Halk hazynasynyň gadymy görnüşleriniň biri-de yrymlardyr. Yrymlar adamlaryň dünýägaraýşy bilen baglanyşykly döräpdir. Olaryň mazmunynda edebe, arassaçylyga, hüşgärlige, tebigata aýawly garamaga, ýagşy umyt-arzuwlara ündew bar.
1968-nji ýyl bolaýsa gerek, biz şol döwürde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetinde gaýybana okaýardyk. Bize halk döredijiliginden akademik Baýmuhammet Garryýew sapak berýärdi. Gürrüň yrymlara ýazanda, hormatly mugallymyň aýdan bir sözi ýadyma düşýär. Ol: «Bir hikmeti bolmasa, pederler «Yrymly yrylmaz» diýmezdiler. Atalarymyzyň şol ýoluny ýitirmejek boluň, zyýana galmarsyňyz, oglanlar!» diýip tekrarlapdy.
Türkmenlerde eger çaý içip oturan käsäňde boýçy dik dursa ýa-da kiçi çaga eline sübse alsa, ýakyn günlerde myhman gelýär diýlip ynanylýar. Bu ynanç esasynda atalarymyz «Gelen — döwlet, giden — mähnet» diýip, geljek myhmana öňünden taýýarlyk görüpdirler. Atalarymyz Hydyr atanyň adyny tutup uzak ýola çykypdyrlar ýa-da täze guýy, käriz gazmaga başlasalar, Şyhy Zindäniň adyny tutup, ruhy taýdan kuwwat tapypdyrlar.
Ir döwürde aw awlamakda-da çäk goýulýan eken. Awçylaryň awlaýan awy günde bir keýikden ýa-da towşan, käkilik, sülgün ýaly kiçiräk awlaryň umumy sany ýediden geçmeli däl eken. Oglan wagtlarymyzda obamyzda Berdi awçy diýip bir ýaşuly bardy. Ol awçylyk bilen baglanyşykly gürrüň bererdi. Eger awçynyň awunyň sany müňe ýetse, müňünji awy ompa oturarmyş. Şol awy atmak bolmaz eken. Şol günden başlap, awçy awçylyk pişesini taşlamaly eken. Elbetde, pederleriň bu ynanjy tebigatda bihasap zadyň ýokdugyny, oňa aýawly garamalydygyny ündeýär.
Halk arasynda nesilden-nesle geçip gelýän yrymlaryň biri-de, «Gelniň aýagy düşsün, çopanyň — taýagy» diýen ýagşy dileg bilen bagly berjaý edilýän ynançlardyr. Ötenlerimiziň öňden gelýän ynanjyna görä, çopan taýagynda hem keramat bar. Çopan taýagynyň üsti bilen rysgal beýleki bir adama ýa-da tersine, bir adamyň betbagtçylygy çopan taýagy bilen beýleki adama geçip bilýärmiş. Şonuň üçin ir zamanlarda mal eýesi sürüsine çopan tutanda, öz çopan taýagyny beripdir, çopan işden gidende-de taýagyny alyp galypdyr.
Türkmenlerde «Gije guýudan ýa-da çeşmeden suw almak bolmaýar» diýen yrym bar. Eger-de zerurlyk ýüze çykyp, guýudan ýa-da akardan suw almaly bolsa:
Essalawmaleýkim, suw aga!
El-ýüzümi ýuw, aga!
Öýümize myhman geldi,
Bir kündük suw ber, aga! —
diýen sanawajy aýdyp barmaly eken. Ýaşulularyň aýtmagyna görä, şeýle edilmegi suwuň başyna barýançaň, ukyňdan açylyp, ýykylyp-sürşüp ýörmezligiň üçin edilýän eken. Adatça, suwuň boýy her hili haýwanlaryň suw içmäge baraýmagy ýa-da ýaş-ýeleňleriň garaňkyny penalap, duşuşmaga geläýmegi mümkin ýer hasaplanypdyr. Olaryň-da hümürdini eşidip, suwuň boýundan çekilmegine ýardam beripdir.
