Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralary
Aşgabat, 25-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanda ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramy Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde giň gerimde bellenildi. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy bu günki baýramçylyk dabaralarynyň başlanýan ýerine öwrüldi. Bu ýerde ýelden ýüwrük türkmen bedewleriniň gatnaşmagynda halk arasynda iň meşhur bäsleşikleriň biri — baýramçylyk at çapyşyklary guraldy.
Türkmenleriň gadymdan bäri guraýan at çapyşyklarynyň göwünleri galkyndyrýan joşguny nesilleriň dowamatlylygynyň, ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlarynyň gaýtadan dikeldilýändiginiň hem-de ösdürilýändiginiň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Munuň özi diňe bir halk seçgiçileriniň gudratly tebigat bilen bilelikde kemala getiren ahalteke bedewleriniň iň gadymy we täsin wekilleriniň gözden geçirilişi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň nepisligi, çeýeligi hem-de haýran galdyrýan çydamlylygy bilen täsin sazlaşygy emele getirýän gaýtalanmajak gözelligine özboluşly senadyr.
Sahawatly türkmen topragy ähli döwürleriň we halklaryň iň gowy bedewleriniň ýetişdirilýän mekanydyr, olaryň şöhraty Ýer ýüzüne ýaýrapdyr. Türkmen seýisleri köp asyrlaryň dowamynda ýelden ýüwrük bedewleri terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen, olaryň taýçanaklaryny saýlap alyp hem-de tohum arassalygyny gorap saklap, dünýä atşynaslygynyň täjine öwrülen atlaryň aýratyn, täsin tohumyny döretdiler.
Türkmenler gadymy döwürlerden başlap, bedewlere tälim bermegiň netijeli tilsimlerini işläp taýýarlapdyrlar. Olaryň hili diňe bir at çapyşyklarynda däl-de, eýsem, agyr söweşlerde hem, haçanda ata-babalarymyz Watan ugrunda söweş meýdanlaryna çykanlarynda-da synagdan geçipdir. Ahalteke bedewi edermen türkmen ýigitleriniň hakyky, wepaly hemrasy bolupdyr. Bu barada diňe bir köp sanly rowaýatlar we hekaýatlar däl-de, häzirki günlere çenli saklanyp galan daşary ýurtly awtorlaryň taryhy ýazgylary şaýatlyk edýär. Olar türkmen behişdi bedewleriniň haýran galdyryjy wepadarlygy barada ýazgylaryny galdyrypdyrlar...
At çapyşyklary türkmen toýlarynyň we baýramçylyklarynyň bezegidir, olaryň netijesinde, ahalteke bedewleri hemişe ajaýyp türgenleşdirilen beden taýýarlygy bilen, uzak aralyklara ýörişlere hem çydamly bolupdyrlar. Biziň günlerimizde sportuň iň gyzykly we özüne çekiji milli görnüşleriniň biri bolan at çapyşyklary ägirt uly meşhurlyga eýedir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýelden ýüwrük bedewler Watanymyzyň ösüşiň we döredijiligiň täze belentliklerine tarap okgunly hereketini alamatlandyryp, milletimiziň mirasynyň, türkmen halkynyň paýhasynyň dowamatlylygynyň beýanydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bütin kalby bilen halk söýgüsini siňdirip, ahalteke tohumly bedewleriň dünýädäki şöhratyny belende götermek, beýik ata-babalarymyzyň atşynaslyk sungatyny ösdürmek hem-de wagyz etmek hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň derejesine çykardy. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde, ýurdumyzda behişdi bedewlere ideg etmek hem-de olary köpeltmek, milli atşynaslyk ýörelgelerini gaýtadan dikeltmek, atçylyk sportuny ösdürmek, at çapyşyklary, uzak aralyga atly ýörişleri, atlaryň päsgelçiliklerden geçmegi boýunça seýisleri, tälimçileri hem-de ussat türgenleri taýýarlamak üçin ähli şertler döredildi.
Ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi hem-de tutuş ýurdumyz boýunça döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň bina edilmegi bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň subutnamasydyr.
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary bilen geçýän şu ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmen bedewiniň milli baýramy ilkinji gezek Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde geçirilýär, munuň özi biziň şöhratly ata-babalarymyzyň dünýä peşgeş beren bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarynyň ýokary ähmiýete eýediginiň nyşanydyr.
...Ir bilen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ýanynda ählumumy ruhubelentlik we baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu ýere Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de köp sanly myhmanlar ýygnandylar.
Toplumyň çägine barýan ýoluň ugrunda ahalteke bedewleriniň ajaýyp gözelligini beýan edýän şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, fotosuratlaryň uly sergisi guraldy.
Dünýäniň iň gadymy tohumlarynyň biri bolan ahalteke bedewleriniň tebigy gözelligi we nepisligi, örän ösen aňy hem-de ýiti duýgurlygy, düşbüligi, asyllylygy asyrlaryň dowamynda şahyrlar, halyçylar, zergärler, suratkeşler, heýkeltaraşlar, atyň bezeg esbaplarynyň ussalary üçin ylham çeşmesine öwrüldi. Sergide görkezilýän muzeý gymmatlyklarynda aýawly saklanylýan hem-de nesilden-nesle geçirilýän, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň üstünlikleri we ýeten sepgitleri bilen ruhlanan türkmen halkynyň çäksiz döredijilik zehininiň hem-de inçe sungatynyň subutnamalary bolan milli mirasymyzyň baýlygyny hem-de köpöwüşginliligini beýan etdi.
