Ýol ýörelgeden başlanýar

Döwrüň keşbi belli-belli pursatlarda has aýdyňlygy bilen açylýar. Biz ýakynda şeýle pursatlaryň birbada ikisine şaýat bolduk. Olaryň ilkinjisi 28-nji martda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegidir. Munuň özi döwlet durmuşynda täze tapgyr, täze tejribe bolup, geljege gönügen iň nurana maksatlar bilen baglanyşyklydyr. Bu saýlawlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sesleriň 100 göterim köplügini alyp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy bolsa hemmämizde çuňňur kanagatlanma duýgusyny döretdi.
Döwrüň keşbini özünde jemlän ýene-de bir möhüm pursat bolsa, öňňin, 29-njy martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde milli Liderimiziň Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakynda döwletli Karara gol çekmegidir. Hut döwlet Baştutany tarapyndan şeýle başlangyjyň öňe sürülmegi «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgäniň täze röwüşde ýüze çykmasyna öwrüldi. Milli Liderimiziň bu gaznanyň döredilmeginiň maksadyny beýan edende, Magtymguly Pyragynyň wesýetlerine ýüzlenmegi aýratyn täsirli boldy:
Ýetimi göreňde, güler ýüz bergil,
Goldan gelse, oňa tagam-duz bergil,
Bir gamly göreňde, şirin söz bergil,
Entäni goldara hemaýat ýagşy.
Biz, ine, şu iki pursadyň mysalynda bir hakykata ýene bir gezek göz ýetirýäris: aslynda, hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň mizemez ynamyny gazanmagynyň düýp özeninde adam bähbidini, onuň ählitaraplaýyn abadan durmuşyny nazarlaýan haýyrly-hikmetli, sahawatly-sagadatly işleri durandyr. Sebäbi halkyň göwnüne diňe onuň göwnündäkini bilmek bilen ýetilýär.
Täze gaznanyň adyna üns bereliň: Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy. Şunda howandarlyk, hemaýat, haýyr, sahawat ýaly durmuşy gözelleşdirýän düşünjelerdir asylly ýörelgeleriň bir ýere jemlenendigini görýäris. Ine, türkmen jemgyýetinde şol ýörelgeleriň rowaçlanmagyny hem halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen berk baglanyşdyrýar. Şoňa görä-de, täze gazna Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.
Aslynda, haýyr-sahawat işiniň giň gerim almagynyň döwrüň ösüşi, döwletiň kuwwaty bilen baglanyşyklydygyny nygtamak gerek. Muny taryh tassyklaýar. Bir mysal: Seljuklar zamanynda türkmen halky ummasyz baýap, haýyr-sahawat işleri görlüp-eşidilmedik derejede ösüpdir. Seljuk şalary, wezirler, gaýry uly wezipede işleýän adamlar, uly baýlar öz gazanjyna uly-uly metjit-medreseler, mekdepler, hassalar üçin keselhanalar gurdurypdyrlar. Dürli ýerlerde sadaka atylýan, sadaka alynýan sandyklar bolupdyr. Baý adamlar baýlygyndan goýup gaýtsalar, mätäçligi bolanlar geregini alypdyrlar. Şeýle mysallary taryhyň dürli döwürlerinden, dürli sahypalaryndan tapyp bolýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolsa Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwerlik, sahawatlylyk ýoly ýurduň çäklerinden alyslara hem baryp ýetdi. Muny diňe doganlyk Owganystana yzygiderli ugradylýan ynsanperwer kömekleriň mysalynda-da nygtap bolar. Owganystanda, Astrahanda, Gagauziýada türkmen tarapynyň serişdeleriniň hasabyna bäbekhana, metjit, mekdep ýaly binalaryň gurulmagy ynsanperwerligiň şirwan perdä çykmagydyr.
Pederlerimiziň wesýet edişi deýin, durmuşda her zadyň öz sadakasy bar: gözelligiň sadakasy — edep, utanç; diliň sadakasy — hoş söz; bedeniň sadakasy — halal zähmet; halal zähmetiň sadakasy — haýyr-sahawat, ömrüň sadakasy — ýagşy işleriň... Kişä ylym öwretmek, haýyrly perzent ýetişdirmek bolsa özüňe üznüksiz sogap çeşmesini arçamak bilen deň görlüpdir.
Halal gazanjyň belli bir möçberini haýyr-sahawata bagyşlamak — türkmençilikde öňden unalýan, ündelýän ýörelge. Hut şeýdilende, rysgyňa bereket inýändigine berk ynanylypdyr. Aslynda, “bereket”, “bermek” sözleriniň äheňi-de, mazmuny-da biri-biri bilen berk baglydyr.
Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda täsiri tereň rowaýatlar getirilýär. Olaryň hatarynda işi şowlamaýan bir ýigit ýardam-maslahat sorap, dili dogaly ulama Muhammet al-Abiwerdiniň ýanyna baranda, onuň ýaňky ýigide: “Soňky gezek haçan sadaka berdiň?”, “Soňky gezek haçan ýagşylyk etdiň?”, “Soňky gezek haçan kitap okadyň?” diýen sowallary berendigi baradaky rowaýat bar. Munuň özi külli rowaçlyklaryň hikmet-syrynyň şu üç asylly amaldadygyny kalbyňa guýýar.
Maňlaýynyň her ýygyrdynda durmuş sapaklary gizlenen halypa mugallymlarymyzyň birinden: “Bagtlylygyň we bagtyýarlygyň tapawudy nämede?” diýip soranym ýadymda. Mugallym şonda: “Olaryň parhy bu sözleriň gurluşyndanam göze-para görnüp dur ahyry! Bagtlylyk — bir pursat hem bolsa, bagtly bolmak. Bagtyýarlyk — bagtyň saňa ýar bolmagy, hemişe bagtly bolmak!” diýip, jogap beripdi.
Biziň döwrümiz — bagtyň hemişelik ýar bolan döwri!
Türkmenistan — gurply-kuwwatly döwlet.
Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň ýurdy.
Halkyň bagtyýarlygy bolsa her bir raýatyň bagtynyň jeminden döreýär. Şoňa görä-de, häzirki zamanyň giň mümkinçilikleriniň her bir raýata elýeterli bolmagyny, her bir adamyň bagtyýarlyk döwrüniň eşretlerinden çetde galman, onuň hözirini görüp bilmegini, durmuşyň synly-synagly menzillerinde kynçylyga uçranlaryň hem abadan ýaşaýşyň akymyna goşulmagyny gazanmak döwletimiziň möhüm maksatlarynyň, wajyp wezipeleriniň hatarynda durýar. Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi hem şeýle çelgilerden ugur alýar.
Onsoňam, bu işiň ähmiýeti diňe “mätäji goldamak” diýen bir jähetde çäklenmeýär. Bu döwletli başlangyç köpçüligi adamkärçilige, ynsanperwerlige çagyrýandygy, jemgyýetde nurana duýgulary has-da ösdürýändigi bilenem gymmatlydyr.
“Ähli gymmatlyklaryň güýji ynsanperwerlik, adamkärçilik kadalarynda jemlenýär. Her bir kämil jemgyýetiň binýady şol kadalaryň esasynda pugtalanýar” diýip, Gahryman Arkadagymyz “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly kitabynda nygtaýar.
Şeýle mizemez kadalara, asylly ýörelgelere rowaçlyk berýän tutumly işlerde döwrüň ynsanperwer keşbi has aýdyň açylýar.
Hawa, ýol ýörelgeden başlanýar.
Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”.