçdi. 1941-nji ýylyň maý aýyndan Russiýanyň Wladiwostok şäherinde türgenleşik geçýärkäm, 17 ýaşymdadym. Şondan iki ýyl soň Ukrainany azat etmek ugrundaky söweşe gatnaşdyk.
Taryh taryh bolýar. Ol adamzat hakydasynda dagyň daşy ýaly, mizemez orun alýar. Ganym uruş beýleki ýurtlaryň halklary bilen birlikde, türkmen üçin hem ýowuz synaglaryň biri boldy. Ýeňiş güni her ýyl döwlet derejesinde giňden bellenilýär. Duşmana gaýtawul bermek üçin Artopolot derýasynyň beýleki kenaryna geçip barýarkak ýaralanyp, lukmançylyk nokadynda ýatmaly boldum. Saglyk ýagdaýym kadalaşandan soň, gaýtadan ýene söweşjeň hatara goşuldym.
Watanyň edermen ogly, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň arzuwlaryny durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň uruş weteranlary, olaryň yzynda galyp, tylda arman-ýadaman zähmet çekenler barada edýän aladalarynyň çägi ýok. Bize durmuşda zerur bolan ähli zatdan ýeňillikli peýdalanmak üçin giň şertler döredildi. Hudaýa şükür, sylagymyz, hormat-sarpamyz ýetik. Beýik Ýeňşiň 76 ýyllyk baýramy mynasybetli gymmat bahaly sowgatlar bilen göwnümizi galkyndyran, döwrümizi ösüşlere besleýän milli Liderimize alkyş aýdýarys — diýip, goja weteran buýsanjyny beýan etdi.
Hawa, merdana ýigitlerimiz söweş meýdanlarynda Watany gorap, gahrymançylyk görkezen bolsalar, gelin-gyzlar, ýaşuly nesil, çagalar tylda Ýeňşi tizleşdirmäge goşant goşdular. Duşmana garşy aldym-berdimli söweşlerde türkmen ýigitleriniň görkezen edermenligi taryha öçmejek harplar bilen ýazyldy, olardan 104 adam Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen ada mynasyp boldy, esgerleriň 15-si «Şöhrat» ordeniniň doly derejesiniň eýeleri boldular. Türkmen halkynyň urşuň gidýän ýerlerinden göçürilip getirilenleri doganlyk aladasy bilen gurşap alandygy barada gymmatly maglumatlar bar. 
Aýdym-sazly dabaranyň dowamynda uruş weteranlaryna, şeýle-de tylda zähmet çekenlere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Goja göwünleri galkynan weteranlaryň başdan geçiren wakalaryny, häzirki döwrümiz baradaky berýän buýsançly gürrüňlerini diňläniňde, şeýle merdana pederleriň neslidigiňe, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen eşretli durmuşda ýaşaýandygyňa buýsanjyň artýar. Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, uruş weterany Sergeý Akopýan bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:
— Watan diýlen mukaddesligiň gadyr-gymmatyny asla hiç zat bilen deňär ýaly däl. Söweşe gidenimde, 18 ýaşymdadym. Ýaşlykda ene-atamyň asylly kesbi bolan daýhançylyk bilen meşgullanýardym. Fronta gitmek barada habarnama gelende, men Watan goragy üçin jan aýaman söweşmegi maksat edinip, ýola düşdüm. Agam hem meniň bilen bile gitdi. Ejem şonda iňňän alada galypdy. Gelnimiň sojap-sojap aglany henizem göz öňümde.
Doganym ikimiz iň ýakynlarymyz bilen hoşlaşyp, ýola düşdük. Söweş ýolum Russiýanyň kän şäheriniň üstünden geçdi. Tas Berline çenli diýen ýaly baryp ýetdik. Agam bilen başda bile gidenem bolsak, aýry-aýry ýerlerde söweşmeli bolduk. Ol aldym-berdimli söweşleriň birinde wepat bolýar. Men bu habary eşidip, naçar ejemi, mähriban kakamy ýatlap durşuma, olaryň bu ajy habary neneňsi kabul etjekdiklerini göz öňüne getirip, juda gynandym. Ýalňyşmasam, 1945-nji ýylyň apreli bolmaly, maňa obamyza, eziz Watana dolanmak üçin ygtyýar berildi.
Biz kynçylykly günleri ýeňip geçmek üçin el-ele berip işledik. Ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşmak üçin tagallalarymyzy gaýgyrmadyk. Häzir parahat ýurtda ýaşaýarys. Maşgalamda iki oglum bar. Agtyklarym her gün ýanyma gelip, ýurdumyzda bolýan täzelikleri aýdyp berýärler. Guwanýan, buýsanýan. Öz halkyny deňli-derejeli, döwranly, toýly günlere ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!
Türkmenistanyň at gazanan artistleri Zylyha Kakaýewanyň, Ilşat Annamämmedowyň, şeýle-de harby gullukçylaryň aýdym-saz toparynyň aýdymçydyr sazandalarynyň, «Aşgabat» tans toparynyň joşgunly çykyşlary dabara gatnaşanlaryň göwnünden turdy.
Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.
«Türkmenistan».
Surata düşüren awtor.