Arkadagyň ylhamy sen, Aşgabat!

 

Häli-şindi buýsanç bilen aýdyşymyz ýaly, biz taryhy ösüşler döwründe ýaşaýarys. Ýurduň we Aşgabadyň durmuşynda şeýle ösüşler mundan ozal hiç mahal bolan däldir.

Geçen taryhy döwrüň içinde Aşgabadyň gazanan şan-şöhratynyň, özgerişleriniň gözbaşynda Garaşsyzlyk durandyr. Ähli üstünliklerimiziň, tutuş ýurdumyzyň gülläp ösüşleriniň sakasynda hem şu mukaddeslik durandyr. Belentliginiň derejesine, gymmatyna düşünilende we ýüregiň emrine, beýik söýgä ýugrulyp, goralyp, ösdürilip bilnende, diňe şonda milletiň öz mukaddesligi bilen bitewüligi baradaky hakykat haýran galdyryjy hadysa bolup dünýä dolýar. Muňa ýetmek üçin milletiň dogry ýoly nazarlaýan güýjüni toplamak, ugrukdyrmak, tijemek gerek. Munuň özi millet üçin milli Lideriň edil howa ýaly zerurdygyny aňladýar.

Aşgabat! Garaşsyz ösüşimiziň bir pursadyny-da ondan aýry göz öňüne getirmek mümkin däl. Aşgabat — türkmen döwletiniň ýüregi! Aşgabat — türkmen döwletiniň ýüzüniň tuwagy! Aşgabat — türkmen halkynyň guwanjy! Aşgabat — türkmen halkynyň mertebesi hem ary-namysy!

Her täze gün Aşgabadyň görküne görk goşýar. Onuň gujagyndaky ajaýyp desgalaryň birtopary özboluşly binagärlik we inženerçilik-tehniki çözgütleri bilen halkara derejeli abraýly baýraklara mynasyp boldy, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Türkmen paýtagty dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen ýeri diýlip ykrar edildi.

Mähriban paýtagtymyz barada söz açmak örän ýakymly! Onda-da döredijilik adamy hökmünde! Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, Aşgabat dürli döwürlerde döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrdy. Söz, sungat ussatlary paýtagtymyz hakyndaky biri-birinden ajaýyp eserleri dünýä berdiler.

Gurmak, döretmek — bu bir gudrat! Gudrat görkezmek Allatagalanyň işi diýýärler. Eýsem-de bolsa, Allatagala döretmek mümkinçiligini ynsanlara-da beripdir, aýratyn gowy görenlerine bolsa gudrat döretmek güýjüni eçilipdir. Bu inkär edip bolmajak hakykaty biz Gahryman Arkadagymyzyň işlerinde görýäris. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň özem bu gün gudratlary döretmäge gatnaşýar diýsek, ýalňyş bolmaz. Şeýlelikde, bütin geçmişdäki beýikligi bilen goýnunda gudratlary saklap gelýän ýurdumyz täze zamanada täze gudratlary bilen beýgelýär. Türkmenistan bu gün biri-birinden täsin, dünýäni aňk ediji gudratlaryň döreýän ýurduna öwrüldi. Aşgabadyň gülläp ösüşlerinden hem muny görmek mümkin.

Paýtagtymyzy gurmagyň döwrebap taslamalarynyň her birine hormatly Prezidentimiziň zehini siňýär. Gahryman Arkadagymyz beýik gurluşyklaryň taslamalaryna garaýar, olaryň düýbüni tutmaga gatnaşýar. Gurluşyklardaky işler bilen ýerinde tanyşýar. Dürli maksatly täze binalary açyp, olaryň halkyň eşreti üçin ulanylmagyna ak pata berýär. Öz çykyşlarynda, Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde, iş maslahatlarynda paýtagtymyzy ösdürmegiň meselelerine gaýta-gaýta dolanyp gelýär, bu ugurda iňňän möhüm başlangyçlary öňe sürýär, işleriň birjik-de bökdelmezligi, hiliniň ýokary bolmagy babatda talap bildirýär.

 Paýtagtymyzy ösdürmäge örän çynlakaý çemeleşilýär. Aşgabady ösdürmegiň konsepsiýasy hut şu maksada gönükdirilendir. Adamlaryň ýaşaýşy üçin iň amatly şertleriň döredilmegine, halkymyzyň durmuş derejesiniň ähli babatda häzirki zamanyň ýokary talaplaryna laýyk gelmegine, paýtagtymyzyň lowurdap duran, dünýä ýalkym saçýan, iňňän owadan şähere öwrülmegine hyzmat edýän bu konsepsiýa hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen işlenip düzüldi. Şonuň bilen hem paýtagtymyzy ösdürmegiň, onuň çäklerini abadanlaşdyrmagyň esasy ugurlary kesgitlendi. Bu işiň abraý bilen amala aşyrylmagy mukaddes wezipedir.

