Alabaýyň muşdagy

Häzirki wagtda «Buýsanç» itşynaslyk jemgyýetiniň emini we arassa tohum alabaý itleri köpeltmek bölüminiň ýolbaşçysy wezipesinde zähmet çekýän, şeýle-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzasy Döwletmyrat Kürrikow bilen ilkinji tanyşlyk alabaýlaryň ýanynda başlandy. Anyklaşdyryp aýtsam, 2019-njy ýylyň altyn güýzüniň 18-nji güni Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynyň açylyş dabarasynda itşynas Döwletmyrat aga bilen alabaý itleri barada gyzykly söhbet edipdik.
Aradan birnäçe wagt geçenden soň, Döwletmyrat aga bizi öýüne myhmançylyga çagyrdy. Howlusynda saklaýan alabaý itleri, aýratyn hem hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda suraty ýerleşdirilen Gaplaň bilen, şeýle-de şägirtleri Rüstem Şyhlyýew, Begenç Şadurdyýew dagy bilen tanyşdyrdy.
— Häzirki döwürde alabaý itlerimiz gündelik durmuşymyzda mynasyp orun eýeleýär. Halkymyz köp asyrlardan bäri, alabaý itlerini özüniň aýrylmaz hemrasyna öwrüpdir. Bu üşükli, akylly janawarlar eýeleriniň, olaryň mallarynyň, emläkleriniň hakyky goragçysyna öwrülipdirler. «Itim — gutum» diýen nakyly türkmeniň öz itini bagtyna deňändiginden habar berýär.
1995-nji ýylda arassa tohumly alabaý itini aldym. Adyna-da Saryja dakdym. 1989 — 1991-nji ýyllarda Türkmenistanyň çempiony bolan Akguşuň Nyýazyň Ýekemeni atly agtygy bardy. Ana, onuň köpegi Şirhandan bolan güjüjekdi. Itçilikde esasy zat, ilki bilen, ene güjük edinmeli. Alabaýlary köpeltmek üçinem, ilkinji nobatda, arassa nesil gerek bolýar. Geçen asyryň dördünji çärýeginde uly abraýa eýe bolan Garry Ýolbars, Gara Ýekemen, Akguş, Kör Gaplaň, Allanuruň han Gaplaňy, tejenli itşynas Rahman Gytygyň Ýolbarsy hem-de onuň nesli Gyzyl Gaplaň... ýaly alabaýlaryň neslini saklap gelýäris — diýip, gürrüňdeşimiz söhbedi gyzykdyrdy.
— Döwletmyrat aga, ýurdumyzyň çäginde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işlerinde tapylan tapyndylarda şekillendirilen itleriň gulagy, guýrugy kesilen. Bu dessuryň asyrlar aşyp, umumy kabul edilen kada öwrülendigine şaýatlyk edýär.
— Dünýä içre ykrar edilen milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitaby — biz itşynaslar üçin ýolgörkeziji şamçyrag, gymmatly hazyna. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserinde nygtaýşy ýaly, Altyndepeden tapylan alabaý itiniň şekilinde onuň gulagynyň hem, guýrugynyň hem edil häzirki ýaly kesilendigi görünýär. Biziň eýýamymyzdan iki müň, üç müň ýyl ozal, ata-babalarymyz itiň gulagyny, guýrugyny kesýän ekenler. It urşanda gulagyndan tutdurýar, onuň gulagy ejiz ýeri bolýar. Ýuka, agyragan bolýar. Garpyşsa, möjegem onuň gulagyndan ýapyşjak, derrewem persala etjek. Ikinjidenem, gulak ýapyk bolsa onuň içine mikroblar üýşýär. Şonuň üçin şemal çalyp dursa gowy. Üçünjidenem, sakyrtga ýapyşsa, gulagy ýapyk bolsa, it janawar ony gaşap bilenok. Açyk bolsa, gaşap, derrew mör-möjekleri aýyrýar. Dördünjidenem, gulagy ýapyk bolsa, itiň eşidişi peselýär. Ata-babalarymyz itiniň gulagyny mundan dört-bäş müň ýyl ozal ýönelige kesmändir. Bu zatlary görüp, öwrenip, aňyrsyna ýetip şeýdipdirler. Şeýle hem olar itiň guýrugyny hem kesipdirler.