Dikilen ak öýüň ýanynda bagşylaryň we sazandalaryň çykyşlary, güýçli, çalasyn pälwanlaryň gatnaşmagynda sport ýaryşlary görkezildi. Medeniýet işgärleri baýramçylyk mynasybetli döredijilik sowgadyny taýýarladylar.
Sirk sungatynyň Bütindünýä festiwallarynda hem-de iri halkara bäsleşiklerde gazanan ýeňişleri bilen meşhur bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary öz ussatlygyny we sungatyny görkezdi. Mälim bolşy ýaly, biziň jigitlerimiz Italiýada, Russiýada, Ukrainada, Belarusda, Türkiýede, Hytaýda hem-de beýleki ýurtlarda uly üstünlik bilen çykyş edip, akrobatika we gimnastika tilsimleri, bedewe erk etmek, çapyp barýan atyň üstünde dürli hereketleri ýerine ýetirmek bilen tomaşaçylary hem-de emin agzalaryny hemişe haýran galdyrýarlar.
Umumy ykrar edilmegi boýunça milli atşynaslyk sungatymyzyň esasy aýratynlygy türkmenleriň bedewlere özara ynanyşmak we ynsana wepadarlyk ruhunda tälim berýändikleridir.
Münberler tomaşaçylardan doly. Bu ýere ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we atçylyk pudagynyň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, at çapyşyklarynyň köp sanly muşdaklary ýygnandylar.
Yzygiderli esasda geçirilýän milli derejedäki ýaryşlar diňe bir sportuň bu görnüşiniň abraýyny artdyrmak bilen çäklenmän, çapuw atlarynyň bu täsin tohumynyň giňden wagyz edilmegine gönüden-göni ýardam berýär.
Milli Liderimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň atçylyk pudagy hil taýdan täze derejä çykaryldy. Bu pudagyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, tohumçylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, sportuň atçylyk görnüşlerini hem-de at çapmagyň milli ýörelgelerini wagyz etmek boýunça giň gerimli çäreler geçirilýär.
“Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly we beýleki kitaplaryny bagyş eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke bedewlerine goýýan çäksiz sarpasy olaryň dünýädäki şöhratyny has-da belende göterýär. Dünýäniň dürli dillerine terjime edilen bu kitaplar giň okyjylar köpçüligine elýeterli bolup, alym-atşynaslar üçin gymmatly ylmy çeşmä öwrüldi.
Sanly tehnologiýalar döwründe halkyň taryhy ykbalyny kesgitlän hakyky milli gymmatlyklaryna ýaşlaryň hormatly garaýşynyň ýitmezligi möhümdir. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyzyň özi bu babatda nusga görkezip, agtyklarynda bedewlere bolan söýgini terbiýeläp, olara at çapmagy hem-de atlara ideg etmek başarnygyny we olar bilen türgenleşmegi öwredýär. 2015-nji ýylda ýetginjek çapyksuwarlaryň 1200 metr aralyga geçirilen çapyşygynda çapyksuwar Kerim Berdimuhamedowyň ýeňiji bolandygyny ýatlamak ýerlikli bolar. Häzir hormatly Prezidentimiziň agtygynyň özi atlary terbiýelemek bilen meşgullanyp, bu asylly işe boş wagtyny bagyşlaýar.
Halkymyzyň taryhy at bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ahalteke bedewiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda uly üstünlik bilen geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hem esasy nyşany bolandygy ýöne ýerden däldir.
Onuň sport bäsleşikleriniň maksatnamasyna konkur boýunça ýaryşlaryň ilkinji gezek girizilendigi bellärliklidir. Şol ýaryşlarda türkmen çapyksuwarlary halkara ýaryşlaryň öňdebaryjylaryna mynasyp bäsdeşlik görkezip, öz artykmaçlyklaryny subut etdiler hem-de altyn medal gazandylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Akhan diýen bedewiniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi atlarymyzyň deňsiz-taýsyz häsiýetleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändigini alamatlandyrdy. Milli Liderimiziň seýislän şöhratly ahalteke bedewi taryhda ýatdan çykmajak yz goýdy. Bu bedew iki aýagynyň üstüne galyp, 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçip, ozalky görkezijiden iki esse gowy netije görkezdi.
Häzirki wagtda bütin dünýäde, aýratyn-da, Merkezi Aziýada, Ýewropada, ABŞ-da ahalteke tohum atlaryna sarpa goýýanlar az däldir. Öňler hut türkmen atlary Beýik Ýüpek ýolunyň ösüşinde ähmiýetli orun eýeläpdir. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bu taryhy ýol täze görnüşde gaýtadan dikeldilýär, bedewlerimiz geljege ymtylýan ýurt bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň şöhratyny tug diýen parladyp, häzir hem hormatly wezipäni ýerine ýetirýär.
