“Sanly çözgüt — IT meýdança: geljegi uly innowasion taslamalar

Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Aşgabat şäherinde we welaýatlarda IP merkezlerini gurmagyň taslamalaryny taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu işi goldamak üçin 10 million amerikan dollary möçberinde serişde berýändigini aýtdy. Dünýä tejribesi göz öňünde tutulyp berlen bu kömek-goldawyň, ýurdumyzyň innowasion ösüşine güýçli itergi berjekdigi gürrüňsiz.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alym Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ygtybarly ösüşiniň hereketlendiriji güýji bolan sanly tehnologiýalary döwrebap ösdürmek üçin ylmy taýdan esaslandyrylan we toplumlaýyn mazmuna eýe çözgütleri öňe sürýär. Bu innowasion ugry ösdürmekde bilimiň, ylmyň, önümçiligiň arabaglanyşygyny pugtalandyryp, täze maglumat tehnologiýalaryny döretmek üçin innowasion gurşawy emele getirmek mydama üns merkezinde saklanýar. Sanly ykdysadyýete geçmek meselesinde ygtyýarly edara hasaplanýan «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen bu ugurda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýanynda IT meýdançasyny döretmek boýunça tabşyryk berilmegi-de aýdylany tassyklaýar.

Tabşyrygy ýerine ýetirmek maksady bilen, «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýeti döredildi. Bu hojalyk jemgyýeti tejribeli IT hünärmenleri taýýarlamak bilen meşgullanar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň dürli pudagynda sanly ykdysadyýete geçmek bilen baglanyşykly ornaşdyrylýan programma üpjünçiligini taýýarlamak hem-de olara bilermen netijesini bermek işi meýilleşdirilýär. Ýurdumyzyň öňdebaryjy IT kompaniýalary, hususy telekeçileri, talyplary hem-de programma üpjünçiligini döredip bilýän adaty raýatlary özüni bu meýdançanyň dahylly wekili (rezident) hasaplap bilerler.

«Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýeti dürli pudak edaralarynyň sanly ykdysadyýete geçmegi boýunça sargytlaryny kabul edip, olar (rezident) bilen şertnama baglaşmagy-da göz öňünde tutýar.

Geljegi uly hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň, “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi. Häzirki döwürde olary gyzyklandyrýan programma üpjünçiliginiň tehniki talaplary kesgitlenip, bu babatda degişli işler alnyp barylýar.

«Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetini esaslandyryjylaryň biri bolan Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hünärmenleriniň bu ugurda toplan tejribesi hojalyk jemgyýeti tarapyndan meýilleşdirilen işleriň üstünliklere beslenmegine ýardam berer.

Institutda döredilen programma önümleriniň birnäçesi degişli edaralarda synag üçin ornaşdyryldy. Olara Aşgabat şäherindäki 28-nji orta mekdepdäki «Orta mekdepler üçin sanly ulgamy», Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtyny, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň toruna synag üçin ornaşdyrylan «Elektron resminama dolanyşygyny» mysal getirmek bolar.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda sanly ykdysadyýete geçmek işini çaltlandyrjak, hünärmenleri we programma üpjünçiligini taýýarlamagyň netijeliligini ýokarlandyrjak ýörite merkezleri döretmek boýunça tabşyryk berdi. Munuň özi sanly tehnologiýalara geçmek boýunça innowasion gurşawyň emele gelmegine mümkinçilik döreder. Şeýle merkezleriň işini innowasion parklar görnüşinde ýola goýmak ýurdumyzda adam kapitalyna daýanýan innowasion sanly önüm bolan programma üpjünçiligini döretmek we ony dürli pudaklaýyn edaralara ornaşdyrmak, pudagara ulgamlary emele getirmek arkaly ykdysady hadysalary sanlaşdyrmaga uly itergi berer.

Dünýäde «Maglumat-tehnologiýalar merkezleri» diýlip, ylmyň we tehnikanyň ösüşiniň häzirki zaman derejesine laýyk gelýän maglumat-tehnologiýa babatda innowasiýa kuwwatyny emele getirýän, innowasiýa işiniň amala aşyrylmagynyň we durmuşa geçirilmeginiň şertleriniň döredilmegi üçin öz aralarynda, şonuň ýaly-da, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary bilen özara hereket edýän ylmy guramalary, bilim edaralaryny, fiziki we ýuridik şahslary innowasiýa işine çekýän maglumat-innowasiýa infrastrukturasynyň subýektine düşünilýär. Işlenilip taýýarlanylýan programma üpjünçiliginiň önümçilige çalt geçirilmeginiň we olaryň täjirçilik esasynda sarp edijä ýetirilmeginiň wezipeleriniň toplumlaýyn çözülmegi maglumat-tehnologiýalar merkezleriniň işiniň mazmuny bolup durýar. Şeýle merkezler innowasiýa kärhanalaryna hem-de ýaňy başlaýan kiçi kärhanalara goldaw berýär we serwis hyzmatlaryny, täjirçilik-inkubator, dürli taslamalar, tehnologiýalaryň transfer hyzmatlaryny üpjün edýär. Sanly ulgamlaryň dünýä boýunça ulanylyş derejesini şöhlelendirýän sanlary seljermek, ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmak arkaly döwlet hyzmatlarynyň elektron görnüşde amala aşyrylmagyny we sanly hökümet ulgamynyň ornaşdyrylmagyny ýola goýmak maksat edinilýär. Şeýle hem «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda taýýarlanan, täzeçe pikirlenmeleri öz içine alýan, ýurdumyzyň halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň mümkinçiligi bolan programma üpjünçiliklerini işläp düzýän, innowasion oýlap tapmalar bilen meşgullanýan fiziki we ýuridik şahslary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan innowasion taslamalaryň sergi-bäsleşikleri hem geçirilýär.

Her bir täzeligi we döredijiligi goldaýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Maksat MYRADOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.