Maşk etmegiň saglygy pugtalandyrýandygy hem-de bedeni berkidýändigi hemmämize mälimdir. Yzygiderli we sazlaşykly hereketler myşsalaryň çeýeligini artdyrýar hem-de madda çalşygyna oňaýly täsir edýär. Hereketsizlik bedeniň myşsalarynyň gowşamagyna, gan aýlanyş ulgamynyň işiniň bozulmagyna, adamyň aşa agram almagyna, şonuň esasynda bolsa dürli keselleriň döremegine getirýär.
Şol sebäpli hem lukmanlar yzygiderli sport bilen meşgullanmagyň zerurdygyny nygtaýarlar. Sport meýdançalaryna barmaga mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda, öý şertlerinde ýeňil maşklary ýerine ýetirmek hem örän peýdalydyr. Bu babatda lukmanlar birnäçe ýönekeýje maşklary yzygiderli ýerine ýetirmegi maslahat berýärler: şunda bedeni dik saklamaly we eginleriňi ýazmaly, aýaklaryň arasyny eginleriň bilen deň ýagdaýda açmaly, elleriňi ýokary galdyryp, aýalary gulpjagaz şekilinde birleşdirmeli. Bulardan başga-da, bedeni galdyrylan ellerimize tarap germeli. Şeýle ýagdaýda ellerimiz ýadaýança otagda gezim etmeli. Ony her gün, hatda günüň dowamynda birnäçe gezek gaýtalamak peýdalydyr.
Bu maşk içege ýollarynyň we iýmit siňdiriş ulgamynyň işine oňaýly täsir edýär. Içegelerde madda çalşygyny sazlaýar, desbakteriozyň öňüni alýar. Ol iýmitiň tiz siňmegine we özüňi ýeňil duýmaga ýardam edýär, bedeniň syrdamlygyny artdyrýar.
Yzygiderli ýokary galdyrylan elleriň derisi çeýe bolýar. Çiginlerde artykmaç ýag dokumalarynyň ýygnanmagynyň öňüni alýar we olary aýyrmaga ýardam berýär. Ýaşyň durguşmagy bilen içki beden agzalary aşak süýşýär. Elleri ýokary galdyrmak arkaly içki beden agzalary hem ýokary çekilýär. Şeýlelikde, bu maşk garyn we döş myşsalaryny berkidýär hem-de garyn-bil töwereginde ýygnanan ýaglary azaltmaga kömek edýär.
Agzalan maşky nahardan we suw içilenden soň ýerine ýetirmek maslahat berilýär. Iýmit we içilen suw aşgazanda uzak wagt saklanman, içege ýollaryna düşýär, ähli galyndylar aşgazandan syrylyp aýrylýar. Şeýle hem nahar iýmezden 20-30 minut öň bir bulgur suw içip, bu hereketi ýerine ýetirseň, aşgazan-içege ýollary ýuwulýar we iýmit kabul etmäge taýynlanýar.
Her gün elleri ýokary galdyryp saklamak oňurgalar üçin hem örän peýdalydyr. Çünki az hereketlilik, kompýuteriň başynda köp oturmaklyk oňurgalaryň durkuny üýtgedýär. Bu maşk bolsa oňurgany göneltmäge, osteohondrozy bejermäge-de ýardam berýär, bil-oňurga keselleriniň agyrylaryny ýeňilleşdirýär.
Hormatly ildeşler, saglyk biziň her birimiziň iň gymmatly baýlygymyzdyr. Ony gorap saklamak bolsa, esasy borçlarymyzyň biridir!
Tawus AMANJYKOWA,
Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyby.