TÜRKMENISTAN — BSGG: OŇYN TEJRIBE, NETIJELI HYZMATDAŞLYK

Ýer ýüzüniň ähli ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gazetimiziň redaksiýasy Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetirijisi Tasnim ATATRA käbir sowallar bilen ýüz tutdy. 

— Türkmenistan bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada gürrüň beräýseňiz!

— Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji iýulynda BSGG-niň agzalygyna kabul edilip, guramanyň Ýewropa sebitiniň 53 agza döwletiniň biri bolup durýar. BSGG Türkmenistanyň Hökümetine saglygy goraýyş ulgamyny we syýasatyny durnukly ösdürmäge goldaw bermek, şeýle hem ýurduň saglygy goraýyşdaky esasy zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilen jemgyýetçilik saglygyny goramak üçin maksatnamalaryny goldamak bilen, ýurtda has sagdyn geljegi gurmak ugrunda iş alyp barýar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen Türkmenistanyň arasynda, esasan, ýedi ugur boýunça hyzmatdaşlyk edilýär. Olar ýokanç keseller, ýokanç däl keseller, ömrüň bütin dowamynda saglygy berkitmek, saglygy goraýyş ulgamy, jemgyýetçilik saglygyny goramak ulgamynda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy, epidemiologik gözegçiligi we jogap hereketleri üpjün etmek, saglygy goraýşyň başlangyç tapgyrynda mümkinçilikleri güýçlendirmek, daşky gurşawyň we howanyň üýtgemeginiň täsiriniň netijelerini ýeňilleşdirmek meseleleridir.

BSGG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň işi Durnukly ösüş maksatlaryna esaslanýar we 2020 — 2025-nji ýyllar üçin «Ýewropada saglygy gowulandyrmak boýunça birleşdirilen hereketler» Ýewropa maksatnamasy tarapyndan ugrukdyrylýar. Işiň Ýewropa maksatnamasy — bu hökümetler we hyzmatdaşlar bilen her ýurtda hem-de sebitde degişli çözgütleri tapmak boýunça işlemek üçin ýol kartasydyr. Biziň işimiz ýolbaşçylygy, tehniki hyzmatdaşlygy amala aşyrmagy, ülňüleri ornaşdyrmagy we ylalaşyklary durmuşa geçirmegi goldamak üçin ýerli derejede gatnaşyklary guramagy, şeýle hem adatdan daşary ýagdaýlarda jemgyýetçilik saglygyny goraýyş çärelerini utgaşdyrmagy öz içine alýar.

BSGG Türkmenistanyň 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat zolagy döretmek başlangyjyny goldaýar. Bu iş ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça 2013-nji ýylyň Aşgabat Jarnamasynyň tekliplerine laýyklykda amala aşyrylýar. Türkmenistan häzirki döwrüň saglygy goraýyş meselelerini çözmek üçin möhüm çäreleri amal edýär we tutuş ilatyň saglygyny gowulandyrmak maksadyna pugta ygrarlylyk görkezýär. BSGG hem, öz gezeginde, saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda ýurduň Hökümeti bilen ýygjam hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýar.

— Ýakynda Türkmenistanda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi tassyklanyldy. Bu barada pikiriňizi aýdaýsaňyz?

— Ilki bilen, Türkmenistanyň Hökümetini «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň tassyklanylmagy bilen gutlaýaryn. Bu resminamanyň kabul edilmegi ynsan saglygyny goramak hem-de adamlaryň ömür dowamlylygyny ýokarlandyrmak babatda ulgamyň işini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen möhüm ädimdir. Türkmenistan ilat üçin saglygy goraýşyň ählumumy elýeterliligini giňeltmäge, adatdan daşary ýagdaýlara garşy göreşmäge we sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Ýurtda ýokanç keselleriň hem-de onuň bilen bagly töwekgelçilikleriň öňüni almak, şol sanda inçekesele garşy göreşmek, eneleriň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny gowulandyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar. Saglyk bilen bagly adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça milli düzgünler işlenip düzülýär, saglygy goraýyş ulgamynyň binýady berkidilip, bu ugurda ýokary hilli maglumatlara elýeterlilik giňeldilýär. Türkmenistanyň Hökümeti netijeli immunizasiýa maksatnamasyna aýratyn ähmiýet berýär. Täze tassyklanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň gender deňliginiň we adalatlylygyň bir bölegi bolan hem-de BSGG-niň hiç kimi çetde galdyrmazlyk syýasatyna laýyk gelýän erkekleriň we uly ýaşlylaryň saglygyny goramak ýaly ugurlary öz içine alýandygy aýratyn nygtalmaga mynasyp.

 

— Häzirki adatdan daşary ýagdaýlar bilen baglylykda, ýokanç keselleriň ýurduň çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça Türkmenistanyň durmuşa geçirýän çärelerine nähili baha berýärsiňiz?

— Täze görnüşli koronawirus hakynda habarlaryň ýaýrap başlan ilkinji günlerinden Türkmenistanyň Hökümeti ynsan saglygy üçin aşa howp salýan we tutuş dünýä jemgyýetçiligini tolgundyrýan ýokanç kesele garşy göreşmek boýunça möhüm hem jogapkärçilikli çemeleşmeleri işläp taýýarlap, yzygiderli çäreleri durmuşa geçirdi. Bu ugurda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan toplumlaýyn öňüni alyş çäreleriniň öz wagtynda amala aşyrylandygyny aýtmak gerek. Hormatly Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşini tassyklamagy hem-de «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi öňüni alyş çäreleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýetlidir.

BSGG-niň Baş direktory Tedros Gebreisusyň belleýşi ýaly, pandemiýa saglygy goraýyş işgärleriniň jemgyýetdäki möhüm ornuny hemmämize ýatlatdy. Häzirki wagtda iň ileri tutulýan ugurlaryň biri dünýädäki saglygy goraýyş işgärlerini COVID-19-a garşy sanjym bilen üpjün etmekdir. Türkmenistanyň Hökümeti, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bu işi jogapkärçilikli ýerine ýetirmek boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasy bu tagallalara doly goldaw berer hem-de dünýä derejesindäki jogap hereketleriň bir bölegi bolar diýip umyt edýäris.

— Türkmenistan bilen BSGG-niň arasyndaky 30 ýyla golaý hyzmatdaşlygyň geljegine nähili baha berýärsiňiz?
— Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy Türkmenistanyň Hökümeti hem-de hyzmatdaşlar bilen geljekde ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny berkitmäge we bu ugurda edilýän hyzmatlaryň ählumumy elýeterliligini üpjün etmäge, şol sanda deňhukukly gorag gurallaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki işini dowam etmegi meýilleşdirýär. 30 ýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda inçekesele, şol sanda ýokanç keselleriň beýleki görnüşlerine garşy göreşde düýpli ösüşler gazanyldy. Türkmenistan poliomiýelit we gyzzyrma keselinden azat ýurt derejesini, şeýle-de drakunkulýoz keselini ýok eden döwlet derejesini saklaýar. Bularyň ählisi BSGG we beýleki hyzmatdaşlar tarapyndan Türkmenistana berilýän ylmy-tehniki goldawyň anyk netijeleri berýändigini aýdyň görkezýär. Biziň işjeň hereketlerimiz pandemiýa taýýarlygy üpjün etmäge, mikroblara garşy serişdelere bolan durnuklylygyň öňüni almaga we wirusly gepatitlere garşy göreşmäge gönükdirilendir. Geljekde-de bu ugurdaky işleri düzgünleşdirmek we durmuşa geçirmek, gözegçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen ýygjam hyzmatdaşlygymyzy dowam etdireris.

— Häzirki zaman şertlerinde Bütindünýä saglyk gününiň ähmiýeti barada-da aýdaýsaňyz!

— Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Hökümetini we ähli türkmen halkyny Ýer ýüzünde giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bütindünýä saglyk gününiň bu ýylky mowzugy has adalatly hem sagdyn dünýä gurmak meselesine bagyşlanýar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy hem dünýädäki her bir adamyň saglyga bolan hukugyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek ugrunda iş alyp barýar. Pandemiýa bilen baglylykda dörän häzirki adatdan daşary ýagdaýlar bolsa başlangyç lukmançylyk we öňüni alyş kömeginiň saglygy goraýyş ulgamy üçin iň ilkinji zerurlykdygyny äşgär görkezdi. Bu ugurdaky tagallalary işjeňleşdirip, sanjymlaryň ählumumy elýeterliligini üpjün etmek dünýä jemgyýetçiliginiň öňündäki gaýragoýulmasyz wezipedir. Şular babatda netijeli çözgütleri işläp taýýarlamakda, ýurtlardyr halklara bilelikde sagdyn jemgyýeti kemala getirmäge çagyryş bilen çykyş etmekde Bütindünýä saglyk gününiň ähmiýeti ýokarydyr. 

— Beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň!

 

Ýazga geçiren Aýsenem NURLYÝEWA.
«Türkmenistan».