Milli Liderimiziň şu ýylyň başyndan bäri eýýäm birnäçe gezek paýtagtymyz boýunça iş saparlaryny amala aşyrandygyny, ajaýyp desgalara baryp görendigini ýatlalyň! Munuň özi Aşgabady, şonuň bilen birlikde, ýurdumyzy ösdürmek, halkymyz üçin iň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesini döretmek ýaly aladalar bilen baglanyşyklydyr. Edil häzirki günlerde bolsa munuň özi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygyna, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň şu şanly sene bilen utgaşýan 140 ýyllygyna mynasyp sowgatly barmak baradaky tagallalar bilen hem baglanyşyklydyr. Şuny aýdýarkak, golaýda hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine barandygyny ýatlamazlyk mümkin däl. Hut şu ýerde Gahryman Arkadagymyz bu ajaýyp seneler, uly toýly günler mynasybetli medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda döredijilik bäsleşiginiň guralmagynyň maksadalaýyk boljakdygy barada aýtdy. Ak mermerli Aşgabada bagyşlanyp dörediljek aýdymyň kämil aýdym bolmalydygy, halkymyzyň belent ruhuna kybap gelmelidigi barada hertaraplaýyn düşündirdi.

Ynha, ýakynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň öz agtygy bilen döredijilikli işlemegi netijesinde, Aşgabat hakyndaky täze aýdym peýda boldy! Paýtagtymyzyň toýuna barýan günlerimizde bu aýdym bütin halkymyz üçin ajaýyp sowgatdyr. Hormatly Prezidentimiz ýene bir gezek biziň hemmämize — şahyrlara, kompozitorlara, döwrümiziň beýikligine guwanyp, ajaýyp eserlerini orta çykarýan döredijilik adamlaryna mynasyp görelde görkezdi. Biz buýsanç bilen: «Höwri köp bolsun, Gahryman Arkadagymyz!» diýýäris.

Hemişe bolşy ýaly, Aşgabat bu gün hem şahyrlary, sungat ussatlaryny joşdurýar. Şonuň bilen birlikde, olaryň iň gowy eserleri her bir ynsany — aşgabatlylary, bütin halkymyzy joşdurýar. Bu eserler, hakykatdan-da, gözelligi duýmaga, onuň gadyryny bilmäge çagyrýar! Ýurt gadyryny, il gadyryny, paýtagt gadyryny bilmäge çagyrýar! Ýaşaýşa söýgini artdyrýar, zähmet çekmäge, döretmäge hyjuwlandyrýar!

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine baranda, şu ýyl ýurdumyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlara taýýarlyk görlüşi, desgalarda türgenleşikleriň geçirilişi bilen tanyşdy. Olimpiýa şäherçesi özboluşly sport toplumydyr, onuň Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy ýokdur. Bu ýerde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Şu ýyl bolsa ýurdumyzda Welotrek boýunça dünýä çempionaty, Dewisiň Kubogyny almak boýunça abraýly halkara ýaryşyň saýlama tapgyry geçiriler. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Aşgabat Olimpiýa stadionynyň mümkinçilikleri şu ýyl ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň dabaralaryny geçirmekde oýlanyşykly peýdalanylar.

Hawa, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz, onuň töweregi boýunça iş saparlaryny amala aşyrdy, möhüm desgalaryň gurluşygy, olara degişli käbir taslamalar bilen tanyşdy. Halkymyzyň milli buýsanjy hasaplanylýan alabaý itleri, olary ösdürip ýetişdirmegiň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň dowam etdirilişi bilen gyzyklandy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän Söwda we dynç alyş merkezli desgalar toplumynyň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine hem bardy.

Toplumyň çäginde sebitde iri Söwda we dynç alyş merkezi gurulýar, ýaşaýyş jaýlary bina edilýär. Bu ýerde öýleriň, otaglaryň hemmesiniň gurluşygy, abadanlaşdyrylyşy ýaşaýjylaryň sargytlary esasyndadyr. Aşhanalaryň, myhman otagynyň, ýatylýan, çagalar üçin niýetlenen otaglaryň abadanlaşdyrylyşy, sanly ulgam, mebeller bilen üpjünçiligi gönüden-göni ýaşaýjylaryň sargytlaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Käbir öýleriň meýdany 638 inedördül metre barabardyr. Ýaşaýyş jaýlarynda 6 we 7 otagly öýler hem bar... Megerem, diňe şu aýdanlarymyzyň özem paýtagt şäherimizde durmuşyň gülläp ösýändigini aýdyň görkezýändir. Bular, hakykatdan-da, juda uly, ozal görlüp-eşidilmedik mümkinçiliklerdir! Bular, hakykatdan-da, ýaşaýyş eşretleridir! Bular, hakykatdan-da, adam hakyndaky aladanyň iş ýüzünde kemal tapyşydyr!

