Türkmenistanyň milli ýygyndysy täze tälimçiniň ýolbaşçylygynda ilkinji türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Röwşen Muhadowyň ýolbaşçylygynda 2022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna taýýarlygynyň çäginde paýtagtymyzda iki günlük okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär.

«Aşgabat» köpugurly stadionynyň türgenleşik meýdanynda 3-4-nji aprel aralygynda geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna tälimçiler düzümi (Röwşen Muhadow-baş tälimçi, Kamil Mingazow-tälimçi, Begenç Garaýew-tälimçi, Said Seýidow-tälimçi, Pawel Matus-derwezeçileriň tälimçisi) milli ligalarymyzda çykyş edýän futbolçylaryň 37-sini gözden geçirer.

Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda çykyş edýän futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň galan duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşinde geçirilip, ony Koreýa Respublikasy kabul eder.

Saýlama tapgyrynyň «H» toparçasynda Koreýa Respublikasy, KHDR (Koreýa Halk Demokratik Respublikasy), Liwan hem-de Şri-Lanka bilen bilelikde çykyş edýän Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň duşuşyklarynyň 3-15-nji iýun (3-nji iýun – Koreýa Respublikasy-Türkmenistan; 11-nji iýun – Türkmenistan-Liwan; 15-nji iýun – KHDR-Türkmenistan) aralygynda geçirilýändigini ýatladýarys.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň ýygyndy topary toparçada geçiren 5 duşuşygynda toplan 9 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär.

Çeşme: http://tff.com.tm