Aşgabat 140 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň giň göwrümli we aýdyň geljegi nazarlaýan beýik işleri, parasatly başlangyçlary bütin dünýäde ykrar edilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen Aşgabadyň esaslandyrylmagyna 140 ýylyň dolmagy döwletiň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny täze mazmun bilen baýlaşdyrýar.
Häzirki wagtda Aşgabady ösdürmek, täze desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly işler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanýar. Bu goşa baýramçylyga taýýarlyk işleri uly depginde alnyp barylýar.
Bu babatda döwlet Baştutanymyz öz tekliplerinidir maslahatlaryny beýan edip, işleriň gidişi hem-de täze taslamalar bilen yzygiderli tanşyp durýar. Şu ýylyň 24-nji fewralynda hormatly
Prezidentimiziň paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlap maslahat geçirmegi hem-de şäheri gurmagyň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümini, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryny, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyny öz içine alýan täze taslamalar bilen tanyşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Esasy Kanunymyzyň 24-nji maddasynda: «Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheridir» diýlip bellenilendir. Şeýle-de
Arkadag Prezidentimiz tarapyndan merjen paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň dünýä derejesindäki abraýyny artdyrmak hem-de häzirki zaman sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak barada birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň paýtagtynda amala aşyrylýan giň gerimli işleri dünýä ýaýmak, döwletimiziň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni merkezi hökmünde Aşgabat şäheriniň ornuny has-da ýokarlandyrmak, sebitde iri ylalaşdyryjy, işewürlik we medeni merkeze hem-de Aziýanyň merjen şäherine öwrülen, ak mermere beslenen paýtagtymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, Aşgabat şäheriniň gününi döretmek we ony her ýylyň 25-nji maýynda belläp geçmek hakyndaky hormatly Prezidentimiziň Permany ýakymly taryhy wakadyr.
Paýtagtymyzyň şanly taryhy ýoly bar. Bu barada hormatly
Prezidentimiz: «Aşgabat köp wakalary başyndan geçiren gadymy şäherdir» diýip belleýär. Dogrudan hem bu taryhy döwürde paýtagtymyz köp wakalary başdan geçirdi, tanalmaz derejede ösdi, özgerdi, täze binagärlik keşbine eýe bolup, ösen şäherleriň hataryna goşuldy. Paýtagtymyzyň taryhyny bilmek hemişe gyzykly hem buýsandyryjydyr. Taryhy çeşmelerdäki maglumatlara salgylansak, Aşgabat şäheri gadymdan oturymly, ozalky Aşgabat obasynyň ýerinde döräpdir. 1881-nji ýylyň ýanwarynda Aşgabat çeşmesiniň ugrunda ýerleşýän agzalan obada 800 çemesi ak öý bar eken.
Aşgabat paýtagt derejesine eýe bolandan soň, onuň özboluşly medeniýeti emele gelip, ösüp ugrapdyr. Şol döwrüň metbugatynda: «Aşgabat Türküstanyň beýleki şäherleri, şol sanda Daşkent bilen deňeşdireniňde hem çalt ösýär» diýlip bellenilipdir.
Arkadagly eýýamymyzda paýtagtymyz Aşgabat özüniň belent ösüşleri bilen dünýä görelde bolýar. Sebitiň parahatçylyk merkezine öwrülen Watanymyzyň ýüregi — merjen şäher Aşgabat dostlugyň, ösüşleriň we özgerişleriň mekany.
Paýtagtymyzda Orta Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy ýurdumyzyň täze belentliklere hem-de dünýä derejesindäki üstünliklere tarap beýgelmesiniň nyşany boldy. Bu ýerde 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi. Bu ägirt uly sport baýramçylygyna onlarça ýurtdan müňlerçe myhmanlar — sport wekiliýetleri, janköýerler, žurnalistler, syýahatçylar geldiler.
Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň 29-njy maýynda geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň barşynda öňe süren teklibi boýunça 2021-nji ýyl Arkalaşykda Binagärligiň we şähergurluşygyň ýyly hökmünde geçer. Munuň şeýle bolmagy paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramyny täze öwüşgine beslär.
Milli Liderimiziň amala aşyrýan esasy ugry halkymyzyň amatly ýaşaýşy üçin aňrybaş şertleriň döredilmegi bolup durýar. Bu syýasat şähergurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek, sebitleri toplumlaýyn ýagdaýda senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi we hususy pudagy köpugurly esasda ösdürmek boýunça wezipeleriň oňyn çözgüdine gönükdirilendir. Munuň özi mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär.
Goý, ata-babalarymyzyň döwlet gurmak, şäher gurmak ýoluny döwrebap ugurda dowam etdirip, bu hakdaky tagallalary «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgede baýlaşdyrýan
Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Gözel paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramynyň dabarasy Aşgabadyň şu günki bagtyýar nesillerini belent maksatlara, joşgunly zähmete ruhlandyrsyn!
Arslan AÝMYRADOW,
Ahal welaýat adalat bölüminiň müdiri,
1-nji derejeli ýurist.