Hormatly Prezidentimiz bu toplumy “Aşgabat” diýip atlandyrmak barada ajaýyp pikiri orta atdy. Şeýle edilmegi, dogrudan hem, paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň şanly senesine mynasyp sowgat bolar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda maýa goýum syýasatynyň uly rowaçlyklara beslenýändigini alamatlandyrýan gurluşyklary synlady. Köpugurly işewürlik merkezli “Garagum” myhmanhanasynyň, onuň golaýyndaky seýilgähiň, Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

20-nji martda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýazky bag ekmek çäresine hem hut şu ýerden — «Garagum» myhmanhanasynyň ýanyndan badalga berilmegi ak şäherimiz Aşgabatda täze ýaşyl zolagyň döredilmegine uly goşant boldy.

 * * *

Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, Aşgabat — durşuna taryh! Bu gadymy şäher XIX asyryň aýaklaryndan başlap dürlüçe — Aşgabat, Ashabat, soňra ýene Aşgabat atlandyrylypdyr. Mundan öň bu ýerde Aşgabat atly ilatly ýer we Aşgabat atly gadymy gala bar eken. Ýeri gelende aýtsak, mundan iki ýüz ýyldan gowrak ozal Ahalda kyrk üç sany gala bolupdyr. Şolaryň biri Aşgabat galasydyr. Bu galany ahally teke türkmenleri gadymy ornunda gurupdyrlar. Diýmek, iňňän gadymy Aşgabadyň ady şol wagta çenli ýitirilmändir, bu ojakda täze-täze medeni gatlaklar döräpdir, bu ýer şol gadymy halkyň nesillerine — türkmen iline gala bolupdyr, pena bolupdyr. Şol gadymy şäheriň ornuna kök urup — şol gala, şol oba kök urup, soňra täze Aşgabat ösüp başlapdyr... Ine, şu taryha, Aşgabady şäher hökmünde gaýtadan esaslandyran taryha 140 ýyl bolýar! Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýy bilen eziz paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň şanly toýy! Goşa gelen toý! Munuň şanyna şygyrlar okalar, sazlar çalnar, aýdymlar aýdylar, tans ediler!.. Halkymyzyň göwün guşy asmanda gaýar!..

Aşgabat — berkarar türkmen döwletiniň aňy hem ýüregi! Ähli meselede Aşgabat aýratyn orunda durýar. Onuň şöhraty ýene beýik döwletiň paýtagty derejesindedir. Ol örän möhüm ykdysady, syýasy, ruhy, medeni merkezdir. Diňe sebitde däl, dünýäde hem örän täsirli merkezdir.

Aşgabat — gülläp ösýän ýurduň paýtagty. Ägirt uly özgertmeleriň paýtagty. Döwrebap ykdysadyýetiň hem senagatyň paýtagty. Ylmyň hem innowasiýalaryň paýtagty. Döredijiligiň hem medeniýetiň paýtagty. Abadançylygyň hem agzybirligiň paýtagty. Eşretli durmuşyň hem bagtyýarlygyň paýtagty. Halkara gatnaşyklarda örän wajyp başlangyçlary öňe sürýän ýurduň paýtagty. Dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy barha giňeldýän ýurduň paýtagty. Halkara bileleşikde öz ornuny saklaýan ýurduň paýtagty. Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly ýurduň paýtagty. Sagdynlygyň hem ruhubelentligiň paýtagty. Uly tejribäniň, ykdysady hem döredijilik kuwwatynyň eýesi bolan döwletiň paýtagty! Il bähbitli iň möhüm meseleleri çözmegiň merkezi. Iň uly toýlaryň, dabaralaryň merkezi. Paýtagtymyzdan gözbaş alýan baýramçylyk joşguny ýurdumyzyň ähli oba-şäherine, her bir öý-ojaga güýç berýär, rahatlyk hem şatlyk eçilýär.

Aşgabat — dünýä üçin abadançylygyň hem ösüşiň nusgalyk merkezi. Bu gün Aşgabatdan dünýä dostlugyň hem hyzmatdaşlygyň giň ýollary uzaýar...

Akmyrat HOJANYÝAZ.
«Türkmenistan».