...Alypbaryjy baýramçylyk çapyşyklarynyň başlanýandygyny yglan edýär.
Şu gün dürli aralyklarda geçirilen at çapyşyklarynyň jemi ýedisi bolup, şolaryň her birine ýyndam bedewler gatnaşyp, iň gowy sport häsiýetlerini görkezdiler. 1200 metr aralyga geçirilen birinji at çapyşyga goşulan bedewleriň ýaryşyna badalga berlen pursadyndan, tomaşaçylaryň şowhunlary al-asmana göterildi. Bu ýaryşda bedewler maliýe-ykdysady toplumynyň “Polatly” baýragyny almak ugrunda ýaryşdylar. Çapyksuwar B.Kulyýewiň çapan Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Gutly diýen gara aty pellehana ilkinji bolup geldi. Ol bu aralygy 1 minut 19,9 sekuntda geçmegi başardy.
Ikinji çapyşyk hem 1200 metr aralyga geçirildi. Nebitgaz toplumynyň “Meleguş” baýragy ugrundaky bu ýaryşda iň gowy wagty Içeri işler ministrligine degişli Garabatyr diýen gurt mele at görkezdi. Ussat çapyksuwar Ö.Ýalkabowyň çapan bu bedewi bellenen aralygy 1 minut 19,2 sekuntda geçdi.
Söwda toplumynyň “Gelşikli” baýragy ugrundaky üçünji çapyşykda bedewler 1200 metr aralyga güýç synanyşdylar. Şunda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Tejen diýen dor at pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Çapyksuwar S.Çaryýewiň çapan bu aty 1 minut 19,2 sekunt wagt görkezdi.
Ulag-aragatnaşyk toplumynyň “Ýanardag” baýragy ugrundaky çapyşyk hem 1200 metr aralyga geçirildi. Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Bäherden atçylyk hojalygyna degişli Gyzlarym diýen dor bedew pellehana ilkinji geldi. Çapyksuwar A.Orazdurdyýewiň çapan bedewi bellenen aralygy 1 minut 19 sekuntda geçmegi başardy.
Gurluşyk-senagat toplumynyň “Pereň” baýragyny almak ugrundaky 1400 metr aralyga güýç synanyşan bedewleriň bäşinji çapyşygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Kararym diýen dor at ýeňiji boldy. Onuň netijesi 1 minut 33 sekunt, çapyksuwary N.Agamyradow.
Altynjy çapyşyga obasenagat toplumynyň “Garader” baýragy goýuldy. Bu ýaryşda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine degişli Ülker diýen dor at birinji orny eýeledi. Çapyksuwar B.Berdimuhammedowyň çapan bedewi 1400 metr aralygy 1 minut 29,1 sekuntda geçdi.
Jemleýji ýedinji toý çapyşygynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş baýragy — “Akhan” göçme kubogy ugrunda dartgynly ýaryş boldy. 1400 metr aralyga guralan bu ýaryşda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bezirgen diýen ak-ýal mele at pellehanadan birinji bolup geçdi. Ussat çapyksuwar B.Agamyradowyň çapan bu bedewi 1 minut 32,2 sekunt wagt görkezdi.
Örän çekeleşikli ýaryşlarda gowudan-gowusyny saýlan dartgynly çapyşyklaryň ählisi häzirki zamanyň milli seýisçilik mekdebiniň täze taryhy eýýamda müňýyllyklardan bäri gelýän däpleriniň üstünlikli dowam etdirilýändigini aýdyň görkezdi. Dürli aralyklarda türkmen bedewleri ýyndam häsiýetleri bilen birlikde, sportda çydamlylygyny hem subut etdiler.
Çapyşyklaryň arasynda aýdym-sazly çykyşlar guraldy. Tomaşaçylar häzirki döwrümiziň ägirt uly özgertmelerini wasp edýän bagşylaryň aýdym-sazly çykyşlaryndan lezzet aldylar.
Soňra çapyşyklaryň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy geçirildi. Olara ady agzalan baýraklar, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bulardan başga-da, jemleýji ýaryşyň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň göçme Kubogy, degişli diplom gowşuryldy.
Şeýle hem ozal geçirilen uzak aralyga atly ýöriş boýunça ýaryşyň hem-de konkur boýunça bäsleşigiň ýeňijileri we baýrak eýeleri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Dorbedew diýen dor at bilen bilelikde, çapyksuwar H.Toýlyýew ýaryşyň ýeňijisi diýlip kesgitlendi. Ol iň oňat görkezijini — 2 sagat 52 minut 46 sekunt wagty görkezdi. Barha meşhurlyga eýe bolýan sportuň atly görnüşi bolan konkur boýunça ýaryşlarda Milli atly sport merkeziniň Altynhan diýen aty, türgeni Ý.Garajaýew bilen birinji orny eýeledi.
