Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy
Ýetmiş bäşinji sessiýa
Gün tertibiniň 64-nji bendi
Parahatçylyk gurujylygy we parahatçylygy saklamak
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny
Baş Assambleýa,
Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna esaslanyp,
onuň 2017-nji ýylyň 17-nji noýabryndaky 72/7 Kararnamasyna salgylanyp,
şeýle hem Baş sekretaryň we Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň arasynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini döretmek barada alşan hatlaryna salgylanyp,
Öňüni alyş diplomatiýasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň alyp barýan esasy işleriniň biridigini hem-de Baş sekretaryň wezipeleriniň hatarynda esasy orny eýeleýändigini belläp we şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite syýasy toparlarynyň eýeleýän möhüm ornuny hem-de Baş sekretaryň parahatçylyk döredijilik, parahatçylygy goldamak hem-de dünýä gurluşygy babatynda hoşniýetli hyzmatlaryny ykrar edip,
Birleşen Milletler Guramasynyň jedelli meseleleri parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmaga ýardam bermekde tagallalaryny goldamak üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň möhümdigini tassyklap hem-de şunuň bilen baglylykda, öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda hem-de sebitde parahatçylyga halkara wehimlere garşy durmak we durnukly ösüşi goldamak maksady bilen giňeldilen sebit hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletlerine ýardam bermekde sebit merkeziniň ornuny ykrar etmek bilen,
sebitde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde, şeýle hem sebit we halkara hyzmatdaşlygy höweslendirmekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň möhüm ornuny ykrar etmek bilen,
Merkezi Aziýada mümkin boldugyça has durnukly hem-de howpsuz ýagdaýy döretmegiň we gorap saklamagyň möhümdigine düşünmek bilen, sebitiň ýurtlarynyň Merkezi Aziýada parahatçylygyň, howpsuzlygyň hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň sebit zolagynyň nusgasyny kemala getirmäge hyjuwlaryny goldamak bilen, sebit hyzmatdaşlygynyň çäklerinde toplanylan tejribäni, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň adyndan halkara bileleşigiň kömegini nazara almak bilen,
terrorçylyga garşy göreş hem-de terrorçylyk üçin amatly gurşawy döredýän zorlukly ekstremizmiň öňüni almak ulgamlarynda Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlygy goldamak boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň sebitde Ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasynyň ähli ugurlaryny toplumlaýyn hem-de deňeçer ýagdaýda amala aşyrmak maksady bilen sebit merkeziniň wezipesini bellemek bilen,
Birleşen Milletler Guramasynyň we Merkezi Aziýanyň arasynda Birleşen Milletler Guramasynyň 2017-nji ýylyň 13-nji iýunynda kabul edilen Merkezi Aziýada Ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasyny durmuşa geçirmek, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň 2011-nji ýylyň 30-njy noýabrynda kabul edilen Merkezi Aziýada Ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ýokary derejeli duşuşyga gatnaşyjylaryň Aşgabat jarnamasyna salgylanmak bilen,
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Owganystanyň arasynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen sebit merkeziniň tagallalaryny kanagatlanma bilen belläp,
şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitde suw we energetika serişdelerini toplumlaýyn peýdalanmak hakyndaky mesele boýunça özara bähbitli ylalaşyklary baglaşmak ugrunda tagalla etmäge taýýardyklaryny kanagatlanma bilen belläp,
soňra Birleşen Milletler Guramasynyň ýurt boýunça toparlary, şeýle hem Parahatçylyk gurujylyk gaznasy bilen gapma-garşylyklaryň öňüni almak, parahatçylyk gurujylyk meselelerinde sebit merkeziniň ýakyn hyzmatdaşlygyny hem-de bu hyzmatdaşlygy geljekde hem pugtalandyrmagyň zerurdygyny kanagatlanma bilen belläp,
Birleşen Milletler Guramasynyň sebitde ýurt boýunça toparlaryň öňüni alyş işleri üçin syýasy esasyny üpjün etmekde hem-de oňa ýolbaşçylyk etmekde sebit merkeziniň tagallalaryny ykrar etmek bilen we utgaşdyryjy-rezidentleriň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň wekilleriniň, şol sanda Bretton-Wud edaralarynyň öňüni alyş diplomatiýasyna hem-de ynsanperwer kömegine toplumlaýyn çemeleşilmegini ulanmagy höweslendirmek boýunça tagallalaryny goldamak bilen,
sebitde neşe serişdeleriniň bikanun önümçiligine hem-de dolanyşygyna garşy göreşiň zerurdygyny nygtap hem-de şunuň bilen baglylykda, sebit merkeziniň Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdiriýetiniň Daşkentdäki Merkezi Aziýa üçin sebit bölüminiň üsti bilen we neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň hem-de olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreş boýunça Gazagystanyň Almaty şäherinde ýerleşýän Merkezi Aziýanyň sebit maglumatlar utgaşdyryş merkezi bilen bilelikdäki tagallalaryna ýokary baha bermek bilen,
Sebit merkeziniň zenanlaryň we ýaşlaryň hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň giňeldilmegine gönükdirilen, ýaşlary öňüni alyş diplomatiýasy boýunça okatmak üçin Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy hem-de sebitde durnukly ösüşi ilerletmek, parahatçylygy hem-de howpsuzlygy goldamak boýunça ähli zenanlary höweslendirmek, olaryň ornuny pugtalandyrmak, şeýle hem zenanlaryň syýasatyň, jemgyýetiň we ykdysadyýetiň işlerine ähli derejelerde gatnaşmagyna ýardam bermek bilen meşgullanýan Merkezi Aziýanyň zenan liderleri topary ýaly başlangyçlaryny bellemek bilen,
koronawirus pandemiýasy ýokanjy (COVID-19) hem-de onuň netijeleri bilen baglanyşykly bilelikdäki öňüni alyş çärelerini utgaşdyrmak boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tagallalaryny, şeýle hem sebit merkeziniň bu işlere goşandyny goldamak bilen,
1. Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine sebitiň ýurtlarynyň hökümetleri hem-de olaryň razylygy bilen öňüni alyş diplomatiýasy meseleleri boýunça beýleki degişli taraplar bilen gatnaşyklary saklamagy dowam etmegi maslahat berýär;
2. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitde durnuklylygy, parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmek boýunça başlangyçlaryny amala aşyrmakda sebit merkeziniň kömegini kanagatlanmak bilen belleýär;
3. Öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde sebit merkeziniň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen sebitde COVID-19 pandemiýasynyň ýetiren täsirini peseltmek üçin hyzmatdaşlygy dowam etmeginiň zerurdygyny belleýär;
4. Sebit merkezine parahatçylyga, durnuklylyga we durnukly ösüşe wehimleri öňüni alyş diplomatiýasy hem-de gepleşikler esasynda ýeňip geçmek üçin, sebitiň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak maksady bilen, sebitiň ýurtlarynyň hökümetleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etmegi maslahat berýär.