Garaşsyzlyk — Watan ganaty

 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaýşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, çeper dil bilen aýtsam, Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr!

Garaşsyzlyk hakyndaky pikirler sere dolsa, ilki bilen, miwesiniň bollugyndan ýaňa şahalary birneme aşak eglen erik daragty göz öňümde janlanýar. Onuň datly miwelerini iýdigiňçe iýesiň gelýär, oňa her kimiň eli ýetýär, ol miweler diňe bir süýji tagam bolman, eýsem, janyňa melhemdir. Garaşsyzlyk hem şonuň ýaly, her birimiz onuň datly miwelerinden ganýarys hem janymyza melhem alýarys. Ine, biziň taryhymyzyň dikeldilmeginiň müňlerçe mysalyndan biri.

Türkmen taryhy haçan-da bolsa bir mahal üstüniň açylaryna garaşyp, baslygyp ýatypdyr. Garaşsyzlygyň halkymyza eçilen aýratyn serpaýlarynyň biri hem ýalkymly türkmen taryhy boldy. Garaşsyzlyk ony ýüze çykarmaga, halky öz taryhy bilen tanyşdyrmaga giň ýol açdy. Taryhyň ähli ugurlary boýunça «perdeleri syrmak» işleri giň gerim aldy. Indi 1991-nji ýyldan bäri taryh boýunça geçilen ýola ser salyp görseň, edilen işlere göz aýlasaň, türkmeniň taryhynyň diýseň şöhratly-şanly, Watanyň, halkyň bähbidini aran wakalardan doludygyny görýärsiň. Hawa, biz ony Garaşsyzlygyň ýurda, ýurduň halkyna eçilen miwelerinde gördük. Bu gün döwür başga, döwran başga — halkyň öz taryhyna bolan gyzyklanmasy şeýle bir artdy welin, iki adamyň başy çatylan ýerde türkmeniň geçmişiniň haýsydyr bir ykbal kesgitleýji wakalary barada söhbede ýol açyldy. Çünki Watan hakdaky söhbet söhbetleriň iň süýjüsidir. Watan taryhy hakyndaky söhbet söhbetleriň iň gyzyklysydyr.

Halk öz taryhyna suwsan eken. Halk öz taryhyndan galkynýan eken. Halkyň öz taryhy onuň ruhy iýmiti eken.
Bu hakykatyň näderejede dogrudygyny asyrlaryň gatlaryndan çykyp gelen taryhy ýadygärliklerimiziň öwrenilişi hem tassyklaýar. Bu gün ol edilen işler barada, olaryň üsti açylan taryhy barada tom-tom kitap ýazmak mümkin. Şeýle diýmek bilen, taryhy ýadygärlikler diňe bir alymlaryň däl, eýsem, tutuş halk köpçüliginiň hem ünsüni özüne çekdi. Olar halk arasynda şeýle bir gyzyklanma döretdi welin, bu asylly işe köpler uly goşandyny goşdy, ýagny her kim olar barada bilýän, ata-babalardan eşiden zatlaryny halk bilen paýlaşmak üçin gürrüň berdiler, makalalar bilen çykyş etdiler, kitap ýazdylar. Giň okyjylar köpçüligi bolsa taryhymyz baradaky makalalary, kitaplary gyzgyn garşylady. Bu gün halka öz taryhyny gaýtaryp beren Garaşsyzlygyň halkyň alnyndan ak bagty bolup direnendigine bolan buýsanç duýgusy kalplary heýjana getirýär. Ol bolsa beýik zamana bolan, eziz Diýara bolan iň mukaddes duýgyňy berçinleýär.

Geçmişiniň şöhratyna guwansaň,
Watanmyň keşbine gözellik çaýmyş.
Bakyp şol görnüşe bir dem daýansaň,
Belent ruhuň gökde ganatyn ýaýmyş.
Taryhynda şöhraty bar, şany bar,
Edermenlik, gahrymanlyk — bary bar
Gerçekleriň ojak saklan ýary bar,
Eneleň hüwdüsi asmanda gaýmyş.
Her obaň taryhy — söhbediň başy,
Her obaň gerçegi — başlaryň täji.
Her obaň ilaty — garrysy-ýaşy,
Mähriban Watanyn enesi saýmyş.

Taryh, onuň bilen aýrylmaz baglanyşykly medeni miras halkyň geçen taryhy ýoluny dikeltmäge, oňa guwanmaga hem-de bu günki taryhy has-da şöhratlandyrmaga itergi berýär. Hut şonuň üçin hem Garaşsyzlyk ýyllary içinde, has takygy, Gahryman Arkadagymyzyň bina eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe taryhymyzy we milli mirasymyzy dikeltmeklige, gorap saklamak işine uly üns berilýär. Milli medeni mirasymyzy çuňňur öwrenmäge, olaryň özboluşlylygyny ýüze çykarmaga we gorap saklamaga, halkyň geçmişde döreden medeni, ruhy gymmatlyklaryny dikeltmek we ösdürmek baradaky maglumatlar çeşmelerini aýap saklamaga hukuk taýdan mümkinçilik döredildi.