Çapyksuwarlar milli atşynaslyk mekdebiniň şöhratly däplerini saklamak we kämilleşdirmek baradaky aladalary üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de atçylyk sportuny mundan beýläk-de ösdürmek we ahalteke bedewlerini bütin dünýäde giňden wagyz etmek babatda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň täze düzümleýin desgalarynyň açylyşy
Soňra paýtagtymyzda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumynyň açylyş dabarasy boldy, şeýle hem teleköpri arkaly Ahal welaýatyndaky Karantin merkeziniň, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde gurlan merkezleriň — döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen gurlan türkmen alabaýynyň merkezleriniň açylyş dabaralary geçirildi.
Milli taryhy-medeni mirasymyzy aýawly saklamak hem-de dünýä ýaýmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmen alabaýlarynyň seçgiçilik işlerini ösdürmek, bu täsin tohumy has-da kämilleşdirmek degişli ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň möhüm bölegine öwrüldi.
Alabaý itleri gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ahalteke bedewleri hem-de ajaýyp halylarymyz ýaly, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň hatarynda durýar. Olar türkmeniň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar hakynda düşünjeleriniň nyşanlaryna öwrülip, halkyň medeniýetiniň ähmiýetli bölegini düzýärler.
Häzirki wagtda türkmen alabaýy dünýäde meşhur tohumlaryň biridir. Ýurdumyzyň seçgiçileriniň alyp barýan işleri hem-de alabaýyň arassa ganlylygyny saklamagyň netijesinde, ol biziň günlerimize çenli özüniň asyl keşbini saklap geldi. Türkmen alabaý itleri dünýäniň goragçy tohum itleriniň hatarynda öňdäki orny eýeleýär we hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, alabaýlaryň tapawutly aýratynlyklarynyň birini hem ýitirmezligi üçin olary diňe hünär derejesinde köpeltmek zerurdyr.
Bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga ähmiýetli orun berilýär. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy — ÝUNESKO we beýleki iri guramalar, şol sanda daşary ýurtlaryň assosiasiýalary, şeýle hem dünýäniň dürli döwletlerinden ýuridik şahslar we hususy itşynaslar bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyk ýola goýulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna türkmen halkynyň ajaýyp däplerini girizmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda alabaý tohum itlerini ösdürip ýetişdirmek işi hem bar.
Milli Liderimiz “Türkmen alabaýy” atly kitabynda: «Alabaý ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygydyr, ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyzdyr» diýip ýazýar.
...Şanly waka mynasybetli toplumyň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň sungat ussatlary joşgunly aýdymdyr tanslar bilen çykyş etdiler.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesip, desgany açdy.
Baýramçylyk günlerinde Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumynyň “Alberk QA Academy” halkara guramasy tarapyndan Laýyklyk standartyna görä, Hil dolandyryş ulgamyny hem-de Daşky gurşawyň dolandyryş ulgamyny ýerine ýetirýän we berjaý edýän edara hökmünde bellige alnandygyny hem-de itleri ösdürip ýetişdirmek boýunça ISO 9001:2015 we ISO 14001:2015 talaplaryna laýyklykda, ýörite şahadatnamalara mynasyp bolandygyny bellemek gerek.
Täze desga Köpetdagyň eteginiň gözel künjekleriniň birinde guruldy, çünki bu ýeriň tebigaty şol maksatlar üçin amatly bolup durýar. Toplumyň gurluşygy “Myradym” hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyrylyp, ol baş potratçy hökmünde ähli işleri talabalaýyk ýerine ýetirdi.
Toplumyň çäginde dolandyryş binasy, işgärler üçin bina, barlag-goýberiş nokady, dynç almak üçin ýer göz öňünde tutuldy. Şeýle hem it ýatagynyň hojalyk binalarynyň ikisi, her biri 20 orunlyk ithanalar, itleri naharlamak üçin kömekçi jaýlar, weterinar gullugynyň bölümleri we izolýator üçin bina guruldy. Elbetde, itleriň saklanýan jaýlarynda arassaçylygyň ähli çäreleri berjaý edildi.
Bulardan başga-da, itleri gezdirmek, şeýle hem görkezme çykyşlary üçin 1 müň orunlyk tomaşaçy münberi bolan ýörite meýdança guruldy. Onuň golaýynda türgenleşik meýdançasy bar, onda itlere baş öwretmek we tälim bermek üçin niýetlenen päsgelçilikler zolagy göz öňünde tutuldy. Awtoulaglar üçin duralgalar, şol sanda itleri daşamak üçin ýöriteleşdirilen awtoulaglara niýetlenen duralgalar, tehniki we beýleki kömekçi desgalar bar.
Toplumyň wezipesine itleriň howpsuzlygyny we oňaýly saklanylmagyny üpjün etmek, onuň gaçmak ýa-da oňa şikes ýetmek mümkinçiliginiň öňüni almak, weterinar tarapyndan gözegçilik etmek we degişli kömegi bermek, zerur bolan halatynda itleri öz wagtynda naharlamak, arassa howada gezdirmek, sanitariýa-arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek işleri girýär.
Şeýlelikde, taslamany işläp düzenler toplumyň ýerine ýetirip biljek dürli hyzmatlaryny, şeýle hem dünýä tejribesini öwrendiler we olaryň zerurlygyny nazara aldylar. Täze desganyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyp, gök zolaklaryň döredilendigini bellemek gerek.
Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumynyň baş binasyna alyp barýan ýoluň ugrunda dabara gatnaşyjylar bu ýerde guralan suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň tebigatyň ajaýyp gözelliklerini — alabaýlary wasp edýän eserleriniň sergisi bilen tanyşdylar. Bu ýere ýygnananlar dürli öwüşginli işleri synlap, baýramçylyk dabarasynyň geçirilýän ýerine bardylar.
Dabara gatnaşyjylara wise-premýer, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow gutlag sözi bilen ýüzlenip, hemmeleri şanly wakalar bilen gutlady.
Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň hem-de gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda möhüm taryhy wakalaryň şaýady bolýarys — ýurdumyzda döwrebap medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryňdyr binalaryň birnäçesi gurlup ulanmaga berilýär.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemaýat-goldawlarynyň netijesinde, halkymyzyň milli gymmatlygyna hem-de buýsanjymyza öwrülen türkmen alabaýlarymyzy ösdürip ýetişdirmek, köpeltmek, tohum arassalygyny gorap saklamak we ata-babalarymyzdan gelýän itşynaslyk sungatymyzy dowam edip, ýaş nesillerimize ýetirmek, olarda türkmen alabaýlaryna bolan söýgini artdyrmak ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.
Ynha, bu gün hem ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hem-de Türkmen alabaýynyň baýramynyň giňden we dabaraly bellenilip geçirilýän günlerinde türkmen alabaýlary üçin birnäçe döwrebap binalar — Halkara “Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumy, Ahal welaýatyndaky Karantin merkezi hem-de Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde gurlan merkezler dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilýär. Bu bolsa bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda milli mirasymyz bolan türkmen alabaýlarynyň sarpasynyň döwlet derejesinde has-da belende göterilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, S.Berdimuhamedow belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwrebap toplumyň we merkezleriň ulanmaga berilmeginiň ýurdumyzda türkmen alabaýlarynyň baş sanyny köpeltmäge, tohumçylyk işlerini alyp barmaga we gadymy nesil ugurlaryny dikeltmäge hem-de türkmen alabaý itleriniň arasynda halkara derejede sergileri we bäsleşikleri geçirmäge doly mümkinçilik berjekdigine hem-de itşynaslarymyzyň işlerini döwrebap derejede alyp barmaga, Halkara “Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň işini halkara derejede täzeçe guramaga we ösdürmäge mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirildi.
S.Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary şu günki wakalar bilen gutlap, hormatly Prezidentimize türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny halkara derejede has-da belende galdyrmak hem-de milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak ugrunda döredýän mümkinçilikleri üçin ýurdumyzyň itşynaslarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny arzuw etdi.
Soňra Ahal welaýatyndaky Karantin merkeziniň hem-de Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde gurlan tohumçylyk merkezleriniň açylyş dabaralaryna gatnaşyjylary birleşdiren teleköpri geçirildi. Göni ýaýlymlar ýurdumyzyň dürli künjeklerini synlamaga hem-de ol ýerlerde täze gurlan desgalary ulanmaga bermek mynasybetli guralýan dabaralary görmäge mümkinçilik berdi.
Sebitlerdäki täze gurlan desgalaryň öňündäki meýdançalarda welaýatlaryň estrada aýdymçylarynyň we döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda dürli öwüşginli çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde dolandyryş merkezleriniň ýolbaşçylary, ýaşulular we ýaşlar, tanymal itşynaslar ýygnandylar.
Teleköprä ilkinji bolup, Ahal welaýaty çykýar. Şu günki çäreler mynasybetli gutlaglardan soň, türkmen alabaýlarynyň Karantin merkeziniň açylyş dabarasy boldy.
Onuň çägi birnäçe zolaklara bölünýär. Bu ýerde degişli desgalar toplumy ýerleşdirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynda gurlan Karantin merkezi şeýle desgalara bildirilýän ähli talaplara kybap gelýär. Bu ýerde itleri saklamak we ösdürmek üçin oňaýly şertler döredildi. Merkeziň açylmagy tohumçylyk itşynaslygynyň toplumlaýyn düzümini ösdürmekde, halkymyzyň milli buýsanjy bolan türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny artdyrmakda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmekde nobatdaky ädim boldy.
Soňra Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlary we Aşgabat şäheri yzygiderlilikde wideoaragatnaşyga çykýarlar, olarda türkmen alabaý itleriniň merkezleriniň açylyş dabaralary bolup geçýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli sebitlerdäki ýokary tehnologiýaly merkezleri döretmegiň taslamalaryny amala aşyrmak üçin giňden goldaw bermegi netijesinde, olar innowasion enjamlar bilen üpjün edildi. Her täze desganyň umumy meýdany 1 gektara deň bolup, şolarda sergi meýdançalary, münberler, işgärler üçin dolandyryş binalary, it ýatagynyň hojalyk binalary, 2 — 6 aýlyk güjükleri saklamak üçin ýerler, ithanalar hem-de itleri ýuwmak üçin hammamlar, weterinar hyzmaty we izolýator nokatlary ýerleşdirildi.
Bu ýerde alabaýlaryň tohumçylyk işine, olarda häsiýetli aýratynlyklary ýüze çykarmaga we berkitmäge ähli talaplar göz öňünde tutuldy, şeýle hem seçgiçileriň, itşynaslaryň, zootehnikleriň, weterinarlaryň we beýleki hünärmenleriň netijeli işlemegi üçin şertler döredildi. Merkezleriň çäklerinde awtoduralga, naharhana we beýleki desgalar göz öňünde tutuldy. Gurluşyk işleriniň barşynda ýokary ulanyş häsiýetnamalary we ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýan döwrebap gurluşyk serişdeleri ulanyldy.
Teleköprä gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň agzalarynyň netijeli işlemegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Onuň işi ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmäge, türkmen alabaýlaryny giňişleýin öwrenmäge we dünýä ýaýmaga gönükdirilendir.
Şu gün welaýatlarda we paýtagtymyzda açylan desgalar ata Watanymyza birkemsiz gulluk etmegiň hem-de türkmen halkynyň, onuň milli gymmatlyklarynyň we medeni mirasynyň şan-şöhratyny artdyrmak üçin ýadawsyz zähmet çekmegiň nusgalyk göreldesini görkezýän milli Liderimiziň ündewine mynasyp jogap boldy.
Dabaralara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen alabaýlaryna çäksiz söýgüsi we olar hakynda ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür hem-de döwlet Baştutany wezipesinde alyp barýan ägirt uly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.
Türkmen alabaýy häsiýetli aýratynlyklary bilen birnäçe müňýyllyklara barabar döwrüň synagyndan geçmegi başardy. Ine, bu gün hem durmuş ýolunda türkmeniň hemrasy bolan alabaýlar täze döwre gadam basýar, tohum itleri ösdürmegiň gadymy däpleri bolsa ylmyň we seçgiçiligiň öňdebaryjy gazananlaryny, tehnologik işleri ulanmak bilen, häzirki zaman görnüşinde mynasyp dowam etdirilýär.
“Ýylyň türkmen edermen alabaýy” halkara bäsleşiginiň we ugurdaş döredijilik bäsleşiginiň netijeleri dabaraly ýagdaýda jemlenildi
Soňra Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň täze binalar toplumynda ilkinji gezek köpöwüşginli baýramçylyk çäresi — “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem-de türkmen alabaýynyň hormatyna guralan döredijilik bäsleşiginiň jemlerini jemlemek dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu bäsleşikler ahalteke bedewleri bilen bir hatarda, türkmen halkynyň milli mirasy hem-de buýsanjy bolan itleriň bu meşhur tohumyny mundan beýläk-de wagyz etmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça esaslandyryldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli itşynaslygyň ajaýyp ýörelgelerini gaýtadan dikeltmekde, dünýäde köp müňýyllyklaryň dowamynda türkmenleriň wepaly hemrasy bolan alabaý itlerini giňden wagyz etmekde aýratyn orun degişlidir. Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda halkymyzyň milli mirasyny dünýäde wagyz etmäge, alabaý itleriniň tohumynyň arassalygyny gorap saklamaga hem-de olary köpeltmäge, şol sanda halkara derejedäki çäreleri geçirmäge gönükdirilen giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy. Itleriň bu tohumynyň, onuň aýratynlyklarynyň biziň günlerimize çenli gelip ýeten taryhyny ylmy taýdan öwrenmek üçin ähli şertler döredildi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň “Türkmen alabaýy” atly düýpli işiniň ähmiýetini bellemelidiris, onuň tanyşdyrylyş dabarasy 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda geçirildi. Alabaý itlerine bagyşlanan hekaýatlarda bu tohumyň artykmaçlyklary baradaky gyzykly maglumatlar, taryhy, arheologik hem-de etnografiýa maglumatlary, şeýle hem bu özboluşly tohum itleriniň folklor eserlerinde beýan edilişiniň mysallary jemlenendir.
Owadan suratlar bilen bezelen hem-de daşary ýurt dillerine terjime edilen kitap itleriň dünýäde iň gadymy, meşhur tohumlarynyň biriniň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň bermek bilen birlikde, alabaýyň medeni özboluşlylygyny açyp görkezýär. Alabaý asyrlaryň jümmüşinden gelýän ahalteke bedewi we halylarymyz ýaly, milli gymmatlyklar bilen bir hatarda durýar. Milli Liderimiziň türkmen alabaýyna bagyşlanan şygyr eseri bolsa aýdyma öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, alabaý halkymyzyň gymmatlygydyr hem-de onuň umumydünýä medeni mirasyna goşan bahasyz goşandydyr. Şoňa görä-de, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin bu tohum itleriň taryhyny, alabaýlary köpeltmegiň we saklamagyň milli usullary baradaky maglumatlary giňişleýin öwrenmäge aýratyn üns bermek zerurdyr.
