Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 25-nji fewralyndaky Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hem-de ol baýramy her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellemek hakyndaky Permany täze taryhymyzyň senenamasyny many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrýar. Bu şanly waka biri-biriniň üstüni ýetirýän naýbaşy gymmatlyklaryň halkymyzyň durmuşynda eýeleýän ornunyň örän uludygyny, olara belent sarpa goýulýandygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Sazlaşykly utgaşýan baýram bagtyýar raýatlarymyzyň ýürek buýsanjyny, ylham çeşmesini, toý şatlygynyň dabarasyny goşalandyrýar. Çünki şol gymmatlyklarda türkmeniň milli ruhy, Watana bolan söýgüsi, kämillige we gözellige hyjuwy, güýç-gaýratlylyk, ar-namyslylyk, asyllylyk, dostluk, wepalylyk duýgulary, sagdynlyk, mertlik, edermenlik, üstünlige we ýeňşe okgunlylyk ýörelgeleri jemlenendir.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda asylly däplere eýerilip, halkymyzyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň hem-de edermen alabaýlarymyzyň şanyna tutulan toýuň köpöwüşginli çäreleri biri-biri bilen ulaşyp, birnäçe gün dowam etdi.
Geçen hepdäniň duşenbe güni Aşgabat atçylyk-sport toplumynda adatdakylardan täsirli geçen hem-de tomaşaçylarda uly gyzyklanma döreden konkur bäsleşiginde ýigitler bilen birlikde gyzlaryň hem gatnaşyp, türgenlikde görkezen başarnyklary bu ugur boýunça meşgullanýan ýaşlarymyzyň sanynyň barha artýandygyny aýan etdi. Goşa gymmatlyklaryň baýramy mynasybetli suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda tebigatyň peşgeşi bolan ahalteke atynyň we türkmen alabaýynyň gözelligini wasp etmek boýunça yglan edilen bäsleşik täze zehinleriň açylmagyny şertlendirdi. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýaýbaňlandyrylan sergä hödürlenen köp görnüşli çeper eserler, ony synlanlara halkymyzyň bu gymmatlyklara bolan çuňňur söýgüsi, olary naýbaşy derejä ýetirmek ugrundaky köpasyrlyk yhlasy, ýola goýan däpleri, seýisçilik tejribesi hakynda gyzykly maglumatlar bilen tanyşmaga we dünýägaraýşyny baýlaşdyrmaga mümkinçilik döretdi.
Aşgabat şäherinde Halkara ahalteke atçylyk we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýalarynyň merkeziniň açylmagy döwletimiziň ahalteke atlary we alabaý itleri baradaky yzygiderli aladasynyň aýdyň subutnamasy boldy. Täzeçil tehnologiýalar ornaşdyrylan merkez eziz Diýarymyzda we onuň çäkleriniň daşynda ippologiýa we kinologiýa pudagyny ösdürmäge, atşynaslyk we itşynaslyk milli ýörelgelerini ilerletmäge hem-de onuň köpasyrlyk däplerini geljekki nesillere ýetirmäge hyzmat eder. Ahalteke bedewleriniň we alabaý itleriniň gadymy watanynda halk seçgiçiliginiň, häzirki zaman dünýä ylmynyň gazananlaryny ulanmak arkaly ol gymmatlyklaryň şöhratly taryhyny öwrenmek, daşary ýurtlarda bu ugurlar bilen gyzyklanýan taraplaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünliklere beslenmegine giň ýol açar.
Zamanabap merkezde geçirilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisinde Halkara ahalteke atçylyk we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýalarynyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen döwlet sylagy gowşuryldy. Şeýle hem assosiasiýanyň mejlisinde täze agzalary kabul etmek hakyndaky kararlar kabul edildi.
Geçen hepdäniň dowamynda baýramçylygyň hormatyna Mary atçylyk-sport toplumynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň ýetginjekleriniň, uly ýaşly hem-de halypa çapyksuwarlarynyň arasynda guralan at çapyşyklary tomaşaçylara tolgundyryjy pursatlary eçildi. Gyzykly geçen ýaryşlar seýisleriň işleriniň netijesini, bedewleriň ýyndamlygyny, ussat çapyksuwarlar bilen çeýe atlaryň ysnyşykly gatnaşygyny, ol sazlaşyklaryň ýeňiş gazanmaga hyjuwlydyklaryny açyp görkezdi.
Baýramçylyk günlerinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde saýlama atlaryň gatnaşmagynda guralan marafon ýaryşy bedew muşdaklarynyň köp sanlysyny özüne jemledi. Bu bäsleşik atlaryň çydamlylyk, ýyndamlyk ukybynyň, tebigatyň dürli şertlerinde özüni alyp barşynyň, çapyksuwarlaryň başarjaňlygynyň, türgenliginiň, seýisleriň iş yhlasynyň, tejribe kämilliginiň synagynyň görkezijisi boldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşigine gatnaşan atlar özleriniň tebigy gylyk-häsiýeti, zybalygy, birkemsiz beden gurluşy, özüne çekiji syrly güýji hem-de ussat zergärleriň ýasan şaý-seplerine bezelen görnüşdäki çykyşlary bilen tomaşa ýygnananlary haýran galdyrdy. Şonuň ýaly-da, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda çekeleşikli geçen baýramçylyk at çapyşyklary toý märekesine gelen bagtyýar raýatlarymyza we tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady. Bäsleşikleriň ýokary guramaçylyk derejesi we onuň jemleri boýunça ýeňijilere baýraklary gowşurmak dabarasy geljekde-de halkymyzyň atşynaslyk ýörelgeleriniň ösdürilmeginiň höweslendirilmegine, naýbaşy atlary ösdürip ýetişdirmegiň usullarynyň kämilleşdirilmegine itergi berdi.
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynyň hem-de teleköpri arkaly Aşgabat şäherinde, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda gurlan merkezleriniň we Karantin merkeziniň açylyş dabarasy her bir türkmenistanlynyň ýüreginde milli mirasymyza bolan mähirli garaýşy gaýtadan galkyndyrdy. Innowasion gurluşly desgalar alabaý itleriniň tohum arassalygynyň goragyna, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däpleriniň aýawly saklanylmagyna ýurt derejesinde üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän merkezleriň işe girizilmegi ata-babalarymyzyň türkmen alabaý itlerini terbiýelemek we olary kämilleşdirmek, tohumçylyk işini ösdürmek ugrunda durmuşa ornaşdyran beýik işleriniň täzeçe dowamat-dowam bolmagyna badalga berdi. Ýurdumyzyň sebitlerinde has irki döwürlerde halkymyzyň zähmete söýgüsiniň netijesinde kemala gelen batyrgaý alabaýlarynyň iň gadymy we naýbaşy nusgalarynyň goralmagyny, köpeldilmegini, tohumçylyk-seçgi işleriniň alnyp barylmagyny we ösdürilip ýetişdirilmegini maksat edinýän merkezlerde işlejek hünärmenleri üstünliklere ruhlandyrdy. Uludan tutulan baýramçylygyň çäklerinde geçirilen «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigi alabaý itleriniň ynsanyň ýakyn dostuna, ebedi hemdemine öwrülendigini, öz eýeleri bilen dil tapyşmagy başarýandygyny görkezdi. Bäsleşigiň netijeleri halkymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýşynyň dowamynda sünnäläp döreden, asyrlardan aşyryp, şu günlerimize ýetiren alabaýlarymyzyň dünýäde gaýduwsyz, edermen, wepaly itler hökmünde ykrar edilýändigine şaýatlyk etdi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ahalteke bedewleriniň we alabaý itleriniň şanyna giňden tutulan toýuň medeni-köpçülikleýin çäreleri halkymyzy jebisleşdiriji, jemgyýetimiziň döredijilikli we sagdyn ýaşaýşa ugrukdyryjy, ýurdumyzyň ösüşiniň täze belentliklerine badalga beriji mazmunylygy bilen tapawutlandy. Goşa baýramyň meýilnamasy esasynda geçirilen bäsleşikleriň ýeňijileri Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýlaryna mynasyp boldular. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen türkmeniň ahalteke bedewlerini seýislemegiň we alabaý itlerini terbiýelemegiň inçe tilsimlerini ýaş nesle öwretmekde, bu gymmatlyklaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda ýurdumyzyň tapawutlanan atşynaslaryna we itşynaslaryna, döredijilik işgärlerine hem-de daşary ýurt raýatlaryna döwlet sylaglary gowşuryldy.
Meretguly TANGIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.