Türkmenistanda taryhy ýerler, ata-babalarymyzdan bize gelip ýeten taryhy, medeni, tebigy ýadygärlikler barmak büküp sanardan kändir. Olaryň her biriniň taryhy dikeldildi hem dikeldilýär. Taryhy şöhratly bolan halkyň geljegi-de şöhratlydyr. Taryhyň ýalkymly nury bu günki nesillere çaýylýar. Olar şol şöhratly taryhy dowam etdirmek ruhunda joşa gelýärler. Munuň özi Garaşsyzlygyň türkmen halkyna beren iň esasy gymmatlyklarynyň biridir.

Mundan ençeme ýyllar ozal türkmen taryhy bilen içgin gyzyklanan, mümkinçiligi bolan ýerde şol hakda söhbet açmagy eý gören, taryhy romanlary ýazmak yşkyna düşüp, birnäçe taryhy şahsyýetlerimiziň edebi keşbini döreden tanymal ýazyjy Osman Ödäýew bilen eden söhbedimiz ýene taryha ýazypdy. Şonda ol: «Garaşsyzlygyň türkmen halkyna beren zady gaty kän. Ýöne şolaryň içinde iň möhümi näme? — diýip, maňa ýüzlendi. Birhaýukdanam ol öz sowalyna özi jogap berdi: — Ol biziň taryhymyzy gaýtaryp berdi. Özem biziň taryhymyza degişli şeýle bir çeşme kän welin, bir çeşmäni açsaň, ol saňa on çeşmäni salgy berýär. Ýazyjy bolsaň, şol çeşmelerden maglumat baryny susup almaly-da, wakalary, maglumatlary çeper dile geçirip, çeper hyýalyň eleginde eläp, roman yzyna roman ýazybermeli...».

Şu ýerde şol gürrüňi ýatlamagymyň sebäbi ýazyjy-şahyrlar hem, žurnalistler hem türkmen taryhyny dikeltmäge öz tarapyndan goşantlaryny goşýandygyny aýtmak isledik. Ýazyjylar taryhymyzda türkmen halkyna şöhrat getiren şahsyýetlerimiziň edebi keşbini döretmek bilen okyjylara şol döwrüň suratyny çeper söz bilen çekip berýärler. Gahrymanlary şol döwrüň wakalarynyň içinden geçirýärler. Şonda okyjy geçmişi, geçmişde halkyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlaryny göz öňüne getirýär hem-de geçen döwür hakynda buýsançly düşünje emele gelýär. Ine, taryhy temadan ýazylan çeper eserleriň ähmiýeti şol ýerde has aýdyň duýulýar. Çeper esere taryhy dokumental çeşme hökmünde däl-de, çeper eser hökmünde garamak endigi emele gelen jemgyýet ösýän jemgyýet hasap edilýär. Muňa türkmen jemgyýetini mysal alaýmaly. Häzirki wagtda türkmen okyjylary taryhda meşhur bolan şahslaryň edebi keşplerini söýünç bilen kabul edýär, şol şahsyýetlere buýsanýar. Žurnalistlere bolsa taryhçylaryň alyp barýan işleri, ýazyjy-şahyrlaryň taryhy tema ýüzlenişleri barada, taryhy dikeltmek, ýadygärlikleri gorap saklamak we şu ugurda alnyp barylýan beýleki işler barada döwürleýin metbugatda çykyş edip, halk köpçüligine ýetirmek üçin giň mümkinçilikler döredildi.

Döwrümiziň döreden şol mümkinçiliklerinden peýdalanyp, taryhy we medeni ýadygärlikler hakynda metbugatda yzygiderli makalalar çap edilip gelinýär. Nusaý galasy, Köneürgenç ýadygärlikler toplumy, Merw barada çap edilen makalalary sanasaň sanabermeli. Ondan başga-da, Gündogarda Daýahatyndan, Günbatarda Dehistandan, Demirgazykda Yzmykşirden başlap ähli şäherler, galalar, aramgähler we beýlekiler ylmy taýdan içgin öwrenildi. Margiana dünýä medeniýetiniň bäşinji ojagy diýlip yglan edildi. Gadymy Änew topragy ak bugdaýyň mekany bolandygy ylmy taýdan tassyklanyldy. Medeni-taryhy ýadygärlikler bolan Merw, Köneürgenç, Nusaý BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bu zatlar bolsa türkmen taryhynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmesidir. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ösüşlerden-ösüşlere barýan Watanymyz özüniň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan şu günlerinde şöhratly ata-babalarymyzyň parz işlerini ýatlamak, olary ýaş nesilleriň aňyna ýetirmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Bize işlemäge, döretmäge giň ýol açan hormatly Prezidentimiziň jany sag, tutumly işleri rowaç bolsun!

Akmuhammet HEMIDOW,
ýazyjy.