Hormatly Prezidentimiz dürli ugurlary özünde jemleýän şu işler bilen baglylykda, ruhy taýdan täsir etmegiň örän uly güýjüne eýe bolan döredijilik ugurlaryna möhüm orun berýär. Munuň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde paýtagtymyzyň awtomobil ýollarynyň çatryklarynyň birini bezeýän alabaýyň heýkelini görkezmek bolar. Bu heýkeliň döredilmegi halkymyzyň taryhy ykbalynyň we medeniýetiniň kemala gelmeginde aýratyn orun eýeleýän bu ajaýyp itleriň deňsiz-taýsyz edermenligine hem-de hoşniýetliligine hormat we sarpa goýmagyň nyşanydyr.
Türkmen alabaýynyň çeper keşbiniň beýanynyň kökleriniň taryhyň çuňluklaryna aralaşyp gidýändigini hem bellemek gerek. Arheologlar çopanlaryň wepaly ýoldaşy bolan bu itleriň gadymy şekillerini ençeme gezek tapdylar. Gulaklary we guýrugy kesilen itleriň terrakot şekiljikleri dürli ýyllarda Altyndepe we Goňurdepe ýaly meşhur ýadygärliklerde (biziň eýýamymyzdan öňki ikinji müňýyllyk) tapyldy. Köne Nusaýdan tapylan Parfiýa ritonlarynyň birinde ägirt uly itiň şekilini görmek bolýar. Aşgabadyň muzeýlerinde dürli asyrlarda we dürli senetçilik merkezlerinde döredilen alabaýyň beýleki heýkel şekilleri hem saklanýar.
Daňdanakanda tapylan alabaý güjüginiň rahat ýatan görnüşindäki kindiwanja faýans heýkeljigi täsin we garaşylmadyk açyş boldy. Ol türkmen alabaýynyň tohum häsiýetlerini örän aýdyňlyk bilen açyp görkezýär hem-de bu tohumlaryň müňýyllyklaryň dowamynda saklanandygyna şaýatlyk edýär. Heýkeljik Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilen ýylynda ýüze çykaryldy. Şol oýunlaryň nyşany hökmünde hut alabaý saýlanylyp alyndy.
Türkmen medeniýetiniň we mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde alabaý sungatyň dürli görnüşleriniň wekillerini ajaýyp eserleri döretmäge ruhlandyrmagyny dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen hem-de degişli Permanyna laýyklykda yglan edilen döredijilik bäsleşigi halyçy gelin-gyzlary, heýkeltaraşlary, fotosuratçylary, neşirýat işiniň hünärmenlerini we teleoperatorlary has-da işjeňleşdirdi hem-de türkmenleriň wepaly dostlary bolan alabaýlara bagyşlanan birnäçe gyzykly döredijilik işlerini hödürlemäge mümkinçilik berdi. Bäsleşigiň baş maksady türkmen halkynyň durmuşynda bu gaýduwsyz we akylly itiň eýeleýän ornuny görkezmekden ybaratdyr.
Bu ýerde alabaý köpdürli görnüşlerde: rahatlygynda we hereketde, owadan, tebigy görnüşleriň öňünde, bahar ýaýlalarynyň arasynda, awçylygyň dartgynly pursatlarynda, oba durmuşynda, halk däp-dessurlarynyň keşbinde, çagalaryň ýanynda we olaryň goraýan sürüleri bilen... görkezildi.
Alabaýyň güýç we çydamlylyk, ygtybarlylyk hem-de gaýduwsyzlyk, eýesine wepalylyk we ynamlylyk, onuň bilen şatlygyny hem-de gynanjyny paýlaşmaga taýýarlyk, maşgala agzalarynyň ählisine hoşniýetli garaýyş ýaly ajaýyp häsiýetleri çeper görnüşde beýan edildi. Alabaýlar tebigatyň görnüşleri şekillendirilen halylarda, zergärçilik bezeglerinde, nagyşly keramikada, metaldyr daşda, agaçda we beýleki serişdelerde şekillendirildi. Alabaý şekillendirilen sowgatlyk önümler, ajaýyp fotoişler dürli görnüşlerde görkezildi. Şunda her bir eser öz öwüşgini, doly täsinligi hem-de bu gaýduwsyz we edermen ite bolan hormat bilen tapawutlandy. Käbir işler iň ownuk bölekleriniň fotografiýa takyklygy bilen haýran galdyrdy. Birnäçe eserler sungatyň utgaşyklylygyny ýüze çykardy. Şeýle işleriň hatarynda neşirýat önümleri bolup, şolar kompýuter dizaýnerleriniň we fotosuratçylaryň toparlaýyn işini hödürledi. Bäsleşige meşhur ussatlar bilen birlikde, bu işlere täze başlaýan ýaşlar hem gatnaşdylar. Iň oňat işler görnüşlere laýyklykda saýlanyp alyndy.
Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň öňüsyrasynda bolsa özüne çekiji bäsleşik geçirilip, ol ajaýyp tohum itleriň iň oňat häsiýetlerini görkezmäge mümkinçilik berdi. Bu şowhunly çäre baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýdy.