Guýrugyndan tutduran it ýaýdanyp, oturasy gelip durandyr, gören bolsaňyz. Şonuň ýaly möjek bilen söweşende guýrugyndan tutulyp, biline agram düşmesin, artykmaç bolup durmasyn diýen maksat bilen itiň guýrugyny kesipdirler. Onsoň ýene-de bir ýagdaý bar, it sowuk howada burnundan üşeýär, şonuň üçin hem guýrugyny burnuna ýapyp ýatýar. Bu bolsa onuň ys alyjylygyny peseldýär. Onsoňam guýrugy bolsa, it ýyly ýatýar. Ýyly ýatmasyn, sak bolsun, ys algyç bolsun, möjegiň ysyny uzaklardan alsyn diýip, alabaý itleriniň guýrugy kesilýär.
— Gahryman Arkadagymyz alabaý itleriniň tohumçylyk meselesine ünsi çekip, itleri pasportlaşdyrmagyň zerurdygyny belleýär. Bu babatda häzirki wagtda nähili işler alnyp barylýar?
— Türkmen alabaý itleri bir tohum diýeňde-de, daş görnüşi boýunça olar dürli-dürli. Ine, gytyk itler bolýar, olaryň tüýleriniň ösgünligi üç-dört santimetr töweregi. Tüýlegräk itlerimiz bar, olaryň tüý örtügi ýedi-sekiz santimetr. Itler reňk boýunça hem tapawutlanýar, ak it bolýar, gara it bolýar, goňur, ala we beýleki itler bolýar. Olar göwresi boýunça hem tapawutlanýarlar.
Onsoňam, it haýsy it bilen çatylsa, gowy tohum alyp boljakdygy hakynda, ganynyň golaý bolmazlygy babatynda ýörite maslahatlaşylýar. Bu ugurdan işleýän ýörite hünärmenlerimiz bar. Olar haýsy urkaçynyň haýsy köpege çekilenini hem hasaba alýarlar. Soňra güjügi bolanda ýörite baryp sanaýarlar. Näçe güjük bolupdyr, olaryň näçesi urkaçy, näçesi köpek, hemmesini hasaba alyp resmileşdirýäris. Soňra biz iki aýdan ýene-de baryp güjükleri hasaba alýarys-da, ol güjüklere ýörite şahadatnama berýäris.
Şu ýerde «Näme üçin göni resmi tohumçylyk ýazgysy berilmän, şahadatnama berilýär?» diýmegiňiz mümkin. Munuň sebäbi alty aýda itiň reňki üýtgäp bilýär. Ak it saralyp, sary itiňem agarýany bolýar. Alty aý bolanda, it hem-ä dişini çalyşýar, hemem tüýüni täzeläp, öz reňkine gelýär. Güjük kiçijikkä, on-on iki günlükkä, oňa diş çykyp ugraýar, ilki 22 sany süýt dişi çykýar. Dört aýa çenli onda 28 diş bolýar. Dört aý bolýaram welin, onuň süýt dişleri dökülip başlaýar.
Alty-ýedi aýa çenli oňa kyrk iki sany mydamalyk diş çykýar, ýagny aşakky äňinde 22, ýokarky äňinde hem 20 sany hemişelik dişi bolýar. Şonda ol tüýüni hem täzeleýär, soň onuň reňki hiç mahal üýtgemeýär. Biz hem ite tohumçylyk ýazgysyny berýäris, şonda hem onuň reňkini doly görkezýäris. Indi soňky döwürler tohumçylyk ýazgysynda itiň suraty hem goýulýar. Onsoň, itiň şol pasporty hem onuň hemişelik pasporty bolýar. Hormatly Prezidentimiziň itleri pasportlaşdyrmak hakynda öňe sürýän pikirleri biziň milli gymmatlyklarymyzyň aýawly saklanmagynyň güwäsi bolup durýar.
— Döwletmyrat aga, türkmen alabaý itleri barada beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Alyp barýan işleriňizde hemişe üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris!
Milli gymmatlyklarymyza belent sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.