Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek bilen, jemgyýetimiziň we halkymyzyň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn bolmagyny, bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi baş maksat hökmünde öňe sürýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde ýurdumyzda saglygy goraýşy hemmetaraplaýyn ösdürmek, keselleriň öňüni almak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak babatda giň möçberli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly ýakynda geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasynyň tassyklanylmagy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmündäki derejesiniň has-da belende göterilmeginde möhüm ädimdir.
Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň saglygy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklap, bedenterbiýäniň we sportuň jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýçdügini belleýär. Şunda welosiped sportuna hem uly üns berilýär. Saglyk üçin örän peýdaly bolan welosiped halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Uzak aralygy welosipedli geçmekde hormatly Prezidentimiz nusgalyk görelde bolýar. Ýurdumyzda sportuň bu görnüşine öňki ýyllarda hem üns berlendigini taryhy maglumatlar subut edýär. 1894-nji ýylda Aşgabatda ilkinji welosipedçiler jemgyýetiniň döredilmegini, şondan bir ýyl geçenden soň, welosiped sporty boýunça ilkinji ýaryşyň guralmagyny muňa mysal hökmünde getirse bolar.
Pederlerimiziň milli ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän Gahryman Arkadagymyzyň bu babatda öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 3-nji iýunyny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmegi milli ýörelgelerimiziň ýaýrawynyň giňäp, umumadamzat derejesine ýetirilendiginden nyşan. Welosiped sporty bilen bagly paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin çäreleriň ikisiniň — 2018-nji ýylyň iýun aýynda 3 müň 246 adamyň gatnaşmagynda “Aşgabat” köpugurly stadionyndaky welosiped sporty boýunça türgenleşik sapagynyň dünýäde welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin tälim beriş sapagy hökmünde, 2019-njy ýylyň iýun aýynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde 3300 metr aralyga geçirilen welosipedli ýörişiň iň dowamly, bir nyzamly ýöriş hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegini, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda Bütindünýä welosiped gününi ebedileşdirmek, welosiped sportuny ösdürmek maksady bilen gol çeken Kararyna laýyklykda, Aşgabadyň gözel künjeginde gurlan “Welosiped” binasynyň dabaraly açylmagyny uly buýsanç bilen bellemek bolar.
Eýsem, welosiped sportunyň ynsan saglygyna peýdaly taraplary barada biz nämeleri bilýäris?! Welosiped sürmegiň, ilkinji nobatda, iýmit siňdiriş ulgamynyň kadaly işlemegine oňyn täsiriniň bardygyny aýtmak gerek. Munuň özi adamyň sagdyn bolmagynyň bir görkezijisidir. Şeýle-de öýkeniň işjeňliginiň gowulanmagyna ýardam edýändigini bellemeli. Açyk howada ýarym sagat welosipedli gezelenç etseň, öýkeniň işleýşi has gowulanýar. Yzygiderli welosiped sürýän, ýagny hereketde bolýan adam özüni işjeň duýýar. Welosipedli ýörişler nerw ulgamynyň sazlaşykly işlemegine ýardam berýär, adamyň umumy ruhy ýagdaýynyň gowulanmagyna getirýär, şähdini açýar, pikirleniş ukybyny ýokarlandyrýar, ýatkeşliginiň gowulanmagyna täsir edýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda paýtagtymyzda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionaty ýurdumyzda welosiped sportunyň ösdürilmegi babatda alnyp barylýan bimöçber işleriň aýdyň beýanyna öwrüler. Welotrek sporty bilen meşgullanýan türkmen türgenleri hem dünýä çempionatynda öz tizligini, güýjüni, çydamlylygyny görkezerler. Olaryň ýaryşlarda ýeňiş gazanyp, eziz Diýarymyza şan-şöhrat getirjekdiklerine ynanýarys. Türkmen türgenlerine nusgalyk görelde bolup, ýaryşlaryň ýeňiş bilen tamamlanmagy üçin ähli amatly şertleri döredýän milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Jahan MUHAMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.