Oglan bäbegiň göbegi düşende, ony «Ulalanda maljanly, düzdeçi, rysgally bolsun» diýip, mal-garanyň guýrugyna dakar ekenler. Gyz bäbegiň göbegi düşende, «Gyz ýetişende, eli işli, öýdeçi bolsun» diýip, ony öýde çuwalyň ýa-da haly-palasyň bir ýerine dakyp goýar ekenler. Umuman, gyz maşgalanyň eliniň çeper, görmegeý, edepli bolup ýetişmegi — ene-mamalarymyzyň öňden gelýän arzuw-islegleri. Köpügören ýaşulular häzirki güne çenli çörek çeýnemäge ýaran gyzjagazlara huruşlyk üçin soýlan malyň çeperliginiň (kentlewük) iýdirilýändigini şol yrym bilen baglanyşdyrýarlar.
Ene-mamalarymyz «Çagamyzy bela-beterlerden gorasyn» diýip, olaryň eşiklerine, tahýalaryna dagdan agajyndan ýasalan şekiljikleri dakýarlar. Halk arasynda «Dagdanly — taýmaz» diýen pähim hem bar. Şonuň ýaly-da, enelerimiz çagalarynyň goşarlaryna, injiklerine alaja örüp dakýarlar.
«Külüň, zir-zibiliň üstünden geçmeli däl», «Kir suwuny ýola dökseň, gargyşa galarsyň» diýen yrymlar özüňi hemişe medeniýetli alyp barmaga degişli aýdylan pähimlerdir.
Ýaz, güýz gyrkymynda goýunlar gyrkylyp bolandan soň, malyň eýesi gyrkymçylaryň gyrkylygyny, ellerini bir gaba ýuwup, şol suwy gyrkylan goýunlaryň üstüne sepýär. Bu yrym malyň hormatyna «Ýagyş-ýagmyr köp ýagsyn, ýer-ýurt bereketli bolsun» diýlip edilýär.
Ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz durmuşda nekirt etmek yrymyny-da ulanypdyrlar. Ýaşuly nesiller bir işiň başyny tutjak bolsalar, ýyldyz hasabyna-da eýeripdirler. Kähalatlarda şol ýyldyzsyz güne garaşyp ýörmek işi birneme kynlaşdyrypdyr. Şonuň ýaly ýagdaýda, ýaşulular nekirt etmek yrymyny ulanypdyrlar: göç etjek bolsalar, sähetli gün şol tarapa duz çykaryp goýupdyrlar, dokma ýüwürtjek bolsalar, ýere gazyk kakyp, keçe saljak bolsalar, gamşyny ýere oklap goýupdyrlar...
Ene-mamalarymyz ir döwürlerden bäri, öýde üzärlik tüsseletmegi ýa-da onuň bir dessesini dulda asyp goýmaklygy özleriniň aňyrdan gelýän yrym-ynançlaryna, däp-dessurlaryna görä ýerine ýetiripdirler.
Bütin ömrüni halk mirasyny ýygnamaga bagyşlan edebiýatçy alym Kakaly Berkeliýew: «Yrym-ynançlar milli dessurlarymyzyň aýrylmaz bir bölegidir» diýerdi. Öýde erkek kişiniň barlygyny aýan etmek üçin, öý eýesiniň daşardan gelşine öýüň şatäriminiň bir gulagyna telpegini ildirip, öýe girip gitmegi şol dessurlarymyzdan nyşan dälmidir, eýsem?!
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklaryny toplamaga, öwrenmäge, giňden wagyz etmäge uly mümkinçilikleri döreden milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, ähli tutumly işleri rowaç bolsun!
Hangylyç
TAGANGYLYJOW,
mirasgär, Türkmenistanyň ussat mugallymy.