«BIZ-Ä SIZI BAÝ GÖRDÜK...»

 

Şeýle sözleri öz içine alýan sanawaçlary aýdyp, gapyma-gapy aýlanyp ýören ýaremezançylar siziň öýüňize-de gelendir. Eline tutduran sowgat-süýjülikleriňizi alybam, goňşularyňyza okdurylandyrlar. Hawa, tämiz kalply çagalar, aslynda, päkligiň, Haka ýakynlygyň aýynyň — Orazanyň buşlukçysy! 

Ynha, bu gün biziň ýurdumyzda hem mukaddes Oraza aýy başlandy. 

Çeper edebiýatda bahara «pasyllaryň soltany» diýilýär. Il içinde Oraza aýyna-da «aýlaryň soltany» diýläýmesi bar. Diýmek, milady hasaby boýunça her ýyl 10 gün çemesi öňe süýşüp gelýän aýlaryň soltany pasyllaryň soltanynda düşledi. Özi hem bu eýýäm ençe ýyldan bäri şeýle. Bu ajaýyp sazlaşyk ahyry!

Oraza — yslam dünýäsinde iň mukaddes aýlaryň biri. Aýyň bütin dowamynda agyz beklenilip, adamlar kalbyny-da, süňňüni-de tämizleýär. Oraza aýynyň aýratynlygy hakdaky düşünjeler aňymyza şeýle bir ornapdyr welin, aýyň bütin dowamynda iň ýagşy işlere gümra bolmaga çalyşýarys. Bu aýdaky haýyrly işleriň, ýagşylyklaryň, ynsanperwerligiň möçberini başga hiç bir aýyňky bilen deňär ýaly däl.

Özümizden ýa ýakynlarymyzdan ýönekeý mysal alalyň! Aýyň bütin dowamynda ir säherden garaňky gatlyşýança agyz bekläp, kalbymyzy iň ýagşy duýgulara beslemäge çalyşýarys. Adamlaryň ýüregindäki hoşniýetlilik olaryň ýüzüne çykýar. Her kim bir-birege goldaw bererden, her kim iň haýyrly işleriň başyna barardan. Oraza tutýan adamlaryň agşamlyk agzaçara çagyrylyp, Hakyň dergähinde ýagşy doga-dilegleriň edilmegi nämä degmeýär?!

 Mukaddes Garaşsyzlygymyz beýleki edim-gylymlarymyz bilen birlikde, Oraza aýy bilen bagly däp-dessurlarymyzy hem gaýtaryp berdi. Gahryman Arkadagymyz bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köneden gelýän däplerimize täze ömri bagyşlady.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda döwrebap metjitleriň birnäçesi gurlup ulanmaga berildi. Diňe geçen ýylyň özünde Türkmenabatda we Balkanabatda täze metjitler açyldy. Ondan öň, 2009-njy ýylda Maryda, 2015-nji ýylda Daşoguzda, 2018-nji ýylda Aşgabatda açylan täze metjitleriň işine hajy Arkadagymyzyň ak pata berendigi ýadyňyzdadyr. Hormatly Prezidentimiz geçen ýyl açylan täze metjitlerde sadaka berdi. Döwlet Baştutanymyzyň dürdäne eserleriniň galam hakynyň hasabyna beren sadakalarynda ýagşy doga-dilegler edildi. Milli Liderimiz geçen ýyl Oraza aýynda Aşgabadyň Parahat — 7 etrapçasyndaky metjitde agzaçar sadakasyny berip, bu asylly däpde ýene bir ýola görelde boldy.

Oraza aýyna mahsus ýagşy gylyklaryň biri ynsanperwerlikdir. Bu aýyň öňüsyrasynda howandarlyga mätäç çagalar üçin ýörite haýyr-sahawat gaznasyny döredip, oňa ilkinji bolup serişde goýan döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwerlikli tutumlary bir aýyň, hatda bir ýylyň çygryndan hem has giň. Doganlyk halklara ynsanperwerlik ýükleriniň ýygy-ýygydan ugradylyp durulmagy, Aşgabadyň Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara her ýyl Şa sowgatlarynyň gowşurylmagy, etmişine düşünip, toba eden bendileriň günäsiniň geçilip, wagtyndan ozal azatlyga çykarylmagy, watandaşlarymyzyň uly toparynyň döwletimiz tarapyndan ýörite uçar bilen haj zyýaratyna ugradylmagy we olar üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi... «Sanasaň sogaby bar» diýleni. 

Nesip bolsa, mukaddes aý ýene-de Gadyr gijesi, Oraza baýramy ýaly ruhubelentliklere beslener. Ýöne şu ýylky Orazanyň ýakymy diňe bular bilen çäklenmez. Nesip bolsa, apreliň soňky, Oraza aýynyň bolsa ikinji ýekşenbesinde türkmen Diýary asyrlaryň jümmüşinden alyp gelýän goşa gymmatlygynyň — gamyşgulak bedewiniň we wepaly alabaýynyň şanyna toý tutar. Mundan 76 ýyl ozal gazanylan Ýeňşiň şanyna tutuljak toý bilen ady ýüreklerimizde müdimi ýaşaýan gahrymanlarymyzy ýene bir ýola sarpalarys. Oraza baýramyndan sähel soň bolsa sebitiň ylalaşdyryjylyk we ynsanperwerlik merkezi bolan Aşgabadyň 140 ýyllygynyň şanyna uludan toý tutarys.

Mukaddes aýda tutjak orazalaryňyz, berjek sadakalaryňyz, etjek doga-dilegleriňiz kabul bolsun, eziz ildeşler!

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».