Syn ediş meýdançasyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden deslapky tapgyrlarda saýlanyp alnan iň oňat alabaýlaryň 10-sy çykaryldy. Tohum itleriň her bir wekili: ady, ýaşy, nesil şejeresi baradaky maglumaty, eýesi bilen tanyşdyrylyp, eminlere we tomaşaçylara görkezilýär. Jemleýji tapgyra çykanlaryň ählisi meşhur ata-babalaryndan gözbaş alýan ol ýa-da beýleki nesil ugruny dowam edýär hem-de janköýerleriň köp sanlysy arassa ganly alabaýlara häsiýetli bolan alamatlara baha berip bildiler.
Itleriň eýeleri öz wepaly dostlarynyň daş keşbiniň aýratynlyklaryny hem-de başarnyklaryny mynasyp görkezdiler. Mizemezligi, wepalylygy, güýç-kuwwaty we şol bir wagtda dostanalygy, mähirliligi alamatlandyrýan alabaýyň keşbi halkymyzyň aň-düşünjesinde wepaly ýoldaşy bilen bilelikde geçilen uzak taryhy ýoluň dowamynda kemala geldi.
Hakyky alabaýyň daş keşbi birsydyrgynlygy, sazlaşykly we deň ölçegli gurluşy bilen haýran galdyrýar. Tohum itleriň aýdyňlyk bilen ýüze çykýan alamatlary — kellesiniň uly, boýnunyň kuwwatly, döşüniň giň, aýak uçlarynyň berk, biliniň güýçli bolýandygyndan we oňat ösen dem alyş ulgamyndan ybaratdyr. Ol asylly hereketleri, ynamdarlygy we rahatlygy bilen haýran galdyrýar.
Milli itşynaslygyň iň oňat däplerini ösdürmegi höweslendirmegi maksat edinýän bäsleşik bu tohum itleriň köpeldilmegi, arassa ganlylygynyň saklanylmagy, dünýäde wagyz edilmegi bilen baglanyşykly usullary ylmy esasda kämilleşdirmäge täze itergi bermäge gönükdirilendir. Itleriň bu ajaýyp tohumlarynyň köp sanly janköýerleri olaryň täsin daş keşbi bilen birlikde, bäsleşigiň dowamynda ýüze çykaran edermenligine we başarjaňlygyna baha berdiler. Kinologyň ussatlygy iti päsgelçiliklerden geçmegine gönükdirmeginde jemlenýär. Şol päsgelçiliklerden geçilende, tizlik we takyklyk göz öňünde tutulýar. Bäsleşige gatnaşýan alabaýlaryň öňünde anyk wezipeler, şol sanda birnäçe gurallardan ybarat bolan päsgelçiliklerden aşmak ýaly ugurlar goýuldy.
Bäsleşikleriň netijelerini jemlemegiň hem-de düzümine tejribeli we bilimli hünärmenler giren eminler toparynyň çözgüdini yglan etmegiň wagty geldi. Eminler toparynyň başlygy, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň mugallymy Saragt Babaýewe söz berilýär. Ol bu ýere ýygnananlaryň adyndan ýurdumyzda itşynaslyk sungatyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler, halkymyzyň taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan alabaý itlerini dünýä ýaýmaga ýardam berýän ajaýyp baýramçylygyň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra eminler toparynyň başlygy “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigiň hem-de türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde we teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň we teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi.
“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň önümçiligi guramak bölüminiň baş hünärmen-suratkeşi A.Gulberdiýewe “Türkmen alabaýy” atly haly eseri üçin; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň grafika kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby B.Baýramowa “Türkmen alabaýy” atly nakgaş eseri üçin; Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň müdiri P.Mämiýewe “Türkmen alabaýy” atly heýkel eseri üçin; Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň çapdan öňinçä işleri ýerine ýetirýän sehiniň kompýuter operatory, suratçy dizaýneri B.Mämmetgurbanowa “Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen alabaýy” kitabynyň bezeg işleri üçin; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň önümçilik bölüminiň çeper filmleriň ýokary derejeli goýujy-kinooperatory D.Hudaýberdiýewe “Türkmen alabaýy” atly wideoşekili üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgat we şahadatnama gowşuryldy.
«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» diýen derejä Döwlet serhet gullugyna degişli Akhan atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy bolan ýeňil awtoulagyň açary, ýörite medal, göçme kubok we diplom gowşurylýar.
Bäsleşigiň ýeňijileri çeken zähmetlerine berlen ýokary baha we itşynaslygyň ösdürilmegine berilýän uly üns üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen alabaýynyň bütin dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmagyň bähbidine tagallalaryny we ukyplaryny gaýgyrmajakdyklaryna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.
Ýurdumyzda ilkinji gezek bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň itşynaslarynyň adyndan Akbaş atly alabaýyň güjügi sowgat berildi.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ilkinji gezek bellenilen goşa baýram — ahalteke bedewiniň hem-de türkmen alabaýynyň baýramçylygy halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň ata-babalarymyzyň wesýet eden milli gymmatlyklaryna ygrarlylygynyň aýdyň beýanyna, ýetip gelýän şanly seneleri — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny hem-de ýurdumyzyň baş şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyny ähli ugurlarda uly üstünlikler bilen garşylaýan türkmenistanlylaryň belent ruhy galkynyşynyň subutnamasyna öwrüldi.