Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň 12-nji martda geçirilen mejlisinde 2021-nji ýylda ýurdumyz boýunça jemi 2 müň 100 tonna pile öndürilmelidigini nygtady. Şundan ugur alnyp, Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda hem degişli möçberde ýüpek gurçugy tejribeli ýüpekçilere we isleg bildirýänlere idetmäge berildi. Degişli hünärmenler gurçuklaryň idediljek jaýlaryny gözden geçirip, arassaçylyk işleriniň berjaý edilişine, jaýlaryň ýylylyk, çyglylyk derejeleriniň ýagdaýlaryna yzygiderli gözegçilik edýärler. Çünki jaýlaryň ýylylygynyň, çyglylygynyň belli bir kadada saklanmagy olaryň ösüşine oňyn täsir edýär.
Gije-gündiziň dowamynda 8 — 10 gezek iýmitlendirilýän gurçuklar ýüpekçilerden irginsizligi, çalasynlygy, arassaçyllygy talap edýär. Gurçuklar bäşinji ukusynda mahaly, şeýle-de olaryň pile saramaga girişen wagty jaýyň içini has köp ýelejiretmeli. Ýagtylyk kadaly bolmaly. Pile doly saraýan mahaly bolsa, jaýyň içini biraz garaňky saklamak maslahat berilýär.
Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamagy maksat edinýän kerkili daýhanlar oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmäge saldamly goşant goşýarlar. Olar her möwsüme taýýarlykly gelmek bilen, özleriniň şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Bu ýüpekçilik babatda-da şeýle. Dokma senagaty üçin gymmatly çig mal berýän ýüpek gurçuklarynyň iýmit gory bolan tutlara öz wagtynda ideg edilýär, obalaryň ýaşaýjylarynyň mellekleriniň, ýollaryň, atyzlaryň, içerki suwaryş ýaplarynyň gyralaryna her ýyl tut nahallarynyň müňlerçe düýbi oturdylýar. Öňden bar bolanlaryna dowamly ideg edilýär.
Biz hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň agzybir işgärleri bolup, degişli hünärmenler bilen bilelikde ýüpekçilere maslahatlary berýäris, ýaş ýüpekçilere tejribeli adamlary berkidýäris. Häzir etrabymyzda ýüpekçileriň 1595-si ýüpek gurçugyny idetmek bilen meşgullanýar. Olaryň her birine ýüpek gurçuklary paýlanyldy. Şeýlelikde, 2161 gap ýüpek gurçugyndan 85 tonna pile almak barada şertnama baglaşyldy. Ýüpekçilerimiziň şu günlerki alyp barýan işlerini synlanyňda, olaryň pellehana uly ynam bilen barýandygyna göz ýetirýärsiň. Welaýatymyzyň gündogar etrabynda ýurdumyzda ilkinji bolup pile ýygnamak işine girişildi. Kerki etrabynyň «Mürzebeggala» daýhan birleşiginiň ussat ýüpekçisi Sabyr Pygamowa ýaly öňdebaryjy ýüpekçileriň irginsiz zähmetiniň miwesi bolan ýokary hilli pileler göreniň gözüni dokundyrýar.
Halkymyzy rowana ak ýollar bilen ösüşiň täze belentliklerine ynamly alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri mydama rowaçlyklara beslensin!
Sonagül HUDAÝBERENOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň esasy hünärmeni.